Aşgabat: Çilim tekjelerden ýitirim boldy

Çilim.

Eýýäm birnäçe günden bäri Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynyň tekjelerinden temmäki önümleri ýitirim boldy. Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda şu ýylyň martynda girizilen düzgüne görä, temmäki önümleriniň söwdasyny resmi ýagdaýda diňe döwletiň eýeçiligindäki dükanlar amala aşyryp bilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, eýýäm dört günden bäri Aşgabadyň çilim satýan döwlet eýeçiligindäki iň iri dükanlarynda çilimiň hiç bir görnüşi tapdyrmaýar.

Soňky bäş aý çemesi wagt bäri paýtagtyň Parahat-1 etrapçasyndaky No-3, No-28 dükanlarynda, 4-nji etrapçasyndaky “Sumbar”, 2-nji etrapçasyndaky “Çynar”, 6-njy etrapçasyndaky “Salam” we “Dostluk” dükanlarynda çilimleriň dürli görnüşleri 10 we 12 manat aralygynda satylýardy.

Emma 25-nji iýula çenli döwlet eýeçiligindäki dükanlaryň witrinalarynda açyk görnüşde satylan çilim önümleriniň häzirki wagtda näme sebäpden ýitirim bolandygy we bu ýagdaýyň haçana çenli dowam etjekdigi barada ne resmi metbugatda, ne-de radio-telewideniýede maglumat berilýär.

Sebäpleri

Öz adynyň efirde agzalmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosyna maglumat beren käbir dükan müdirleri bu ýagdaýyň sebäbini “paýtagtyň söwda bazalarynda, skladlarynda çilimiň ýokdugy” bilen düşündirýärler.

“Bize Aşgabat şäheriniň söwda bazasynda, depolarynda häzirki wagtda çilimiň ýokdugyny aýtdylar. Şonuň üçinem biziň sargytlarymyz ýerine ýetirilenok. Bize ‘Indiki aýyň başyndan başlap çilim, temmäki önümleri ýurda getirilip başlanjak. Şonda çilimi ugradarys’ diýýärler” diýip, paýtagtyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynyň biriniň müdiri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, döwlet eýeçiligindäki käbir dükanlaryň jogapkär işgärleri öz çeşmelerine salgylanyp, “häzirki wagtda çilimiň hiliniň barlagdan geçirilýändigini, şol sebäpden bar bolan çilimleriň satuwynyň hem saklanandygyny” gürrüň berýärler.

“21-nji iýulda Aşgabatda “Saglygy goraýyş we Derman senagaty işgärleriniň güni” mynasybetli, çilim we temmäki önümleriniň hilini barlaýan desga açyldy. Käbir çeşmeler “häzir ýurtdaky çilimleriň hiliniň şol desgada barlanýandygyny, barjalarynyňam satuwa goýbermeýändigini aýdýarlar” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran dükan işgäri aýtdy.

Gizlin ýollar

Azatlyk Radiosyna bu maglumaty resmi ýa-da garaşsyz çeşmelere tassyklatmak başartmady.

Çilim gytçylygy bilen baglanyşykly paýtagtda ýüze çykan bu ýagdaý çilimkeşleri alada goýman duranok. Çilimkeşler telim esse artykmaç töläp çilimi käbir hususy dükanlardan gizlin satyn almaly bolýandyklaryny Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň berdiler.

“Ilki hususy dükanlarda çilimiň satuwyny ýatyrdylar. Indi ol döwlet dükanlarynda-da tapdyrmaýar. Ýöne käbir hususy dükanlarda çilimiň gizlin satuwy dowam edýär. Öň 10-12 manatdan satyn alýan çilimimizi indi bu dükanlardan 20-25 manada satyn almaly bolýarys” diýip, aşgabatly Oraz aýdýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, şu hepdäniň başynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki döwlete degişli dükanlaryň tekjelerinden hem çilimiň ähli görnüşleri ýitirim bolupdy.

Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite karara gol çekip, ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlyny diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berdi. Bu karar kabul edilmezden üç aý çemesi ozal, Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynyň tekjelerinden çilimiň satuwy aýrylypdy.

Mundan öň, ýagny 2011-nji ýylyň maýynda Türkmenistan Bütindünýa saglyk guramasynyň “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulaly bäri, ýurtda temmäki önümleriniň sany göz-görtele azalyp, olaryň bahalary hem telim esse ýokarlandy.