Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"TI": Türkmenistan durgunlyga uçrady


“Korrupsiýanyň görkezijileri” atly hasabat
“Korrupsiýanyň görkezijileri” atly hasabat

Parahorluga garşy çykýan “Transparency International” guramasynyň maglumatyna görä, ozalky sowet giňişliginde we balkan ýurtlarynda korrupsiýanyň derejesi gözilginç bolup galýar.

Düýbi Berlinde ýerleşýän guramanyň 3-nji dekabrda ýaýradan “Korrupsiýanyň görkezijileri” atly hasabatynda 175 ýurda syn edilip, olar korrupsiýanyň derejesine görä, ýörite sanawda ýerleşdirildi. Hasabatda her bir döwlete 0-dan 100-e çenli bal berlip: “0” – korrupsiýanyň iň erbet derejesini; 100 hem parahorlugyň düýbünden ýoklugyny aňladýar.

Türkmenistan 175 ýurduň arasyndan 169-njy orunda ýerleşdirilip, ýurtdaky korrupsiýanyň derejesine 17 bal berlipdir.

"Durgunlyk"

“Transparency International” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça koordinatory Swetlana Sawitskaýa Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna Türkmenistandaky korrupsiýanyň derejesiniň “ýyldan-ýyla üýtgemän gelýändigini” aýtdy.

Sawitskaýa: “Türkmenistan, öňden adat bolşy ýaly, biziň sanawymyzyň soňky orunlarynda ýer alýar. Bu ýerde ýene ýurda berilýän bala hem üns bermeli. Belläp geçsek, Türkmenistana geçen ýylam, şondan soňky ýylam şol bir bal – 17 bal berildi; ol duran ýerinde dur. Ýurtda [korrupsiýa babatynda] doly durgunlyk emele geldi” diýdi.

Sawitskaýa Türkmenistanda “giň ýaýran parahorlugyň” bäri-bärde üýtgejekdigine hiç hili yşaratyň, umuman, hiç hili “umydyň hem ýokdugyny” sözüniň üstüne goşdy.

Gepiň gerdişine görä belläp geçsek, hasabatda Türkmenistandaky korrupsiýanyň ýagdaýy beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyňka garanyňda hem has erbet bolup galýar.

Beýlekiler

Şu ýylky hasabata görä, iň korrumpirlenen döwletler Demirgazyk Koreýa we Somali boldular.

Kanunlaryň berk berjaý edilişine, graždan jemgyýeçiliginiň goldawyna we dolandyryşdaky açyklygyna ýokary baha berlen Daniýa, eýýäm ençeme ýyldan bäri “Transparency International” guramasynyň sanawynda ilkinji gowy orunda ýerleşdirilýär.

Hasabatda bellenişi ýaly, ýokary derejeli resmiler öz wezipe ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, döwletiň serişdelerini öz bähbidi üçin “tozduranlarynda”, olar ykdysady ösüşe böwet bolup, korrupsiýanyň ösmegine itergi berýärler.

“Transparency International” guramasynyň “Korrupsiýanyň görkezijileri” atly hasabaty bu ýyl eýýäm 20-nji gezek ýaýradylýar.

XS
SM
MD
LG