Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Azatlyk öýüniň täze hasabatynda 100 baldan 1 bal aldy


Azatlyk öýüniň täze hasabatynda görkezilýän dünýä kartasy
Azatlyk öýüniň täze hasabatynda görkezilýän dünýä kartasy

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Azatlyk öýi (Freedom House) guramasy dünýäde erkinlikleriň ýagdaýy boýunça taýýarlan nobatdaky hasabatyny çap etdi.

Hasabatda Türkmenistan 100 baldan 1 bal alyp, “ýamanyň ýamany” kategoriýasyna ýerleşdirildi.

Bu ýurt raýat azatlyklarynyň ýagdaýyna bagyşlanan bölümde 2 bal, syýasay azatlyklar babatynda 0 bal alypdyr. Türkmenistanda erkin saýlawlara we syýasy köpdürlilige ýol berilmeýär. Adam azatlyklary babatynda aýdylanda bolsa, häkimiýetler raýatlaryň söz, metbugat, din-wyždan we hereket azatlyklaryny çäklendirmekde tankyt edilýär.

Azatlyk öýi tutuş dünýäde ynsan erkinlikleriniň ýagdaýynyň 19 ýyl bäri yza tesip gelýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG