Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Çagalaryň jokrama yssyda zähmet çekýänini göreniňde juda haýpyň gelýär”


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän mahaly, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda zähmet çekýän çagalary has köp görse bolýar. Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan şu günlerde çagalaryň gazanç gözleginde köçelere çykmagyna ýurtda barha agyrlaşýan sosial-ykdysady kynçylyklar sebäp bolýar.

“Çagalaryň köpüsi bazarlaryň, uly edara-kärhanalaryň öňünde suw, çal we çilim satýar. Olar her boklaşka suwdan ýa-da çaldan özlerine 1 manat peýda galýandygyny aýtdylar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şaýat bolan ýagdaýlaryny 30-njy iýunda gürrüň berdi.

Olar 10-15 ýaş aralygyndaky çagalar bolup, biri-birinden öňe saýlanyp, raýatlara suw satjak bolýarlar.

Çagalaryň ýene bir bölegi bazarlarda araba sürüp, ýagny alyjylaryň we satyjylaryň agyr ýüklerini daşap berip, gazanç edýärler.

“Bu işi edýän çagalaryň sany örän köp bolup, olar köpelmese, azalmaýar” diýip, habarçy belledi.

Çagalar dört tarapy açyk bassyrmalarda gök-bakja önümlerini, şol sanda gawun-garpyz hem satýarlar. Olary ýörite arabalara ýükläp, oba ýerlerinde ýa-da jaýlaryň aralarynda aýlap satýan çagalar-da bar.

“Olaryň jokrama yssyda ençeme sagatlap zähmet çekýänini göreniňde juda haýpyň gelýär” diýip, maryly bir ýaşaýjy şaýat bolýan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Bu çagalaryň üst-başy hem öwerlikli bolman, olaryň köpüsiniň geýim-gejiminiň juda könedigini we köp wagt bäri ýuwulmandygyny görse bolýar.

“Köp çaganyň eşigi ýyrtyk, käbir bölekleri ýamalan. Olaryň aýagyndaky şypbyklary hem juda köne” diýip, çeşmämiz belledi.

Ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, köp ene-atanyň işsiz ýa-da girdejisiniň juda pes bolmagy, barha köp çaganyň dynç almak mümkinçiligini çäklendirip, olary jokrama yssyda gazanç gözlegine çykmaga iterýär.

“Köp çaga tomusda işläp gazanan puluna öňümizdäki okuw ýyly üçin okuw esbaplaryny satyn alýar” diýip, çeşmämiz belledi.

Çagalaryň köçelerde zähmet çekýändigi baradaky soňky maglumatlar, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy” tassyklanylmagyndan bir hepde çemesi soňa gabat geldi.

TDH-nyň habarynda aýdylmagyna görä, bu karar çaga hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek maksadyndan ugur alýar.

Bu meýilnama, orta mekdeplerde okuwlaryň tamamlanyp, iýunyň başyndan tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen, köçelerde gazanç gözleýän, oba ýerlerinde agyr zähmetde işleýän çagalaryň köpelmeginiň fonunda kabul edildi.

Galyberse-de, ýurtda çaga zähmeti döwlet derejesinde-de ulanylýar. Ýurtda indi ençeme ýyl bäri çagalar oba hojalygy işlerine, şol sanda şugundyr we ýeralma ýygnamak ýaly işlere çekilýärler. Munuň üçin olara käte ujypsyz möçberde hak tölense, köplenç olar mugt işçi güýji hökmünde ulanylýar.

Türkmen häkimiýetleri çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça ýörite meýilnama tassyklasalar-da, ýurtdaky ykdysady kynçylyklary we şu sebäpli pes girdejili maşgalalarda çagalaryň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik problemalary barada hiç zat aýtmaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG