Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Türkmenistan bilen serhedini berkidýär


Gazak resmileri bu karara edil häzirki döwürde gelinmeginiň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermediler.
Gazak resmileri bu karara edil häzirki döwürde gelinmeginiň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermediler.
Gazagystanyň serhet gullugynyň ýolbaşçysy Nurjan Myrzaliýew Türkmenistan hem Özbegistan bilen araçäkde uzynlygy iki ýarym müň kilometrlik inžener gurluşyklarynyň ulgamynyň dikeldilip, Gazagystanyň günorta serhetlerini berkitmegiň planlaşdyrylýandygyny aýtdy. Ol muny 26-njy aprelde GDA döwletleriniň serhet goşunlarynyň Serkerdeler geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Almatyda geçirilen ýygnakda mälim etdi.

Myrzaliýew bu karara edil häzirki döwürde gelinmeginiň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermedi. Emma çykyşynyň dowamynda Gazagystanyň serhetlerinde ýüze çykýän kynçylyklar hakda gürrüň edip, ol şeýle ýygnaklaryň ähmiýeti barada durup geçdi.

“Şular ýaly maslahatlar bize analitiki maglumatlary toplamaga, bikanun migrantlar, adam gaçakçylygy, terrorçylyk bilen bagly operatiw maglumatlary özara alyşmaga mümkinçilik döredýär” diýip, Myrzaliýew aýtdy. “Neşe biznesine garşy göreş, neşe söwdasynyň tranzit ýollary ýaly meseleler – iň aktual meseleleriň biri bolup durýar”.

Myrzaliýew bikanun migrantlar, adam hem neşe gaçakçylygy bilen agzalýan serhetleriň berkidilmegi baradaky kararyň arasynda haýsydyr bir ilteşigiň bardygy ýa-da ýokdugy babatda jikme-jik maglumat getirmedi.

Sebäp näme?

Emma Moskwadaky GDA institutynyň analitigi, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Andreý Grozin gazak-türkmen serhediniň iň goragsyz serhetleriň biridigini aýdyp, bu iki meseläniň arasynda ilteşigiň bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

“Meniň pikirimçe, serhedi berkitmek baradaky bu karara obýektiw sebäplere görä gelindi. Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän goňşulary bilen serhedi, hususanda Türkmenistan bilen araçägi, iň goragsyz hem gowşakdy” diýip, Grozin aýdýar. “Şonuň üçin gazak tarapynyň serhedi berkitmek baradaky karara gelmegine hut şeýle ýagdaý belli derejede rol oýnandyr diýip pikir edýärin”.

Şeýle hem, analitik Andreý Groziniň pikiriçe, Gazagystanyň şu ýylyň ahyryna çenli günorta serhetleri berkitmek baradaky planlaryna Owganystandaky ýagdaý hem täsir eden bolmagy mümkin.

“Owganystanda hereket edýän ýaranlyk güýçlerini 2014-nji ýyla çenli çykarmak baradaky plan bilen bagly häzir Owganystanda bolup geçýän wakalara has köp üns berilýär” diýip, Grozin aýdýar. “Käbir günbatar hem rus analitikleriniň pikirlerine görä, türkmen-owgan serhedi barada gaty çäkli maglumat berilýär. Bu ýerde näçe möçberde nämeleriň geçirilýändigi belli däl. Bu barada anyk maglumatlar hiç kime, şol sanda halkara guramalaryna hem elýeterli däl. Bu ýagadaýyň bolsa Owganystana goňşy döwletleriň howpsuzlygyna wehim salmagy mümkin”.

Analitik Owganystandan halkara ýaranlyk güýçleri çykarylansoň, bu ýurtda nähili ýagdaýyň dörejeginiň belli däldigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň serhet liniýasynyň uzynlygy 379 kilometere barabar. Häzir türkmen-gazak serhedinde gurulmagy planlaşdyrylýan serhet-inžener gurluşyklar sistemasy bolsa gazak-hytaý araçäginde Sowet soýuzy döwründen bäri işleýär.
XS
SM
MD
LG