Türkmenistanyň häkimiýetleri Arkadag şäherini dabaraly ýagdaýda açmaga taýýarlanýarlar. Döwlet edaralarynyň işgärleri we okuw jaýlarynyň okuwçylary köpçülikleýin çärelere hökmany suratda gatnaşmaly bolýar. Öňki prezidentiň adyny göterýän bahasy 5 milliard dollarlyk şäheriň açyljak wagty barada döwlet metbugatynda habar berilmedi, emma taýýarlyklaryň guramaçylary açylyş dabarasynyň 29-njy iýunda geçiriljegini gatnaşyjylara mälim etdiler. Bu sene Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat gelýär.
Mugallymlar, medeni we sungat işgärleri, lukmançylyk işgärleri we beýleki býujetçiler täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy üçin taýýarlyk görlüp, geçirilýän köpçülikleýin çärelere bir hepdeden gowrak wagtlap sürülýärler. Tomus dynç alyş möwsümine garamazdan, studentler we beýleki okuwçylar hem repetisiýa gatnaşdyrylýar. Gatnaşyjylar kyrk gradus yssyda günüň aşagynda birnäçe sagatlap durmaly bolýarlar.
"Adamlar günüň astynda 5-6 sagatlap baýdaklary hem şygarlary tutup durýarlar. Köpüsi muňa çydap bilmeýärler. Günüň yssysynda aýallaryň, garrylaryň we çagalaryň huşuny ýitirýän ýagdaýlary köp bolýar" - diýip, repetisiýalara gatnaşýanlardan biri Azatlyga gürrüň berdi.
Degişli maglumat Türkmenistan Arkadag şäheri üçin $5 milliard sarp ederAzatlyk bilen gürleşen lukmançylyk işgärleriniň sözlerine görä, repetisiýa meýdançasynda tiz kömek ulaglary nobatçylyk edýärler, lukmanlara şol ýerde kömek bermek tabşyryldy, ýöne olara gatnaşyjylardan hiç kimi goýbermeli däldigi duýduryldy.
"Şepagat uýalaryna zerur bolsa ulanmak üçin arzan dermanlar berildi. Bu gaty elhenç, adamlar aýak üstünde durup biler ýaly olara analgin, sitramon, pentalgin ýaly agyryny köşeşdirýän derman berilýär. Saglyk işgärleri derman serişdelerini çem gelen ýere ulanmagyň garaşylmadyk netijelere sebäp bolup bilmeginden howatyrlanýarlar, emma olara şäher açylandan soň näme bolsa, şol bolsun, esasy zat prezidenti adatdan daşary ýagdaýlar döremezden garşylamak we ugratmakdyr diýdiler" diýip, gatnaşanlaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.
Gatnaşyjylar her gün repetisiýa gidýärler. Olaryň özüni erbet duýmagyna, hroniki näsaglyklaryna we gan basyşy bilen bagly kemçiliklerine garamazdan, lukmanlara olary çäreden boşatmak gadagan edildi. Döwlet edaralarynyň işgärlerine gatnaşmakdan ýüz öwürseler, işinden boşadyljakdygy barada duýduryş berildi.
Bu çärelere gatnaşmak üçin welaýatlarda ýaşaýan studentler hem paýtagta iberildi. Paýtagtyň uniwersitetleriniň studentleri geçen hepdäniň ahyrynda ýaşaýan welaýatlaryndan Aşgabada gaýdyp, ýol we beýleki çykdajylaryny özleri tölemäge mejbur boldular.
Repetisiýa meýdançasyna baryp gören habarçymyz, gatnaşyjylara prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçjek ýolunda nädip "hatara dogry düzülmelidiginiň” öwredilýändigini gürrüň berdi: "Olaryň hersiniň belli bir borjy bar, kim aýdym aýdar, kim tans eder, kimsi prezidente bagyşlanan goşgulary okar. Hemişe bolşy ýaly wasp ediler we türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildiriler. Agsak, ýa-da beýleki saglyk kemçilikleri bolan admalar ikinji we üçünji hatarlarda durarlar. Olar şeýdip, çärelere müňlerçe adamyň gatnaşmagyny gurnaýarlar. Bu Türkmenistanyň taryhynda iň köp adamlyk çäre boljaga meňzeýär".
Degişli maglumat Arkadag şäheriniň wagyz işleriniň batlanmagy bilen, türkmen lideriniň şahsyýet kulty dabaralanýar"Janly diwarlar" prezidentiň geçjek ýolunyň ugrunda, şeýle-de prezidentiň durjak ähli ýerlerinde bolar. Azatlygyň çeşmelerine görä, çäre Aşgabatdaky Halkara Ahal-Teke atçylyk toplumynda başlanar we täze Arkadag şäherinde dowam eder. Gatnaşyjylar üç kilometrden gowrak marşrut boýunça ýoluň iki gapdalynda baýdaklary we şygarlary göterip durarlar.
Arkadagda Ahal welaýatynyň administrasiýasy, Ahal welaýatyndaky polisiýa bölüminiň binasy, Milli howpsuzlyk ministrliginiň bölümi we salgyt gullugy ýaly birnäçe binanyň açylyş dabarasy meýilleşdirilýär.
Baýramçylygy guraýjylar gatnaşyjylara täze şäheriň açylyşynyň 29-njy iýunda meýilleşdirilýändigini habar berdiler. Döwlet habar beriş serişdeleri Arkadagyň açylyş senesini entek yglan etmediler.
Bäş milliard dollarlyk Arkadag şäheri Köpetdagyň eteginde Berdimuhamedow maşgalasynyň ata-baba obasy bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geneşliginiň golaýynda guruldy.
Şäheriň dabaraly açylyşy, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat gelýär. 15 ýyllap ýurduň prezidenti bolan Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlap, ýyllarboýy dürli dabaralar, şol sanda iýun aýynyň soňky hepdesinde medeni hepdelik geçirildi, daşary ýurtly meşhur aýdymçylar çagyryldy.
Türkmenistanda öňki prezident we häzir Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Arkadag diýilýär. Onuň ogly, häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowa "Arkadagly Serdar" diýilýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.