Türkmenistana sapar bilen gelen S.Lawrow ýurduň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşiklerden soň beren maglumatynda goşa raýatlygyna eýe bolan adamlaryň ýagdaýyna hem garalandygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşraf Ganiniň arasynda ikiçäk, şeýle-de giňeldilen görnüşde bolan gepleşiklerde iki ýuduň özara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary barada gürrüň edildi.
ÝHHG-niň Media azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Internet baradaky täze kanunynyň internet elýeterligini artdyrmaga mümkinçilik berip biljekdigini belläp, şol bir wagtda-da...
Özbegistanda – ol ýerden soňra Türkmenistana geçirmek planlaşdyrylan – geroin ele salyndy. Soňky döwürde ýurda neşäni geçirjek bolanlaryň ençemesiniň tutulandygy barada maglumatlar gowuşýar.
“Transparency International” guramasynyň täze hasabatynda Türkmenistan 175 ýurduň arasyndan 169-njy orunda ýerleşdirilip, ýurtdaky korrupsiýanyň derejesine 17 bal berlipdir.
Türkiýäniň prezidentiniň tagallasy bilen Türkmenistan Eýrandan geçilýän Lütfabad serhet geçelgesinden geçmeli ýük ulaglarynyň mümkinçiligini 50% artdyrdyrandygy aýdylýar. Emma...
Türkmenistanyň prezidenti Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurduň “harby kuwwatyny güýçlendirmek” barada hem aýratyn durup geçdi.
Azatlyk Radiosyna sowuk güýz gijelerini köçede geçirmekden başga çäresiniň galmandygyny gürrüň beren Adalatyň ykbaly biziň okyjylarymyzyň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Azeri resmisi “Hazaryň aşagyndan Türkmenistandan Azerbaýjana çekiljek Transhazar gazgeçirijisi deňziň töweregindäki beýleki ýuratlar bilen umumy ylalaşygy talap etmeýär” diýip belledi.
Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetiniň (HTTU) futbol topary Aziýa futbol konfederasiýasynyň (AFC) Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykmagy başardy.
Daşoguzda dört ýaşly çaganyň ejesi “galp” aýyplamalar bilen, “bikanun” ýagdaýda türme tussaglygyna höküm edildi diýip, “Ýegowa şaýatlary” dini akymynyň resmi websaýtynda maglumat berilýär.
Eýran resmisi “Eýran türkmen gazynyň importyny duruzmaz” diýýär. Bu eýranyň nebit ministriniň “Eýran Türkmenistandan tebigy gaz import etmäge mätäç däl” diýen çykyşynyň yzysüre edildi.
Eýranyň nebit ministri “Eýranyň türkmen gazyny ýeke sebäpden, ýagny Türkmenistan bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklary saklamagyň möhümliginiň hatyrasyna satyn alýandygyny" aýtdy.
Azatlyk Radiosy geçen hepde açylan “Eger Orsýet Türkmenistany anneksiýa etse...” diýen ýörite foruma gelen ýüze golaý teswiriň käbirlerini dykgatyňyza hödürleýär.
Owganystanyň demirgazygyndaky Garkyn etrabynyň ýaşaýjysy, etniki türkmen Abdul Gapbar 2004-nji ýylda türkmenistanly serhetçiler tarapyndan tussag edilendigini aýdýar.
Sişenbe güni Krym ýarymadasyny Russiýa Federasiýasynyň düzümine goşmak boýunça, halkara derejesinde ykrar edilmedik ylalaşyklara gol goýuldy. Bu ýagdaý Türkmenistanda nähili garşylandy?
Türkmenistanda daşary ýurt bilim ojaklary tarapyndan berlen diplomlaryň ykrar edilmegi “wagtlaýynça” duruzulýar. Bu baradaky bildirişler ýurduň degişli bilim guramalarynyň binalarynda ýerleşdirilipdir.
Türkmen-owgan araçäginde graždan eşigindäki ýaragly adamlaryň bir topary bu sebiti, hususan-da Türkmenistana barýan serhedi, “Talyban” hereketinden goraýandygyny aýdýar.
Azaltyk Radiosy Türkmenistan tarapyndan resmi derejede inkär edilen Russiýanyň habar serişdelerindäki käbir maglumatlara syn edip, olaryň sanawyny taýýarlady.
Türkmenistanyň harby pudagynyň esasy maksady bu ýurdy goramak däl-de, eýse peşeneli harby paradlary geçirmek diýip, Halkara parahatçylyk boýunça Stokgolmyň barlag institutynda çap bolan ylmy işde bellenilýär.
Ýene-de ýükle