Türkmenistanda 18 ýaşyna ýetmedik adamlaryň pagta ýygymyna çekilmegini gadagan edýän buýruk güýje girdi. Bu buýruga 12-nji iýulda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylabow gol çekdi. Şeýlelikde, 2017-nji ýylda kabul edilen zyýanly we howply işler sanawyna “Pagta ýygymçy” we “Pagtaçy” diýen iki sany täze iş goşulypdyr. Bu buýruk Adalat ministrliginde 22-nji iýulda hasaba alyndy.
Türkmenistan aslynda, BMG-niň konwensiýalaryna laýyklykda, çaga zähmetiniň ulanylmagyny, şol sanda ýaş adamlaryň okuw, bilim işinden daşlaşdyrylyp, pagtaçylykda işledilmegini gadagan etjedigini 2005-nji ýylda tassyklapdy. Ýöne indi ýetginjekleriň “pagatçy” bolmagy ‘zyýanly we howply’ iş hasaplanyp, doly gadagan ediljege meňzeýär.
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň 12-nji iýulda çykaran buýrugy bu edaranyň ýolbaşçysynyň 2018-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran buýrugyna esaslanýar.
Täze buýruk on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň Sanawyny kämilleşdirmek maksady bilen düşündirilýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Azatlygyň habarçysy 2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Lebapda okuwçylaryň mekdebe däl-de, pagta meýdanlaryna gatnaýandygyny habar beripdi.
Aýdylmagyna görä, täze buýrugyň ýerine ýetirilişine Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň degişli orunbasary gözegçilik etmeli.
Degişli maglumat Lebapda okuwçylar mekdebe däl-de, pagta meýdanlaryna gatnaýar, hojalyk işleri bilen meşgullanýarÝöne onda soňky ýyllarda köpelen başga bir ýagdaý, kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň pagtaçylykdan beýleki oba hojalyk işlerinde arzan işçi güýji hökmünde ulanylmagy barada hiç zat aýdylmaýar.
Azatlyk radiosy Türkmenistanda çagalaryň jokrama yssyda, saglyk üçin howply ýagdaýlarda işlemäge mejbur bolşy barada yzygiderli habar berýär, emma häkimiýetlerden hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Mysal üçin, Azatlygyň habarçysy geçen ýylyň iýun aýynda Mary welaýatynyň Baýramly etrabynyň mysalynda çagalaryň oba hojalyk işlerine, şol sanda şugundyr we ýeralma ýygnamak ýaly işlere çekilmeginiň dowam etdirilýändigini, bu agyr işler üçin olara käte ujypsyz hak tölense, käte hiç bir tölegiň edilmeýändigini habar berdi.
Oba hojalygyndaky agyr işlerden başga, soňky ýyllarda çuňlaşan ykdysady kirsiz, işsizleriň we daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna çykan adamlaryň köpelmeginiň arasynda, kyn ýagdaýa düşen maşgalasyna kömek etmäge çalyşýan we ençeme sagatlap agyr işlerde işleýän ýetginjekleriň sanynyň ýyl-ýyldan artmagyna getirdi.
“Çagalaryň köpüsi bazarlaryň, uly edara-kärhanalaryň öňünde suw, çal we çilim satýar. Olar her boklaşka suwdan ýa-da çaldan özlerine 1 manat peýda galýandygyny aýtdylar” diýip, Azatlygyň habarçysy geçen ýyl Baýramalyda şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, jokrama yssyda suw satýan çagalar 10-15 ýaşlarynda bolup, olaryň sany köpelmese, azalmaýar.
Çagalar dört tarapy açyk bassyrmalarda gök-bakja önümlerini, gawun-garpyz satýarlar, şäher, oba ýerlerinde, jaýlaryň aralarynda aýlanyp, arabaly ýa arabasyz zat satýan çagalar-da bar. Bazarlarda araba sürüp, alyjylaryň we satyjylaryň agyr ýüklerini daşaýan çagalar hem az däl diýip, habarçymyz aýtdy.
Degişli maglumat “Çagalaryň jokrama yssyda zähmet çekýänini göreniňde juda haýpyň gelýär”Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan çaga zähmetiniň ulanylmagyny, ýagny iş berijileriň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, kämillik ýaşyna ýetmedik işçileri kyn iş şertlerinde, zyýanly ýa-da howply… işlerde ulanmagyny 2005-nji ýylda gadagan etdi. Emma muňa garamazdan, Türkmenistanda çaga zähmeti, şol sanda ýetginjekleriň pagtaçylykda işlemegi ýa işledilmegi, maşgalalaryň eklenç zerurlygy, mätäçlik, maşgalalaryň durmuş goraglylygynyň yzygiderli pese gaçmagy hem-de durmuşyň aşa gymmatlamagy zerarly dowam edýär diýip, synçylar aýdýar.
Sebitiň beýleki pagta öndürýän ýurtlarynda, hususan-da goňşy Özbegistanda we Täjigistanda bolşy ýaly, pagtaçylykda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň giňden ulanylmagy sowet döwründen miras galdy.
Dünýäniň pagta öndürýän esasy ýurtlarynyň onlugyna girýän Türkmenistanyň hökümeti halkara hukuk goraýjy toparlar tarapyndan öz pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanmakda ýyllarboýy tankyt edilýär.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Adam gaçakçylygy boýunça 2024-nji ýyldaky ýyllyk hasabaty türkmen hökümetiniň ýene-de bir ýyl mejbury zähmeti ulanmak, ululary we çagalary her ýyl mejbury pagta ýygymyna çekmek, jemgyýetçilik çärelerinde we beýleki ugurlarda ulanmak syýasatyny dowam etdirendigini aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.