Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkentde geçirilen Magtymguly Pyragy çäresine çagyrylmadyk özbek azlyklary lapykeç bolýar


Bezeg suraty. Özbek milli lybasy.
Bezeg suraty. Özbek milli lybasy.

Türkmenistanda ýaşaýan özbek azlyklarynyň wekilleri Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Daşkent şäherinde geçirilen halkara maslahata özleriniň çagyrylmandygyny we bu ýagdaýyň özlerini lapykeç edýändigini aýdýarlar.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşirine görä, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy Daşkent şäherindäki Türkmen medeniýetiniň respublikan merkezi we Özbegistanyň Ýazyjylar birleşigi bilen bilelikde 2-nji maýda Daşkentde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap, halkara maslahat geçirdi.

“Çärä Özbegistanyň Daşary işler, Medeniýet ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Daşary ýurtlar bilen milletara we dostlukly gatnaşyklar boýunça komitetiniň ýolbaşçylary, tanymal magtymgulyşynas alymlar, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habarynda aýdylýar.

Ministrligiň habarynda bu çärä Türkmenistandan gatnaşan toparyň düzümi barada içgin maglumat berilmeýär.

“Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşirine görä, türkmen wekiliýetiniň düzümine Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň iki işgäri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy, Mukamlar köşgüniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň döredijilik toparlaryna wekilçilik eden sungat işgärleri, şeýle-de Daşoguz welaýatyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallym sazandalary gatnaşdylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly özbek azlyklarynyň wekilleri, metbugat habarlaryna salgylanyp, bu çärä Özbegistanda ýaşaýan türkmen azlyklarynyň wekilleriniň çagyrylandygyny, ýöne özleriniň çagyrylmandygyny aýdýarlar.

“Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine diňe resmiler we döwlet emeldarlary, şeýle hem sazçylyk mekdebiniň mugallymlary girizildi. Resmi Aşgabat, bu gezek hem, syýasata hiç hili dahyly bolmadyk, medeni we ynsanperwer häsiýetli halkara çäresine-de Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň wekillerini gatnaşdyrmady” diýip, türkmenistanly bir özbek raýaty Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Etniki özbekler Özbegistanda geçirilýän şeýle çärelere ýurtda ýaşaýan türkmen azlyklarynyň wekilleriniň elmydama gatnaşdyrylýandygyny, munuň bolsa, özbek döwletiniň türkmen halkyna we medeniýetine goýýan sarpasynyň nyşany bolandygyny aýdýarlar.

“Resmi Aşgabadyň Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbek azlyklarynyň wekilleriniň şeýle çärelere gatnaşmaklaryna garşy çykmagy özbek raýatlarynyň lapyny keç edýär” diýip, türkmenistanly özbek aýdýar.

Magdanly şäherinde mugallym bolup işleýän bir özbek raýaty şeýle temalaryň Türkmenistanda ýaşaýan özbek diaspora wekilleriniň arasynda, hatda ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda hem giňden ara alnyp maslahatlaşylýandygyny, ýurtda ýaşaýan etniki özbekleriň diline we milliligine orun berilmeýändigini aýdýarlar.

Daşoguz welaýatynyň medeniýet öýleriniň birinde işleýän bir hünärmeniň sözlerine görä, türkmen häkimiýetleriniň özbek azlyklaryny medeni çärelere goşmazlyk bilen bagly endikleri “Aşgabadyň ýapyklyk syýasatyndan, türkmenleşdirmeden we köpdürlilige çydamsyzlyk syýasatyndan çykmaga syýasy erkiniň ýokdugyny görkezýär.

“Gynansak-da, resmi Aşgabat ýurtda ýaşaýan ähli özbekleri ahyrsoňy ‘türkmenleşdirdik’ diýip, pikir edýändir. Şonuň üçin-de, ýurtda ýaşaýan etniki özbekleriň dilini, medeniýetini, milliligini goramalydyr hem öýdenok. Bu işi etmäge syýasy erk, açyklyk we halka hormat gerek. Gynansak-da, öz raýatlaryny äsgermeýän režimden başga hiç zat garaşyp hem bolanok” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Daşkent şäherinde geçirilen halkara maslahat “Magtymguly Pyragy – türkmen we özbek halklarynyň umumy mirasy” atlandyryldy.

“Maslahatyň dowamynda çykyş edenler iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler” diýip, resmi habarlarda aýdylýar.

Türkmenistanda 1995-nji ýylda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijelerine görä, ýurduň umumy ilatynyň 9,2 göterimi etniki özbeklerden düzülýärdi. Dürli çeşmeler Türkmenistanda ýaşaýan özbek ilatynyň sanyny 300 müň – 600 müň adam aralygynda çaklaýar. Soňky on ýyllyklarda geçirilen ilat ýazuwlary ilatyň etniki düzümi baradaky maglumatlary aýan etmeýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri adam hukuklaryny, şol sanda ýurtda ýaşaýan etniki azlyklaryň medeni hukuklaryny basgylamakda tankyt edilýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda 2024 – nji ýyl “Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy ýyly” atlandyryldy. Resmiler Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurduň içinde we daşynda köp sanly medeni çäreleri guramalaşdyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG