Aşgabadyň mekdeplerinde okuwçylardan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny satyn alyp, olary mekdebe tabşyrmak talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri anonim şertde habar berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi.
Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) türkmen häkimiýetleriniň ştatdan daşary habarçy Soltan Açylowanyň ýurduň daşyna erkin syýahat etmegine rugsat bermelidigini aýdyp, beýanat ýaýratdy.
Eýranyň Gülistan, Mazandaran ýaly demirgazyk welaýatlaryny sil suwy basdy. Bu welaýatlarda türkmenler köpçülikleýin ýaşaýarlar.
Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda esasy iýmit önümleriniň üpjünçiligi boýunça bar bolan bökdençlikler saklanyp galýar.
Balkan welaýatynyň Bereket etrabyna güýçli sil suwunyň gelenine şu gün bir hepde boldy. Etrapda sil suwunyň netijelerini arassalamak işleri belli bir derejede alnyp barylsa-da, tebigy betbagtçylykdan zyýan çeken ýaşaýjylara heniz hem kömek berilmeýär.
Aşgabadyň häkimiýetleri awtoulag eýeleri üçin täze gadaganlyk girizdiler. Mundan beýläk sürüjilere öz awtoulaglaryna dürli reňkdäki diskleri oturtmaga rugsat berilmez. Bu barada “Hronika Türkmenistan” neşiri öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp habar berýär.
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwy basdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň, döwlet edaralarynyň onlarçasyna zeper ýetdi, onlarça maşgala orta mekdepleriniň binalaryna göçürildi we Bereketdäki halkara demirýol stansiýasy ýapyldy.
Türkmenistanyň we Belarusyň Garlykdaky kaliý zawodunyň gurluşygy bilen bagly özara dawasyny halkara arbitražynda çözmäge synanyşýan wagtynda, “Belgorhimprom” döwlet kompaniýasynyň baş müdiri Wýaçeslaw Korşun News.tut.by neşrine interwýu berdi.
Türkmenistanda 21-22-nji martda Nowruz baýramy bellenilýär. Bu günler resmi taýdan dynç günleri diýlip yglan edilse-de, 21-nji martda Aşgabatda we onuň töwereginde edara-kärhanalaryň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri ýowara çykmaly edildi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda iki müňden gowrak adam ýagşyň aşagynda Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşmaga mejbur bolýar.
Türkmenistan täjik ýük ulaglarynyň öz territoriýasyndan tranzit geçmegine gadagançylyk girizen mahaly, Täjigistan öz ýük ulaglaryny Azerbaýjanyň giňişliginden tranzit geçirmek üçin Baku bilen gepleşikleri geçirýär.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaralaryň köçe süpüriji işgärleri Aşgabadyň etrapçalaryna kilka balygynyň we şöhlat önümleriniň zäherlenen bölejiklerini oklap, öýsüz jandarlary zäherleýärler we tutýarlar.
Aşgabadyň köçelerinde zenan sürüjileriň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy bilen bagly çäre we dürli reňkdäki ulaglary sürmäge girizilen gadagançylyk dowam edýär; hökümete degişli edara-kärhanalarda işleýän aýal-gyzlaryň ulag sürmegine çäklendirme girizilmeýär.
Daşogzuň bazarlarynda ýurduň ýörite gulluklarynyň raýat eşigindäki işgärleriniň telefonynda surata ýa-da wideo düşürýän adamlary saklap, polisiýa merkezine alyp gitmek çäresi güýçlenýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Aşgabatda ýaşaýjylar gazyň, elektrik togunyň we suwuň mugt döwründe sarp eden serişdeleri üçin ýokarlandyrylan, täze nyrhlarda töleg tölemäge mejbur edilýär.
Özbegistanyň Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabyndaky “Uly howly” atly taryhy ýadygärligiň golaýynda ýerleşýän özbek-türkmen Dostluk öýi işläp başlady.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba etmegine garaşylýan sapary döwründe, ony garşy almaga gatnaşjak mekdep okuwçylaryndan täze egin-eşikleri satyn almak ýa-da tikinmek talap edilýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn günlerde Lebaba etmegine garaşylýan sapary bilen baglylykda, Türkmenabat şäherindäki köp gatly jaýlaryň üçeklerine gulp asylyp, möhürlendi we türkmen-özbek serhedi wagtlaýyn ýapyldy.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek meselesiniň haýal çözülýändigini boýun alyp, wise-premýerlere ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy.
Ýene-de ýükle