Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanabatlylaryň dollar görgüleri


Balkanabadyň ýaşaýjylary ýurduň, şol sanda welaýatyň beýleki şäherdir-etraplaryndaky alyş-çalyş nokatlaryndan dollar satyn alyp bilmeýärler.
Balkanabadyň ýaşaýjylary ýurduň, şol sanda welaýatyň beýleki şäherdir-etraplaryndaky alyş-çalyş nokatlaryndan dollar satyn alyp bilmeýärler.

Türkmenistanda manadyň dollara görä hümmetsizlenjekdigi baradaky tassyklanmadyk maglumatlaryň fonunda paýtagtdaky, şeýle-de ýurduň beýleki künjeklerindäki alyş-çalyş nokatlarynda manadyny dollara geçirmekçi bolýan adamlaryň nobatlary peýda bolup başlady.

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki “Türkmenbaşybank”, “Daýhanbank” we “Garagum” Halkara paýdarlar banklarynyň öňünde, 1-nji iýundan 1 dollaryň 5 manada çykjakdygy baradaky ilat arasyndaky gürrüňlerden ugur alyp, elindäki manadyny dollara çalyşmakçy bolup, nobata duran onlarça ýaşaýjylary synlasa bolýar.

Emma dollara bolan talabyň artmagy bilen türkmen häkimiýetleri hem walýuta operasiýasyny geçirmekçi bolýanlara garşy dürli çäklendirmeleri girizip başladylar.

Dollar nobatlary. Balkanabat
Dollar nobatlary. Balkanabat

Balkanabadyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda diňe bu şäherde ýazgysy ýa-da, ilat arasynda aýdylyşy ýaly “propiskasy” bolanlar, dollar satyn alyp bilýärler. Ýurduň günbatar welaýatynyň beýleki ilatly punktlarynyň ýaşaýjylary, şol sanda Çelekeniň, Türkmenbaşynyň ilaty-da hökümetiň bu ýerdäki alyş-çalyş nokatlaryndan peýdalanmak mümkinçiliginden mahrum edildi. Öz gezeginde Balkanabadyň ýaşaýjylary-da ýurduň, şol sanda welaýatyň beýleki şäherdir-etraplaryndaky alyş-çalyş nokatlaryndan dollar satyn alyp bilmeýärler. Bu gadagan.

Dollar nobatlary. Balkanabat
Dollar nobatlary. Balkanabat

Munuň üstesine-de, her bir balkanbatly bir aýyň dowamynda diňe 1 müň dollar möçberinde walýuta satyn alyp bilýär. Hökümetiň bu çäklendirmesiniň doly berjaý edilmegi üçin, dollar satyn almakçy bolýan balkanbatlylaryň pasporty talap edilip, şahsy maglumatlary hem ýörite maglumat toplumyna girizilýär.

Şol bir wagtda ýokarky agzalan çäklendirmeler bilen birlikde günüň ikinji ýarymyna çenli şäheriň ähli alyş-çalyş punktlarynda diýen ýaly “dollar gutardy” diýen düşündiriş bilen, dollar satuwynyň tamamlanýandygy bellenilýär.

“Garagum” Halkara paýdalar bankynyň özüni efirde atlandyrmazlygy soran bir işgäriniň aýtmagyna görä, her bir alyş-çalyş punktuna günde diňe 15 müň dollar möçberinde pul serişdesi goýberilýär.

Dollar nobatlary. Balkanabat
Dollar nobatlary. Balkanabat

Döwletiň walýuta alyş-çalyş punktlarynyň ýaşaýjylaryň dollar talabyny doly kanagatlandyryp bilmezliginiň netijesinde şäheriň dürli künjeklerinde “gara bazar” diýlip atlandyrylýan hususy dollar söwdagärleri-de döräp başlady.

Balkanabadyň 120-nji, 147-nji kwartallaryndaky söwda nokatlarynynyň, şeýle-de “Jennet” bazarynyň belli-belli ýerlerinde hususy dollar söwdagäreleri 1 dollary 4 manatdan çalşyp berýärler.

Emma bellemeli ýeri, “gara bazaryň” söwdagärleri hukuk goraýjy organlaryň olara garşy başlan çäreleri sebäpli dollar söwdasyny ýaşrynlykda etmeli bolýarlar.

Ýatlap geçsek, 2009-njy ýyldan tä şu ýylyň ýanwaryna çenli ýurtda dollaryň bir kursy ýöreýärdi. Emma şu ýylyň başyndan Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mundan öňki kesgitlän we birnäçe ýyllap ýörän şol kursy, ýagny bir dollaryň 2,85 manada deňelen kursy, resmi suratda 3,50 manada çykaryldy.

Türkmenistanyň bank we häkimiýet resmileri häzir milli manadyň dollara görä ýene hümmetsizlenjekdigi baradaky ilat arasynda dörän gep-gürrüňleri ne tassyklaýarlar, ne-de inkär edýärler.

XS
SM
MD
LG