Türkmenistanda ýaşaýan etniki azlyklaryň, şol sanda etniki özbekleriň çagalarynyň öz ene dillerinde ýa-da rus dilinde okamak hukugynyň hormatlanmagy baradaky haýyşlary bu ýyl hem diňlenmedi, olara ýene “bolanok” diýip jogap berdiler. Mundan öň, “türkmenleşdirme” diýilýän sebäpli "milli azlyklaryň obalarynyň boşap galandygy” habar berlipdi. Şol bir wagtda käbir sebitlerde iňlis, fransuz, nemes, arap, hytaý, ýapon, pars, italýan dilleri boýunça ýörite maksatnamalaýyn bilim berilýändigi aýdylýar.
Azatlygyň habarçylarynyň Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan beren habarlaryna görä, okuwa başlaýan özbek dilli çagalaryň az däldigine garamazdan, bilim müdirlikleri ene-atalaryň özbek dilinde okadylýan ýa-da özbek dili we edebiýaty dersleri okadyljak synplary açmak baradaky haýyşlaryna "ýokardan rugsat ýokdugyny" aýtdylar.
Lebap welaýatynyň Köýtendag, Kerki, Hojambaz, Darganata, Çärjew etraplarynda, Türkmenabat şäheriniň "Hywaly", "Üçpunkt", "Ürgenji" etrapçalarynda ýaşaýan ýüzlerçe ene-ata etrap bilim bölümlerine, welaýat baş bilim müdirligine baryp, 2024/2025-nji okuw ýylynda öz ýaşaýan ýerlerindäki mekdepleriň bolmanda birinde çagalara özbek dilinde okamak mümkinçiliginiň döredilmegini sorady.
Türkmenistandan tapawutlylykda, Özbegistanda, Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan etniki türkmenleriň öz dillerinde bilim almagynda hiç bir kynçylyk ýok; resmi habara görä, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyşyna taýýarlyk görülýär. Şol bir wagtda, bu iki ýurtda türkmen dili we edebiýaty hünärmenleri hem ýetişdirilýär. Emma Aşgabat ene-atalaryň bolmanda bir synp açmak haýyşlaryny hem bitirmeýär.
Kerkide birinji synpa barmaly Farhadyň enesiniň, özüni Saida diýip tanadan türkmen raýatynyň sözlerine görä, kerkili ene-atalar üç aýlap etrap bilim bölümine gatnap, Kerki şäheriniň mekdepleriniň birinde bolmanda ýekeje, 25-30 okuwçylyk özbek dilli synpyň açylmagyny sorapdyr. Emma olara bu meseläniň "ýokardan, prezident diwanyndan we bilim ministrliginden "rugsatsyz" çözülmejekdigi aýdylypdyr.
"Biz hem Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň adamlary, näme üçin Konstitusiýada we kanunlarda kepillendirilen ene dilini öwrenmek we ene dilinde bilim almak hukugymyz indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri dikeldilenok?” diýip, Saida Azatlyga aýtdy.
Öz çagalaryny ene dilinde okatmak isleýän ene-atalar Azatlygyň üsti bilen öz seslerini prezidente çenli ýetirmek isleýärler.
"Eger Watan halky bilen Watan bolýan bolsa, Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, onda, baş üstüne, hiç bolmasa milli azlyklaryň köplük bolup ýaşaýan ilatly ýerlerinde olaryň dillerinde okadylýan synplary açyň!" diýip, magdanlyly mugallym habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Resmi maglumata görä, Daşoguz welaýatynda şu ýyl alty ýaşly çagalaryň 34 müňe golaýynyň birinji synpa okuwa gelmegine garaşylýar. Emma Daşoguz şäherinde, Şabat, Ruhubelent, Köneürgenç etraplarynda ýaşaýan ýüzlerçe ene-ata birinji synpa barýan çagalary üçin bolmanda her etrapda 1-2 sany özbek dilli synp açmagy sorap, oňyn jogap alyp bilmedi.
Köneürgençli Muniranyň sözlerine görä, "türkmen häkimiýetleriniň milli azlyklaryň hukuklaryny kemsitmegi Türkmenistanyň halkara arenasyndaky abraýyny pese gaçyrýar".
"Özbekler hem Türkmenistanyň deň derejeli raýatlary. Gurbanguly Berdimuhamedow öz wagtynda Şabat etrabynyň 99% ilatyny etniki özbekleriň tutýandygyny aýtdy. Ýöne özbek diline, medeniýetine we özbek dilli mekdeplere gezek gelende, häkimiýetler näme üçin beýle çydamsyz bolýar?" diýip, Munira sorady.
Bu ‘çydamsyzlyk’, görnüşinden, diňe özbek dili bilen hem bagly däl.
Häzirki wagtda welaýatyň Türkmenbaşy (ozalky Oktýabr), Boldumsaz, Gubadag, Köneürgenç etraplarynda azlyk bolup ýaşaýan gazak, garagalpak, tatar we koreý maşgalalarynyň birinji synpa barýan çagalary üçin rus dilli synplaryň açylmagy barada eden haýyşlary hem ret edildi diýip, Daşoguz welaýatynda bir bilim emeldary aýtdy.
Lebap welaýatynyň tatar, rus, ukrain, başgyrt, azerbaýjan, täjik, lezgin azlyklarynyň wekilleriniň Darganata, Çärjew we Kerki etraplarynda bolmanda rus dilinde okadylýan synplary açdyrmak synanyşyklary hem başa barman gelýär.
Mundan başga, Balkan welaýatynda kowçum bolup ýaşaýan gazak maşgalalarynyň ‘gazak dilli synplar’ baradaky haýyşlary diňlenmeýär.
"Welaýatyň Türkmenbaşy, Garabogaz şäherlerinde, Türkmenbaşy etrabynda ýaşaýan gazak maşgalalary şu ýyl bolmanda ýekeje gazak dilli synpyň açylmagyna umyt etdiler” diýip, özüni Belekli Bektas diýip tanadan raýat Azatlyk radiosyna aýtdy.
Mary welaýatyndaky çeşmeler bolsa, sebitde kowçum bolup ýaşaýan buluç azlygynyň bilim we sowat derejesiniň görlüp-eşidilmedik derejede pese gaçandygyny öňe sürýärler.
"…Buluç obalaryndaky mekdeplerde türkmen dilinde geçilýän sapaklaryň hili we göwrümi juda peseldi. Çagalar okuwa derek köplenç mal bakyp, pagta ýygýarlar. Olar öz ene dilinde bilim alyp bilmän, üstesine, türkmen dilinde hem okap-ýazmagy öwrenip bilmän galýar. Häkimiýetler bu problemany görmezlige salýar" diýip, türkmengalaly mugallym Azatlyga aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, resmi habara görä, Daşoguz welaýatynda dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 31-si bolup, olarda ýaş nesillere iňlis, fransuz, nemes, arap, hytaý, ýapon, pars, italýan dilleri hem-de tebigy we takyk ugurly dersler boýunça ýörite maksatnamalaýyn bilim berilýär. Şeýle-de, Türkmenistan "jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygyny, milletara sazlaşygyny üpjün etmek ugrunda degişli işleri alyp barýandygyny" öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum