Saýlaw gününiň dowamynda ses berişligiň gidişine bir ýarym müňden gowrak milli synçylarynyň gözegçilik edenligi, olaryň arasynda prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we ynsan hukuklary boýunça milli institutynyň synçylarynyň hem bolanlygy maglumatda aýdylýar we şol synçylaryň saýlawlar demokratik esasda we ilatyň ýokary aktiwliginde geçirildi diýip baha berenligini ýazdy.
Geňeşliklere geçirilen bu saýlawlaryň türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny berkitmek ugrunda nobatdaky möhüm ädim bolup, ýurtda “prezidentiň inisiatiwasy bilen amala aşyrylýan reformalar nukdaý nazaryndan aýratyn ähmiýete eýedigini we häzirki wagtda Türkmenistanda demokratik prosessleriň yzaöwrülmesiz häsiýetiniň subutnamasy bolup durýanlygyny” Türkmen Döwlet Habarlar gullugy ýazdy. Geňeşliklere saýlawlaryň giň alternatiwa esasynda geçirilenligi hem aýratyn nygtaldy.
Ozalky türkmen deputaty syn berýär
Soňky döwürde ýurtda saýlawlaryň geçirilişiniň ozalkysyndan belli bir derejede tapawutlanýanlygyny synçylar hem aýdýarlar. Türkmenistanyň parlamentiniň ozalky deputaty Halmyrat Söýünow aratapawutlary şeýle kesgitledi: “Bärde belläp geçmeli bir zat, Berdimuhamedowyň döwründe geçirilýän saýlawlar goý parlamente bolsun, goý ýerli Geňeşlere, olaryň Nyýazowyň döwründäki saýlawlardan kem-kes tapawutlanýan ýeri, Nyýazowyň döwründe her bir okruga bir adam bellenerdi meselem, şol adam hem parlamente ýa-da ýerli Geňeşe geler.”
“Ýurduň saýlaw prosessiniň geçirilişindäki käbir üýtgeşikliklere garamazdan, ses berişlikleriň geçirilişi we yzýany saýlanan häkimiýet organlarynyň işleýşi demokratik kadalaryna gabat gelmeýär” diýip, Halmyrat Söýünow aýtdy we saýlawlar geçirilýan organlarynyň kanun tarapyndan ykrar edilen ygtyýarlyklaryndan peýdalanmaga ukybyna şübhe bildirdi.
“Türkmeninform” Internet saýtynyň ýazmagyna görä, Konstitusiýa laýyklykda, Geňeşlikler regionlaryň sosial, ykdysady we medeni ösüşiniň ugurlaryny kesgitlemeli. Şeýle-de olar tebigy resurlarynyň maksada laýyk ulanylmagy we töwerek-daşy goramak boýunça çäreleri hem amala aşyrmaly.
Ýerli Geňeşlikleriň agzlarynyň öňünde jemgyýetçilik we önümçilik gatnaşyklaryny täzelemek, şeýle-de oba ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini galdyrmak, has takygy 2020-nji ýyla çenli oba ýerleriniň sosial durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça prezidentiň programmasyny ýerine ýetirmek bilen bagly giň derejeli meseleleriň duranlygy, Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň maglumatynda aýdylýar.
Resmi maglumatlar we görkezijiler
Türkmenistan.ru internet gazetiniň maglumatyna görä, geňeşlerdäki 6220 orna jemi 12455 kandidat, ýagny her bir orna azyndan iki adam dalaş etdi. Olaryň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleridigi, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleridigi aýdyldy.
Resmi maglumatlarda, geňeşliklere saýlawlara ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 95,7 % -den ybarat bolanlygy habar berildi. Öz nobatynda Türkmenistandaky habarçylarymyz, saýlaw güni aýdym-saz bilen dabaraly ýagdaýda, baýdaklar we “Galkynyş eýýämini” wasp edýän şygarlar bilen bezelen saýlaw uçastoklaryna az adamyň baranlygyny habar berdiler.
Halmyrat Söýünow, Türkmenistanda saýlawlara ilatyň gatnaşyk derejesiniň resmi taýdan adatça 90 prosentden ýokary diýip yglan edilip gelinýänligini emma iş ýüzünde ilatyň örän seýrek gatnaşýanlygyny we öz nobatynda ýurtda geçirilýän saýlawlara halkyň gatnaşyk derejesiniň pesdiginiň adamlaryň häkimiýetlere ynam derejesini görkezýänligini belledi.
Halmyrat Söýünowyň pikirine görä, häkimiýet bilen halkyň arasynda ynamyň we aragatnaşygyň döremegi üçin ýurtda syýasy reformalaryň geçirilmegi zerur.