Türkmenleriň ene dili höwesine näme bolýar?

Türkmen diliniň 1962-nji ýylda çykarylan sözlügi

Azatlyk bilen ýaşyryn hyzmatdaşlyk saklaýan döredijilik işgärleriniň aýtmaklaryna görä, türkmen dili soňky onýyllyklarda barha kän öz ähmiýetini ýitirýäne meňzeýär, onda aýdylýan sözler, hususan-da döwlet eýeçiligindäki metbugatda ulanylýan sözler halk içinde edilýän kinaýaly, ýaňsyly gürrüňleriň esasy 'çeşmesine' öwrüldi. Maglumat üçin aýdylsa, 99 ýyl ozal, 1924-nji ýylda SSSR-iň düzüminde bir respublika bolanyndan soň, türkmen dili ýurt içinde görülmedik mümkinçiliklere eýe boldy. Türkmen dilinde çykarylan gazet-žurnallar, kitaplar, döredilen kinolar, sahna oýunlary edebi diliň ösdürilmeginde, baýlaşdyrylamgynda we nesilden-nesle geçirilmeginde uly rol oýnady. Emma Türkmenistan resmi taýdan garaşsyz ýurt bolanyndan soň, ýurtda döredilen şahsyýet kulty türkmen dilini çäklendirip, ýaranjaňlyk, ýalançylyk diline öwürdi diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar. Adynyň aýdylmazlygyny soran bir žurnalistiň sözlerine görä, türkmen dili indi hakyky pikir edýän zadyňy, özüňe we jemgyýete gerek zady däl-de, repressiw güýçleriň eşitmek isleýän sözlerini aýtmak üçin ýöriteleşdirilen dile meňzeýär. Bu meseleler Azatlyga golaýda okyjylaryň birinden gelip gowşan hatda-da gozgalaýar. Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, dile bolan hormatyň ýa höwesiň azalmagy ýurt, watan söýgüsiniň azalmagy bilen bagly. Azatlyk bu mesele barada Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hudaýberdi aga, Azatlygyň redaksiýasyna ýurt içinden gelen hatlaryň birinde dil meselesi gozgalyp, türkmen diline bolan hormat-sylagyň peselendigi, hökümetiň metbugatda, internet saýtlarynda dil medeniýetiniň ösdürilmegine ýeterlik üns bermeýändigi aýdylýar. Gelen hatdan sitirleýärin: “Türkmenportal”, “Atawatan”, “SalamNews” ýaly türkmen internet saýtlarynda ýurt içinde tanalýan, meşhur hasaplanylýan aýdymçylar, tanymal adamlar bilen söhbetdeşlik guraýarlar. Emma interwýu beren meşhurlar türkmen dilinde takyk gürläp bilmeýärler, rus we türk sözlerini goşup gürleýärler, bu uly kemçilik...”

Şeýle-de, hat ýazan raýat türkmen diliniň ähmiýetiniň aşak gaçandygyny aýdyp, muny adamlaryň Türkiýä, Russiýa gidip işlemekleri, türkmen metbugatynyň halky özünden daşlaşdyrmagy bilen baglanyşdyrýar. Ýerli ýaşaýjynyň üçünji, esasy nägileligine geçmezden öň, şu ýokarda görkezilen iki ýagdaý barada öz pikiriňizi aýtsaňyz? Dogrudanam, türkmen diliniň ähmiýeti peselýärmi, ulanylyşy ‘garyplaşýarmy’?

H. Hally: Diňleýjileriň dil medeniýetiniň pesligi barada aýdýan pikirleri gaty dogry. Şu ýerde takyk aýdylanda, onuň ikinji pikiri bar, türkmen metbugatynyň halky özünden daşlaşdyrýandygy, ýagny halkyň türkmen metbugatyndan arasyny üzýändigi barada aýdýany-da hakykat. Aslynda Türkmenistanda, açyk aýdylanda, metbugat ýok diýerlik, sebäbi ol çap edilýän zatlaryň ählisi birmeňzeş, olar öň-ä ‘beýik Türkmenbaşy’ diýdiler, indem ‘beýik Arkadag’, ‘beýik ‘sarpaly serdarymyz prezident’ diýip, öwgüli zatlary öňe sürýärler. Ol ýerde millete degişli mesele ýok, metbugat türkmen halkynyň günübirin meselelerini gozgap bilenok. Şonuň üçinem halk bilen metbugatyň arasynda üzňelik bar. Hut şol üzňelik türkmen telewideniýesi bilen radiosynda-da bar. Bu, elbetde, diliň medeniýetine belli derejede ýaramaz täsir edýär.

Beýleki aýdylýan pikir, ýagny adamlaryň Türkiýä, Russiýa işlemäge gitmegi, bu hem diliň ýaramazlaşmagyna täsir edýär. Owaly bilen olar Watandan çykan badyna başga dilde gürlemeli bolýarlar. Ikinjiden, iň möhüm tarapy, olar öz ýurduny, taşlap çykan topragyny söýenok, oňa dolanmak niýeti ýok. Olar eýýäm başga bir medeniýete, başga jemgyýete aralaşmak isleýärler. Şonuň üçinem olar ýüzugra öz dilini ýoýup başlaýarlar, başga diliň täsirine geçýärler. Şeýlelikde, öz ene dillerini ýuwaş-ýuwaşdan ýadyndan çykaryp başlaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmen dili baradaky aladalaryny paýlaşan raýat milli diliň ähmiýetiniň orta mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda hem peselendigini öňe sürýär. Bu pikir Azatlyga öňden hem tanyş. Çagalaryna rus dilini öwretjek bolýanlaryň gaty köpelendigini, ýagdaýy bolan adamlaryň çagasyna başga dilleri öwretmek üçin uly çykdajy edýändiklerini, emma türkmen diline üns bermeýändiklerini aýdan adamlar ozal hem bolupdy. “32 ýyl garaşsyz ýaşan Türkmenistanda dil garaşsyzlygy gazanylmady, dil ýitirilýär” diýip, ýerli ýaşaýjy ýazýar. Bu alada näderejede ýerlikli? Dogudanam, indi türkmen maşgalalarynda, türkmen mekdeplerinde, türkmen okuw jaýlarynda hem dil ýitirilýärmi?

Degişli maglumat Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň, şol sanda rus diliniň meşhurlygy saklanýar

H. Hally: Bu hakykatdanam şeýle, sebäbi dili öwrenmäge, dili öwretmäge-de höwes ýok. Dili öwrenmek üçin, höwes gerek. Owaly bilen şol höwesi döredýän adamlardan terbiýeçileri alyp göreli, onsoň mugallymlaryň ýagdaýyna seredeliň; olaryň aýlyk haklary az. Biz mekdep mugallymlaryny alsak, bedenterbiýe, zähmet sapaklaryny okadýan mugallymlar ýa-da biologiýa mugallymy sapagyny okadandan soň işini tamamlaýar. Ene dili mugallymy okuwçylara diktant ýazdyrmaly, olara düzme hem beýannama ýazdyrmaly. Soňra mugallym şol depderleri öýünde oturyp barlamaly. Eger bir synpda 40 okuwçy bolsa, mugallym 40 sany depder barlamaly, okuwçynyň goýberen ýalňyşlaryny gyzyl galam bilen çykaryp, geljek sapakda ýalňyş üstünde işlemeli, okuwçylaryň haýsy meselelerde ýalňyş goýberýändigini; dar çekimlileriň düşüp-düşmezligindenmi, punktuasiýadanmy ýa-da sözlemde eýe bilen habaryň ylalaşmazlygynda, mugallym şol meseleleri gaýtadan düşündirmeli bolýar. Ene dilini okadýan mugallymlaryň zähmeti bedenterbiýe sapagyny okadýan mugallym bilen deňäniňde, iki esse agyr gelýär. Şonuň üçinem olaryň zähmetini göz öňünde tutup, olary höweslendirmek gerek.

Azatlyk Radiosy: Ýene bir mesele, hat ýazan ýaşaýjynyň ynanjyna görä, Türkmenbaşyda ýaşaýan azerbaýjan we ermeni azlyklarynyň çagalary öz ene dillerinde bilim almasalar-da, dillerini ýitirmän, onda arassa gürläp bilýärler, gazaklar hem şeýle, gazak dilini ýitirmän, öz dillerinde gowy, bize görä has arassa dilde gepleşip bilýärler diýip, diňleýjimiz ýazýar. Maglumat üçin aýtsam, şu hili ýagdaýy daşary ýurtlarda hem köp görýäris, ýagny öz ene dilini daşary ýurtda hem saklaýan adam kän. Sebäbi ol uly baýlyk hasaplanýar. Hat ýazan raýat “Türkmenistanda näme ýalňyşlyk edilýär, türkmenler näme üçin öz ýurdunda öz dilini gowy öwrenmek islemeýär?’ diýip soraýar. Dogrudanam, bu ýalňyşlyk ýaňky siziň aýdan meseleleriňiz bilen çäklenýärmi ýa-da bu ýerde başga-da ýalňyşlyklar barmy?

Degişli maglumat Gurbanguly Berdimuhamedow rus mejlisinde çykyş edip, rus diliniň Türkmenistanda sylanýandygyny aýtdy

H. Hally: Aslynda dil meselesi diýilýäni, ýagny dile bolan söýgi Watana bolan söýgüdir, Watan bilen ikisi bir zat. Eger sen Watanyňy söýseň, ene diliňi-de söýýäň. Indi Türkmenistanda ýaşaýan ermeniler, azerbaýjanlylar ýa-da gazaklar barada aýdylanda, olaryň arkasynda Watany bar, islendik ermeni öz ýurduna haçan islese, şol wagtda baryp bilýär. Gazaklaram şeýle, dünýäde ýaşaýan gazaklar öz ýurduna barmag-a däl, eýsem göçüp bardylar. Olar göçüp baranlara-da ýardam etdiler. Ýöne Türkmenistana daşardan näçe türkmen göçüp geldi? Bu barada hiç hili maglumat ýok. Diýmek, göçüp gelýän adamlar gaty az bolmaly. Başgalaryň arkasynda Watany – ýurdy bar, şonuň üçin olar öz ene dilini söýýärler, oňa hormat goýýarlar, ony ýadyndan çykarmazlyga çalyşýarlar. Sebäbi olar haçanam bolsa bir wagt öz Watanyna dolanmak niýeti bilen ýaşaýarlar. Watana bolan söýgi adamda ene diline bolan söýgini saklap, ýaşadyp gelýär. Eger-de kim-de kim öz ene dilini ýitirse, ol Watanyny-da ýitirýär.

Azatlyk Radiosy: Hat ýazan raýat iň soňunda türkmen diliniň düşen ýagdaýyna döwlet syýasaty, halkyň hor-homsy durmuşy sebäp bolup bilermi diýen soragy berýär. Eger şeýle bolsa, bu ýagdaý bu golaýda üýtgäp bilermi ýagny Türkmenistanda siziň bilşiňiz ýaly, ykdysady kynçylyklar dowam edýär, häkimiýetler bu ýagdaýy boýun almaýar. Şonuň bilen birlikde-de, ýurtdan gidýän adamlaryň köpelýändigi barada habarlar gelip gowuşýar. Türkmen diliniň şeýle ýagdaýa düşmegi, türkmenleriň öz ene dillerini bilmek islemezligi, ol dilde dogry geplemegi, dogry ýazmagy öwrenmek bilen gyzyklanmazlygy döwlet syýasaty bilen bagly diýip bolarmy?

H. Hally: Elbetde, bagly. Onsoňam halkyň hal-ýagdaýy bilen dil meselesini alsak, ol ýerde belli derejede baglanyşyk bar, ýöne aýgytlaýjy faktor däl. Meselem, owgan türkmenlerini alsak, olar köp horluklary başdan geçirdiler, ýöne ene dilini ýitirmediler. Türkmensährada ýaşaýan ildeşlerimiz hem öz ene dillerini unutmadylar. Diýmek, sosial ýagdaý ene dilini unutmaga şert döretmeýän eken. Elbetde, sosial ýagdaý gowy bolsa, millet öz milli baýlygyna başgaça seredýär, oňa hormat goýýar, ony nesline öwretmäge çalyşýar. Eger-de şol söýgi bolmasa, Watana bolan söýgi azalsa, ene diline bolan höwesem peselýär.

Azatlyk Radiosy: Onda bu ýerde, siziň pikiriňizçe, döwlet syýasatyndan başga adamlarda, ene-atalarda, halkda hem belli bir derejede jogapkärçilik bar-da? Şeýlemi?

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleriniň 'dil tagallalary' nähili miwe berýär?

H. Hally: Bu ýerde iki tarapda-da jogapkärçilik bar. Döwlet meselesini alyp göreliň, eger döwlet ene diliniň ösmegini, onuň kämilleşmegini islese, ol beýle bir kyn mesele däl, onuň üçin köp çykdajy-da gerek däl. Meselem, metbugaty alyp göreliň, metbugatdan prezidenti öwýän, onuň suratlaryny berýän sahypalar aýrylsa, neşirler halkyň günübirin meselelerini gozgap bilse, onda millet şol metbugaty eline alardy we okardy. Bu ýerde hiç bir çykdaýjy etmegiň geregi ýok.

Beýleki bir tarapdan, mugallymlaryň, terbiýeçileriň aýlyk haklaryny artdyrmak ýa-da çagalar hem ýaşlar üçin täze neşirleri döretmek, kitaplary çykarmak meselesi-de beýle bir köp pul talap etmeýär, diňe ýurda ýolbaşçylyk edýän adamyň öz höwesi gerek. Öz milletine, halkyna, ene dilini söýdürmäge bolan ymtylyşy zerur. Eger-de ýolbaşçyda şol niýetler bolsa, onda bu mesele ýurt üçin asla gymmada düşmez. Ikinji bir tarapdan, eger-de ýurda ýolbaşçylyk edýän adamda şolar ýaly höwes bolmasa, onda ene diliniň ýagdaýy gowulaşar diýmek gaty kyn. Agyr ýagdaý ýene-de dowam eder.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.