Türkmenbaşy şäherinde Gazagystan Respublikasynyň Balkan welaýatyndaky konsullygynyň täze binasy açyldy. Açylyş dabarasyna gazak diplomatlary we türkmen häkimiýetleri bilen bir hatarda Türkmenistandaky gazak diasporasynyň wekilleri hem gatnaşdy. Balkanly etniki gazaklaryň arasynda konsullyk hyzmatlaryna talap soňky ýyllarda esli artdy. Etniki azlyklaryň, şol sanda gazaklaryň arasynda Türkmenistandan göçüp gidýänleriň sany köpelýär.
Gazagystanyň konsullygynyň Türkmenbaşydaky täze binasynyň dabaraly açylyşy Gazagystan Respublikasynyň ilçisiniň gatnaşmagynda 18-nji dekabrda boldy. Bu çärä gazak we türkmen resmilerinden başga-da Türkmenistandaky gazak diasporasynyň wekilleri hem gatnaşdy.
Dabaranyň çäginde bolan konsertde gazak diasporasynyň wekilleriniň çykyş edip, gazak medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň baýlygyny görkezendigi habar berildi. Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websaýtynda bu barada berlen habarda, "Konsert diňe bir medeni çäre bolman, eýsem, gazak diasporasyna öz aýratynlygyny we öz ýurduna buýsanjyny beýan etmäge pursat boldy" diýlip bellendi.
Degişli maglumat Balkanda biometriki pasport almakçy bolýan etniki azlyklary 2026-njy ýylyň nobatyna ýazýarlarHabarçymyz bilen söhbetdeş bolan balkanly gazaklar gazak diasporasynyň wekilleriniň konsullygyň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny barada diňe Gazagystanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasy tarapyndan habar berlendigine ünsi çekip, bu ýagdaýyň türkmen mediasynda düýpden agzalmandygyny lapykeçlik bilen bellediler.
Türkmenbaşyly gazaklar özleriniň bu ýagdaýa Türkmenistanda milli azlyklara ähmiýet berilmezliginiň nobatdaky subutnamasy hökmünde garaýandygyny mälim etdiler.
"Resmi we hökümetçi media serişdeleri Orsýetden başga beýleki hiç bir ýurduň diplomatik wekilhanasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleri, şol sanda Türkmenistandaky degişli milli azlyklaryň wekilleri bilen duşuşyklary hem-de gatnaşyklary hakynda maglumat bermeýär" diýip, milleti gazak türkmenbaşyly ýaşaýjy aýdýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan habarly çeşmeler daşary ýurt ilçihanalarynyň ençemesiniň, şol sanda Gazagystanyň ilçihanasynyň Türkmenistandaky öz etniki watandaşlary bilen gatnaşyk saklamaga synanyşýandygyny bellediler.
Türkmenistanda ýaşaýan etniki gazaklar özleriniň milli azlyk hökmünde öz milliligini saklamak, öz dilinde bilim almak, däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin türkmen kanunlarynda göz öňünde tutulan mümkinçiliklerden peýdalanyp bilmeýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanda gazakalar, özbekler, ermeniler, bulujlar we beýleki milletleriň wekilleri üçin öz dilinde bilim almak, kitap çap etmek we media serişdelerini döretmek üçin mümkinçilik ýok. Ýurtda ýaşaýan milli azlyklar etniki gelip çykyşy esasynda ýyllarboýy kemsitmelere sezewar bolýandyklaryny, häkimiýetleriň alyp barýan “türkmenleşdirme” syýasatynyň çäginde özleri üçin işe ýerleşmek we okuwa girmek ýaly mümkinçilikleriň hem berk çäklendirilýändigini ençeme gezek gürrüň beriler.
Degişli maglumat Etniki azlyklaryň çagalarynyň ene dilinde okadylmagy baradaky haýyşlary ýene diňlenmediEtniki gazaklar köplük bolup, Balkan welaýatynda ýaşaýar.
Türkmenistanda ilat arasynda ýurduň daşyna çykmak islegleri artýarka, ýurdy hemişelik terk edýänleriň arasynda etniki azlyklaryň, şol sanda gazaklaryň ençemesi bar.
Şu ýylyň güýzünde milli azlyklaryň köplük bolup ýaşaýan Balkan welaýatynda daşary ýurt pasportyny almak boýunça nobatlaryň 2026-njy ýyla çenli uzan wagtynda nobata ýazylmak üçin žetonlary diňe etniki azlyklaryň wekillerine bermek işi ýola goýuldy.
Balkanabadyň etrap migrasiýa şahamçasy we welaýatdaky bölümleriň ählisi 2025-nji ýylyň mart aýynyň 1-ne çenli milleti türkmen bolan balkanly raýatlara nobat üçin žeton bermegi togtatdy. Şonda Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen migrasiýa gullugyndaky çeşme bu ýagdaýyň etniki azlyklaryň wekilleriniň arasynda Türkmenistandan göçüp gitmek meýilleriniň artmagy we olaryň biometriki pasport almak üçin migrasiýa edaralaryna has köp ýüz tutmagy bilen baglydygyny habar beripdi.
Degişli maglumat Okyjynyň haty: Türkmenistanda milli azlyklara 'üns berilmeýär'"Şu ýyl welaýatymyzda köpsanly gazak, ermeni, azeri, rus, tatar, dagystanly we beýleki milletlerden bolan raýatlarymyzyň müňlerçesi öz ýurtlaryna hemişelik göçüp gitjekdiklerini aýdyp, zagran pasportlar üçin arzalaryny berdiler. Bize merkezi edaramyzdan tabşyryk bar - etniki azlyklardan bolan raýatlarymyz göçüp gitmek üçin pasport almak islese, ilkinji şol raýatlarymyzyň arzalary kanagatlandyrylmaly" diýip, balkanly çeşme 3-nji oktýabrda habar berdi.
Soňky ýyllarda ýüzlerçe türkmenistanly etniki gazak Türkmenistany terk edip, Gazagystana hemişelik göçüp gitdi.
Türkmenistanyň resmileri milli azlyklaryň meselesi barada eden seýrek çykyşlarynyň soňkusynda ýurtda 61 milletiň bardygyny we döwletiň olaryň “sazlaşygyny üpjün edýändigini” öňe sürdi, emma milli azlyklaryň ýüzbe-ýüz problemasyny agzamady. Bu barada 2024-nji ýylyň 21-22-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi boýunça diňlenen hasabatynda aýdyldy.
Degişli maglumat Ýene 490 etniki gazak Türkmenistany hemişelik terk edip, Gazagystana göçýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.