Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylmagyna uly taýýarlyk görülýär
Türkmenistanyň häkimiýetleri Arkadag şäherini dabaraly ýagdaýda açmaga taýýarlanýarlar. Döwlet edaralarynyň işgärleri we okuw jaýlarynyň okuwçylary köpçülikleýin çärelere hökmany suratda gatnaşmaly bolýar. Öňki prezidentiň adyny göterýän bahasy 5 milliard dollarlyk şäheriň açyljak wagty barada döwlet metbugatynda habar berilmedi, emma taýýarlyklaryň guramaçylary açylyş dabarasynyň 29-njy iýunda geçiriljegini gatnaşyjylara mälim etdiler. Bu sene Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabat gelýär.