Türkmenler täjik-gyrgyz ylalaşygy barada pikir alşyp, "Türkmenistan MA-da üzňelikde galan ýeke-täk ýurtdur" diýýärler

Aşgabadyň awtobus duralgalarynyň birinde oturan talyp gyz we polisiýa işgärleri (Illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň awtobus duralgalarynyň birinde oturan talyp gyz we polisiýa işgärleri (Illýustrasiýa suraty)

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň prezidentleri köp ýyllap dowam eden we käte ganly çaknyşyklara sebäp bolan serhet dawasyny çözmek üçin serhet ylalaşygyna gol çekdiler. Bu taryhy waka, şu günler köp türkmenistanlynyň arasynda hem giňden gürrüň edilýär. Olar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada üzňelikde galan ýeke-täk ýurtdugyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bu ýagdaýlar barada paýtagtyň ýaşaýjylarynyň, ýerli synçylaryň we söwdagärleriň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.

“Täjik-gyrgyz serhedi bilen bagly ylalaşyga goýulmagy bilen, sebitdäki özara ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň, raýatlaryň gatnawlarynyň integrasiýasynyň öňündäki agyr böwetleri aýyrdy. Emma bu wakanyň fonunda, günsaýyn üýtgeýän geosyýasy we geoykdysady ýagdaýda Türkmenistanyň häkimiýetleri özara integrasiýada häli-şindi hem köp halatlarda “gepleşik üçin gepleşik, duşuşyk üçin duşuşyk, maslahat üçin maslahat” taktikasyndan aňry geçip bilmeýärler” diýip, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ýakyndan yzarlaýan aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Degişli maglumat Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň “Asyryň Ylalaşygy”: prezidentler ilkinji gezek gollaryny gysyp, gujaklaşdylar

Syýasatyň "symaz diwary"

Hat-da ýurtda birazajyk oňyn bolaýjak üýtgeşmeler hem, ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, berk ýapyklyk, üzňelik we durmuş reallygyny boýun almazlyk syýasatynyň “synmaz diwaryna” urulýar.

Olar muňa mysal edip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda ýakynda ýola goýlan erkin söwda tertibini getirýärler.

Ýatlatsak, Özbegistan we Türkmenistan iki ýurduň arasynda erkin söwda tertibini girizýär diýip, özbek Maýa goýum, senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy şu aýyň birinji ongünlüginde mälim etdi.

2025-nji ýylyň 25-nji fewralyndan başlap güýje giren tertipde harytlaryň özara söwdasy boýunça bar bolan çäklendirmeler ýatyrylyp, söwda proseduralary sadalaşdyrylypdyr.

Ýöne ýagdaýlardan habarly ýerli söwdagärleriň we ykdysadyýetçileriň ençemesi iş ýüzünde türkmen-özbek serhedinde kynçylyklaryň saklanyp galýandygyny, köp halatlarda has-da çylşyrymlaşdyrylýandygyny aýdýar.

"MA-da üzňelikde galan ýeke-täk ýurt"

“Iki ýurduň arasynda berk wiza düzgüni saklanyp galýar. Üstesine-de, soňky aýlarda Türkmenistandan Özbegistana gitmek üçin iş, syýahatçylyk we ykdysady wiza almak isleýän raýatlardan olaryň maliýe ýagdaýyny tassyklaýan resminamalar talap edilip başlandy. Ýakyn garyndaşlary ýok ýa-da resmi işlemeýän we pensiýa çykmadyk adamlar üçin goňşy ýurda gitmek hem çylşyrymlaşyp, olaryň wiza almagy kynlaşdy” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli söwdagär anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, özbek raýatlarynyň Türkmenistana gelmegi has-da kyn bolmagynda galýar.

Ol özbegistanly tanyşlaryna salgylanyp, iş ýüzünde türkmen häkimiýetleriniň adaty özbek telekeçileri, syýahatçylary, zyýaratçylary we ýaşaýjylary üçin wizany aňsatlyk bilen bermeýändigini aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistan Azatlyk öýüniň täze hasabatynda 100 baldan 1 bal aldy

“Şeýle üzňelik ýagdaýynda nähili integrasiýadan, hyzmatdaşlykdan gürrüň açmak bolar? Goňşy ýurtlar, hususan-da, Merkezi Aziýa bilen uçar, otly, awtobus gatnawlary hem ýok. Türkmenistan Merkezi Aziýada üzňelikde galan ýeke-täk ýurtdur” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Uçar gatnawyny ýola goýmadyk ýeke-täk MA ýurdy

Azatlyk Radiosynyň Özbek, Täjik, Gyrgyz we Gazak gulluklarynyň žurnalistleriniň tassyklamagyna görä, Merkezi Aziýanyň Türkmenistandan başga ähli dört ýurdunyň paýtagtlarynyň arasynda uçar gatnawlary ýola goýlandyr.

Türkmenistan bu ýurtlar bilen ýolagçy uçar gatnawlaryny ýola goýmadyk ýeke-täk Merkezi Aziýa ýurdudyr.

“Ýurduň tas 34 ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda Türkmenistanda hat-da goňşy awtoritar ýurtlaryň fonunda hem hiç hili häzirki zaman we hukuk normalaryna laýyk gelýän we iň möhümi - jemgyýetiň öňünde haýsy hem bolsa bir meseläni gozgap ýa-da raýatlaryň soraglaryna aç-açan jogap berip biläýjek döwlet dolandyrylyşy ýola goýulmady” diýip, aşgabatly synçy anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri halkara, şol sanda goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ösdürilýändigi, olaryň “hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly işleriň edilýändigi” barada ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.

Muňa garamazdan, Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar.

Degişli maglumat Özbegistana barýan raýatlaryň serhetden geçirilmezligi bilen bagly ýagdaýlar ýene köpelýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.