Tel: +7 495 739 1818
15-nji awgustda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň baş harby ýolbaşçysy, general Deýwid Petreusyň ýolbaşçylyk etmegindäki delegasiýa Aşgabada bardy.
Hazar ýaka döwletleriň “Nabukko” proýektine goşulmagyny isleýän Ýewropa Bileleşigi türkmen-azeri dawasynyň çözgüdi ugrunda nähili hereket edip biler?
Türkmenistanyň hökümeti ýurtda güýçli ykdysady ösüşiň bardygyny, pudaklaryň köpüsinde önümçilik taýdan ösüşiň gazanylandygyny gazanyl yglan etdi.
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça daşarky gatnaşyklaryndaky öz garaýşyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda aýdyldy.
Häzirki wagtda Türkmenistandan Eýrana tarap çekilýän gaz turbasynyň 6 kilometriniň gurlanlygy we turbanyň ýene 18 kilometr gurluşygy üçin taýýarlyklaryň görlenligi habar berildi.
ÝHHG-nyň we Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutyň guramagynda Aşgabatda iki günlük seminar geçirildi.
Türkmenistanyň Guruşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrine käýinç yglan edildi. Hökümet maslahatynda käbir beýleki ýokary derejeli resmileriň işlerine-de garaldy.
Daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin ýurduň daşyna çykmaga synanyşýan ýaşlaryň ähli transport ulaglardan düşürilýänligi barada birnäçe internet saýtlarda habar berildi.
Prezident Berdimuhamedow, Hazar deňzindäki ýataklar boýunça gepleşikleriň netijesiz tamamlanmagynda Azerbeýjan tarapyny aýyplady.
Türkmenistanda Geňeşliklere geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri tiz wagtda yglan ediler. Saýlawlara ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 95,7% bolanlygy habar berildi.
Aşgabatdaky türkmen-rumyn gepleşiklerinde, energiýa hyzmatdaşlygynyň we şol sanda NABUCCO proýektiniň esasy mesele hökmünde maslahat edilendigi çak edilýär.
Synçylar türkmen kölüniň gurluşygynyň dogrudan hem öň görülip eşidilmedik wakadygy bilen ylalaşýarlar. Emma bu kölüň ýurduň we regionyň ekologiýasyna diňe oňyn netije berjekdigine ekspertler şübheli garaýarlar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine görä, Hazar deňziniň bölünşigi boýunça ýurduň pozisiýasy, halkara kanunlarynyň kadalary esasynda adalatlylyk prinsipleriniň ulanylmagyna ylalaşmakdan ybarat.
Türkmenistan bilim ugrundan daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegini dowam etdirýär. Häzirki wagtda bu pudakda başga nähili işler zerur?
Geosyýasy taýdan uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen harby taýdan alyp barýan hyzmatdaşlygyna ünsler ýokarlandy.
Aşgabatdaky türkmen-hytaý gepleşiklerinde, taraplar energiýa hyzmatdaşlygynyň özara gatnaşyklaryň iň möhüm ugry bolup durýandygyny tassykladylar.
Türkmen gazynyň Orsyýet üçin bahasyna gaýtadan garamak meselesiniň “Gazprom” we “Türkmengaz” döwlet konserniniň resmileriniň arasynda 23-nji iýunda maslahat ediljekdigi habar berilipdi.
Waşingtonda boljak türkmen-amerikan gepleşikleriniň öňüsyrasynda, adam hukuklary boýunça Human Rights Watch guramasy ABŞ-niň Döwlet sekretarynyň adyna açyk hat ýollady.