Ýaşaýyş jaý problemasy Türkmenistanyň Balkan welaýatynda hem ýiti duýulýar. Regionyň hususan-da Gazanjyk etrabynda ençeme maşgalanyň 16 ýyl mundan ozal ýertitreme zerarly zeper ýeten jaýlarynda, töwekgelçilikli şertlerde ýaşamaly bolýandygy habar berilýär.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça kömekçisi Nişa Biswal soňky döwürde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna edilýän basyşlar barada alada bildirdi.
Žurnalistleri goraýan komitet we “Serhetsiz reaportýorlar” guramasy türkmenistanly žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň tiz boşadylmagyny talap edip, beýanat ýaýratdylar.
Balkanabatly žurnalist we graždan aktiwisti Saparmämmet Nepesgulyýewiň tussag edildi, ol Türkmenistandan Alternatiw maglumatlary çap edýän Habartm.org websaýty, Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýärdi.
Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş regionynda “Talybana” garşy harby operasiýalara taýýarlyk görülýär. Onuň soňky iki hepdede söweşijiler tarapyndan basylyp alnan obalary yzyna almaga niýetlenýändigi aýdylýar.
Türkiýäniň resmi ”Anadolu Habar Ajansiniň” 22-nji iýulda Türkiýäniň harbylaryna salgylanyp çap eden maglumatyna görä, bu ýurtda diňe şu ýylyň dowamynda Siriýa barýan 29 türkmenistanly tussag edilipdir.
Prezident Berdimuhamedow käbir ýolbaşçylaryň “ýaramaz işleýändiginiň” barlaglaryň netijesinde anyklanandygyny aýtdy. Türkmenistanyň prezidenti kemçilikleriň arasynda korrupsiýa problemasynyň hem bardygyny belledi.
Eýýäm iki hepdeden gowrak wagt bäri Aşgabadyň demirgazyk tarapyndaky Gurtly kölüne we gündogaryndaky öňki Sport kölüniň golaýyndaky suw howdanyna barýan ýollar ýapyldy.
2015-nji ýylyň iýun aýy, Türkmenistanda howanyň temperaturasy ölçelip başlanaly bäri, iň gyzgyn aý hökmünde hasaba alyndy. 30-njy iýunda Aşgabatda howa 47.2 gradusa çenli baryp ýetipdir.
Türkmen telewideniýesinde görkezilýän şekillerden çen tutulsa, prezident G.Berdimuhamedowyň doglan güni bilen baglanyşykly geçirilýän konsert dabarlary heniz hem dowam edýän ýaly bolup görünýär.
G.Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli Türkmenistanda geçirilen çäreler we onuň adyna Aşgabatda açylan seýilgäh baradaky waka dünýäniň dürli ýurtlarynyň metbugat serişdelerinde özboluşly ýaň tapdy.
Türkmenistanda şu gün, ýagny 29-njy iýunda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bellenilip geçilýär. Bu sene mynasybetli türkmen telewideniýesinde Berdimuhamedowa bagyşlanan aýdym-sazly gepleşikler goýberilýär.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Medeniýet hepdeligi dowam edýär. 22-29-njy iýun aralygynda dowam etjek çärä diňe kesgitlenen adamlaryň gatnaşdyrylýandygy, ýagny adaty adamlaryň baryp bilmeýändigi habar berilýär.
Aşgabadyň kiçi etrapçalarynyň ençemesinde agyz suwunyň wagta-wagtal kesilip durmagyna, ýaşaýjylara suwuň belli wagt aralyklarynda berilmegine eýýäm bir hepdeden gowrak wagt boldy.
Aşgabadyň Çoganly daçalyklaryndaky jaýlaryň doly ýumrulandygy habar berilýär. Bu sebitde diňe tamdyrlar ýykylman galyp, belli-belli ýerlerde bolsa gum depeleri döredilipdir.
Aşgabadyň köçeleriniň birinde amala aşyrylýan gurluşygyň Goçgarata gonamçylygynyň üstünden geçýändigi habar berilýär. Bu sebitde gurulýan köpriniň köçä birikýän ýeri öwlüýäniň kiçi böleginiň üstünden geçýär.
17-nji iýunda Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan bilen adam hukuklary boýunça dialog geçirýär. HRW guramasy dialogda türkmen tarapynyň öz üstüne alan borçlarynyň berjaý edişine üns bermäge çagyrýar.
Lebap welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Dostluk şäherçesiniň ýaşaýjysy 2008-nji ýyldan bäri öz oglunyň işe ýerleşip bilmeýändigini habar berýär.
Aşgabatda şäheri abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde Parahat-1,2 mikroraýonlaryndaky köpgatly jaýlaryň käbirleriniň daşyna mundan 1-2 ýyl öň haýatlar aýlanypdy.
Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýada adam hukuklary meselesine has çynlakaý üns bermäge taýynlanýar. Bu maglumat agzalýan Bileleşigiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynda nygtalýar.
Ýene-de ýükle