Aşgabadyň pozisiýasyna görä, Hazar deňziniň düýbüniň we tebigy baýlyklarynyň bölünişigi serhetdeş döwletleriň arasynda baglaşylan ylalaşyklar esasynda amala aşyrylmaly. Ylalaşyklar baglaşylmadyk ýagdaýynda bolsa, ortaça araçäk liniýasy serhet hökmünde ulanylmaly.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda aýdyldy. Beýannama görä, şu nukdaýnazardan Hazar ýaka döwletleri arasynda degerli ylalaşyklar baglaşylmazdan, deňziň belli bir böleklerinde islendik birtaraplaýyn işleriň amala aşyrylmagyny Türkmenistan ýerliksiz hasap edýär.
Gepleşikleriň taryhy
2002-nji ýylda Aşgabatda we 2007-nji ýylda Tähranda sammit geçirilipdi. 1996-njy ýylda Hazar ýaka döwletleriniň Daşary işler ministleriniň orunbasarlary derejesinde ýörite işçi topar döredilipdi.
Şu çaka çenli bu toparyň 25 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň diňe Azerbeýjan bilen geçiren gepleşikleriniň sanynyň bolsa 16-a ýetenligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň öňki diplomaty, ýurduň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamow türkmen-azeri dawasynyň uzaga çekmeginiň meseläniň çözgüdini kynlaşdyranlygyny aýtdy.
“Sowet Soýuzy döwründe nähili bolsa-da, serhet bardy. Soýuz darganda, şol serhedi saklajak bolmalydy. Häzirki hökümetiň üstüne düşen agram bu mesele boýunça Nyýazow döwründen galan uly problema. Şol döwürde Nyýazow meseläni çözmekde wagt ýitirdi” diýip, Nurmuhammet Hanamow aýtdy.
Halkara kanunlaryna daýanýar
Türkmenistan hemmeler tarapyndan ykrar edilen prinsiplere we halkara kanunlara daýanýanlygyny yglan edýär, şeýle-de halkara kanunlarynyň Hazar ýaka döwletlerine özara bähbitlerde deňagramlylygy saklamaga we real netije gazanmaga ýardam berýänligini belleýär.
Ýakynda Türkmenistan özüniň halkara arbitraž suduna ýüz tutmak kararyna gelendigini yglan etdi. 24-nji iýuldaky hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine halkara arbitraž suduna ýüz tutmak üçin abraýly halkara ekspertleriniň we ýuristleriň gatnaşmagynda zerur dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hazar problemasy boýunça soňky beýannamasyny azerbeýjan tarapynyň entek kommentirlemänligini “Turan” agentligi belledi.
Apşeron we Žiloý adasy
Hem Aşgabat, hem Baku Hazar deňziniň bölekleriniň ortaky liniýa esasynda kesgitlenmegini talap edýärler. Emma bu ýerde Azerbeýjanyň Apşeron ýarym adasy we Žiloý adasy taraplar arasyndaky esasy gapma-garşylyklaryň biri bolup durýar.
Soňky beýannamasynda Türkmenistanyň DIM-i Apşeron we Žiloý adasy hasaba alynmaly däl diýip, hasaplaýanlygyny mälim etdi.
Azerbeýjanyň Nebiti öwreniş merkeziniň müdiri Ilhan Şaban Türkmenistanyň bu talaby ýerine ýetiriljek bolsa, onda Azerbeýjanyň hem Türkmenistanyň serhedine degişli öz talaplaryny öňe sürmäge haklydygyny aýtdy.
“Onda Azerbeýjan, türkmen kenarynyň Garabogazköl aýlagyndan kesgitlenmegini talap edip, arza bilen ýüz tutmaga hakly. Sebäbi 1980-nji ýylda bu aýlag bent bilen beklenipdi, emma 1984-nji ýylda ekologik betbagytçylyk howpunyň döremegi sebäpli bent gatla bilen çalşylypdy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhedi şol bent goýlan ýerden hasaplanýar”, diýip Ilhan Şaban aýtdy.
Iri proýektere päsgelçilik
Hazar deňziniň statusynyň kesgitsiz galmagy we goňşy döwletleriň ylalaşyksyzlygy regionyň energiýa serişdelerini özleşdirmek we halkara bazarlaryna çykarmak boýunça iri proýektleriň öňüne hem böwet bolýar.
Marko Papiçe salgylanyp, Azerbeýjanyň “Turan” agentligi Aşgabadyň halkara arbitraž suduna ýüz tutmak kararyny Türkmenistana daşardan, has takygy Orsýet tarapyndan, basyş edilmegi bilen düşündirýär.
Aşgabadyň bu kararynyň aňyrsynda Tähranyň duranlygy barada hem çaklamalar bar. Azerbeýjanyň Syýasy täzelikler we tehnologiýalar merkeziniň müdiri Mubariz Ahmedoglunyň pikirine görä, “Nabukko” proýekti boýunça çynlakaý kararlar kabul edilýärkä, Eýran Aşgabat bilen Bakuwy bir birine garşy goýmaga çalyşýar.
Ekspertiň pikirini öz maglumatynda ýerleşdiren “Gundogar” Internet saýtynyň ýazmagyna görä, soňky wagtda Orsýet türkmen gazyny satyn almakdan ýüz öwüren bolsa, Eýran goşmaça gaz almak barada Türkmenistan bilen ylalaşyk baglaşdy.
Ýa düşünişmeli ýa-da düşünişmeli
Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Türkmenistan hakykatdanam öz gaz serişdelerini ýewropanyň bazarlaryna çykarmak islese, Hazar deňziniň statusyny kesgitlemek üçin iň bärkisi Azerbeýjan bilen özara ylalaşyga gelmegiň ýollaryny gözlemeli bolar.
Hazar deňzine degişli taraplarda bar bolan dokumentleriň kämil we kesgitli däldigi hem, meseläniň halkara edaralarynda çözülmegi üçin kynçylyk döredýär diýip, Hanamow belleýär.
“Turan” agentliginiň maglumatyna görä, Günbatar bilen Baku “Nabukko” proýekti bilen baglylykda Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýärler. Şeýle ýagdaýda Aşgabat özi üçin örän amatly pozisiýany eýeleýär diýip, analitik Marko Papiç hasap edýär. Onuň pikirine görä, şonuň üçin Türkmenistan Hazar deňzindäki ýataklaryň eýeçiligi kesgitlenende, maksimal peýda gazanmaga çalyşar.
Öz nobatynda Ilhan Şaban türkmen-azerbeýjan dawasyndan çykalga, “taraplaryň geljege pragmatik garamak islegine bagly bolar” diýip, hasap edýär.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda aýdyldy. Beýannama görä, şu nukdaýnazardan Hazar ýaka döwletleri arasynda degerli ylalaşyklar baglaşylmazdan, deňziň belli bir böleklerinde islendik birtaraplaýyn işleriň amala aşyrylmagyny Türkmenistan ýerliksiz hasap edýär.
Gepleşikleriň taryhy
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Tähranda geçirilen sammitinde, 16-njy oktýabr, 2007 ý.
Hazar deňziniň statusy boýunça bäş deňiz ýaka döwletleri ýurt baştutanlarynyň we ekspertleriň derejesinde özara duşuşyklaryň ençemesini geçirdiler. 2002-nji ýylda Aşgabatda we 2007-nji ýylda Tähranda sammit geçirilipdi. 1996-njy ýylda Hazar ýaka döwletleriniň Daşary işler ministleriniň orunbasarlary derejesinde ýörite işçi topar döredilipdi.
Şu çaka çenli bu toparyň 25 maslahaty geçirilip, Türkmenistanyň diňe Azerbeýjan bilen geçiren gepleşikleriniň sanynyň bolsa 16-a ýetenligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda aýdylýar.
Türkmenistanyň öňki diplomaty, ýurduň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamow türkmen-azeri dawasynyň uzaga çekmeginiň meseläniň çözgüdini kynlaşdyranlygyny aýtdy.
“Sowet Soýuzy döwründe nähili bolsa-da, serhet bardy. Soýuz darganda, şol serhedi saklajak bolmalydy. Häzirki hökümetiň üstüne düşen agram bu mesele boýunça Nyýazow döwründen galan uly problema. Şol döwürde Nyýazow meseläni çözmekde wagt ýitirdi” diýip, Nurmuhammet Hanamow aýtdy.
Halkara kanunlaryna daýanýar
Türkmenistan hemmeler tarapyndan ykrar edilen prinsiplere we halkara kanunlara daýanýanlygyny yglan edýär, şeýle-de halkara kanunlarynyň Hazar ýaka döwletlerine özara bähbitlerde deňagramlylygy saklamaga we real netije gazanmaga ýardam berýänligini belleýär.
Ýakynda Türkmenistan özüniň halkara arbitraž suduna ýüz tutmak kararyna gelendigini yglan etdi. 24-nji iýuldaky hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine halkara arbitraž suduna ýüz tutmak üçin abraýly halkara ekspertleriniň we ýuristleriň gatnaşmagynda zerur dokumentleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hazar problemasy boýunça soňky beýannamasyny azerbeýjan tarapynyň entek kommentirlemänligini “Turan” agentligi belledi.
Apşeron we Žiloý adasy
Hem Aşgabat, hem Baku Hazar deňziniň bölekleriniň ortaky liniýa esasynda kesgitlenmegini talap edýärler. Emma bu ýerde Azerbeýjanyň Apşeron ýarym adasy we Žiloý adasy taraplar arasyndaky esasy gapma-garşylyklaryň biri bolup durýar.
Soňky beýannamasynda Türkmenistanyň DIM-i Apşeron we Žiloý adasy hasaba alynmaly däl diýip, hasaplaýanlygyny mälim etdi.
Azerbeýjanyň Nebiti öwreniş merkeziniň müdiri Ilhan Şaban Türkmenistanyň bu talaby ýerine ýetiriljek bolsa, onda Azerbeýjanyň hem Türkmenistanyň serhedine degişli öz talaplaryny öňe sürmäge haklydygyny aýtdy.
“Onda Azerbeýjan, türkmen kenarynyň Garabogazköl aýlagyndan kesgitlenmegini talap edip, arza bilen ýüz tutmaga hakly. Sebäbi 1980-nji ýylda bu aýlag bent bilen beklenipdi, emma 1984-nji ýylda ekologik betbagytçylyk howpunyň döremegi sebäpli bent gatla bilen çalşylypdy. Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistanyň serhedi şol bent goýlan ýerden hasaplanýar”, diýip Ilhan Şaban aýtdy.
Iri proýektere päsgelçilik
Hazar deňziniň statusynyň kesgitsiz galmagy we goňşy döwletleriň ylalaşyksyzlygy regionyň energiýa serişdelerini özleşdirmek we halkara bazarlaryna çykarmak boýunça iri proýektleriň öňüne hem böwet bolýar.
Azerbeýjanyň prezidenti Ilham Aliýew Budapeştde geçirilen Nabukko sammitinde, 27-nji ýanwar, 2009 ý.
“Stratfor” agentliginiň analitigi Marko Papiçiň pikirine görä, Türkmenistan gatnaşmasa, ÝB-niň öňe sürýän “Nabukko” proýektini durmuşa geçirmek mümkin däl. Şonuň üçin Aşgabat muňa göz ýetirip, öz pozisiýasyndan peýdalanmaga çalyşýar. Marko Papiçe salgylanyp, Azerbeýjanyň “Turan” agentligi Aşgabadyň halkara arbitraž suduna ýüz tutmak kararyny Türkmenistana daşardan, has takygy Orsýet tarapyndan, basyş edilmegi bilen düşündirýär.