Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow siliň täsirini agzamazdan, gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy


Türkmenistanda ekin ekýän traktor. Illýustrasiýa suraty.
Türkmenistanda ekin ekýän traktor. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly mejlisini geçirdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, mejlisde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda soňky 4 aýda bitirilen işlere garalypdyr.

Mejlisiň dowamynda döwlet baştutany oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe ýüzlenip, ýurtda alnyp barylýan “gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi” tabşyrdy diýip, döwlet metbugaty habar berýär.

Esenmyrat Orazgeldiýew mejlisde hasabat bilen eden çykyşynda “şu günler welaýatlarda gowaça ekişini üstünlikli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleriň görülýändigini” aýtdy.

Türkmenistanda köpçülikleýin gowaça ekmek işlerine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary biraz giç — 27-nji martda girişdiler.

Ýurtda gowaça ekiş işlerine resmi derejede girişileni bäri 45 günden gowrak wagt geçdi. Hökümet resmileri “gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmak” barada maslahat edýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bahar aýlarynda ýagan dowamly ýagyşlar Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynda gowaça meýdanlaryny hatardan çykardy.

30-njy aprelde Azatlyk Radiosyna maglumat beren ýerli habarçynyň sözlerine görä, ençeme kärendeçi silde zaýa bolan gowaça ekinlerini täzeden ekmeli bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

Ýöne hökümet mejlislerinde sil sebäpli hatardan çykan gowaça meýdanlary ýa-da kärendeçileriň gapaklan gowaça ýerlerini söküp täzeden ekmäge mejbur boluşlary barada gürrüň gozgalmaýar.

Türkmen prezidenti soňky geçirýän hökümet maslahatlarynda yzly-yzyna ýurtda gowaça ekişiniň barşy bilen gyzyklandy, şeýle-de olaryň dowamynda bugdaý oragyna taýýarlyk işleriniň ähmiýetini agzady.

Bahar aýlarynda Türkmenistanyň dürli künjeklerine gelen güýçli sil ýerli ilatyň gündelik durmuşyna, ýerlerde ekerançylyga oňaýsyz täsir etdi.

Martyň ikinji ongünlüginde ýurduň günorta-günbatar çäginde dörän durnuksyz howa şertleri güýçli siliň gelmegine getirdi. Aprel aýynyň ortalaryna çenli wagtal-wagtal ýurduň dürli künjegine dowamly ýagyşlaryň ýagmagy dowam etdi; 13-nji aprelde Ahal we Mary welaýatlaryna-da güýçli sil geldi.

Ýerli habarçylar bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylar oba hojalyk ekinleriniň silden ejir çekendigini gürrüň berdiler.

Serhetabada sil geldi
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:30 0:00

Serhedabada gelen silden düşürilen wideo

19-njy aprelde “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri hem ýurduň günortasyna ýagan ýagyşlaryň oba hojalyk ekinlerine zarba urandygyny habar berdi.

19-njy aprelde geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti bu ýylky ygally howany tassyklap, onuň ýol açan ýaramaz täsirini agzamazdan, ýagşyň meýdan otlarynyň bol bolmagyna getirendigini aýtdy.

Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Halkara hukuk toparlary türkmen hökümetiniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt edýär.

XS
SM
MD
LG