Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy edarasy Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygy döwlet edaralarynyň raýatlaryň ýüzlenmelerine reaksiýasynyň ýokdugyny mälim edipdir. Garaşsyz neşir “Turkmen.news” resminiň ýazmaça ýüzlenmesiniň tekstini çap etdi.
Komitete 2021-nji ýylyň aprelinde ýolbaşçylyk eden Guwançmyrat Agaýewiň ýüzlenmesinde şeýle diýilýär: “Türkmenistanyň Halk Maslakhatyna birnäçe arza, teklip we haýyş gelip gowuşdy. Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty komiteti olary degişli bölümlere garamak üçin iberdi we ýerine ýetirilen işler barada ýazmaça hasabat bermegi haýyş etdi. Emma häzirki wagtda görülýän çäreler barada resmi habar ýok. Bu, raýatlaryň hatlaryna öz wagtynda jogap bermeginiň öňüni alýar. Bu problemalary çözmäge kömek ediň ".
Bu haty çap eden “Turkmen.news” garasyz neşirine görä, Agaýew Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewe ýüz tutupdyr. Neşir hatyň ýazylan senesini anyklaşdyrmaýar we onuň Halk Maslahatynyň ýene bir öýli organa öwrülmeginden öňki döwre degişli bolmagyny çak edýär. Maglumatda Agaýewiň inisiatiwasynyň soňunda nähili netije berendiginiň we Kasymguly Babaýewiň şikaýata beren jogabynyň belli däldigi bellenýär.
Degişli maglumat Lebapda ilatyň arzalaryny kabul edýän topar döredildi. Raýatlaryň hususy jaýlaryny döwlet belligine aldyrmakdaky kösençligi saklanýarResminiň arzasynyň ýanynda 2021-nji ýylyň iýul-sentýabr aýlaryna degişli jogapsyz galan ýedi sany arza agzalýar. Olar Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Annabagt Orazmämmedowanyň iş bilen baglanyşykly ýüzlenmesi, aşgabatly Bahar Kerwenowanyň we Gurbannepes Çorliýewiň ýaşaýyş jaý meselesi, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Suluk Annaýewanyň ýaşaýyş jaý meselesi baradaky arzasy, Mary welaýatynyň ýaşaýjylary Kakabaý we Ogulgurban Baýmyradowlaryň ýaşaýyş jaý meselesi baradaky arzasy, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Setdar Baýramgylyjowyň iş meselesi baradaky arzasy, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Haltaç Sähedowanyň daşary ýurtda bejergi almak üçin resminama almak baradaky arzasy, diýip, Turkmen.news ýedi arzanyň ikisiniň işe ýerleşmek meselesine degişlidigini belläp geçdi.
Halk Maslahatynyň resmisiniň ýüzlenmesine jogap bermedikleriň arasynda Aşgabadyň we Balkan welaýatynyň häkimlikleriniň, şeýle hem Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bardygy habarda aýdylýar.
Garasyz neşir, raýatlar Halk Maslahatyna hat ýazan bolsalar, bu olaryň ozal häkimliklere we ministrliklere ýüz tutandyklaryny aňladýar. Türkmenistanda ýokary derejeli ýolbaşçylara diňe ýerlerde adalat gazanmakdan umytsyz bolan raýatlar ýüzlenýärler, diýip ýazýar we Agaýewiň ýüzlenmesiniň bu meseläniň häkimiýetiň iň ýokary gatlaklaryna mälimdigini we olaryň çäre görmäge iň bolmanda synanyşýandygyny görkezýän seýrek bir mysal diýip belleýär.
Türkmenistanda raýatlaryň arzalaryna seretmek boýunça birnäçe edara döredilipdi. 2008-nji ýylda kanun goraýjy edaralaryň işi bilen baglanyşykly raýatlaryň arzalaryna garamak boýunça prezidentiň ýanynda döwlet topary döredilipdi. Raýatlaryň şikaýatlaryna kanun gorýajy edaralar, şol sanda prokuratura we Ombudsmeniň edarasy hem seredýär.
Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň, Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň, garaşsyz metbugat çeşmeleriniň habar berşi ýaly, Türkmenistanda raýatlaryň arzalary köplenç kanagatlandyrylmaýar. Käbir hadysalarda raýatlar öz hukuklaryny gazanmak synanyşyklary üçin häkimiýetler tarapyndan yzarlanýar.
Häkimiýetler raýatlaryň arzalary bilen baglanyşykly ýagdaý barada düşündiriş bermeýärler, resmi sanlary tas düýpden çap etmeýärler. Şol bir wagtyň özünde, resmi hasabatlarda käwagt peýda bolýan seýrek sanlar, garalýan şikaýatlaryň we ýüzlenmeleriň sanynyň ujypsyzdygyny görkezýär.
Degişli maglumat Türkmen Ombudsmeni täze hasabatynda raýatlaryň hukuklarynyň doly berjaý edilýändigini gaýtaladyHususan-da, Ombudsmeniň soňky hasabatynda 2022-nji ýylda edaranyň raýatlardan jemi 523 ýüzlenmäni, şol sanda raýat we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly 65 ýazmaça we 27 dilden ýüzlenmäniň kabul edendigi aýdylýar. Olardan diňe 7-si kanagatlandyrylypdyr.
Şeýle hem, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, raýatlaryň kanun bozulmalary, jenaýat işleri ýa-da gozgalan jenaýat işleri boýunça derňew çärelerinden nägilelik bildirmegi bilen bagly arzalarynyň köpelendigi bellendi. Hasabatda habar berlişi ýaly, Ombudsmeniň edarasy kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerinden nägilelik bildirýän şikaýatlaryň köpelmeginiň öňüni almak üçin şeýle şikaýatlaryň ýüze çykmagynyň öňüni alyş işlerini güýçlendirmegi, şeýle-de ýüzlenmeleri hasaba almak, olary düýpli öwrenmek we derňew işleriniň barşynda derňew edaralary tarapyndan raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi teklip edýär.
Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça Baş wekiliniň ýyllyk hasabatynda şikaýatlaryň esasan ýaşaýyş jaý meselesi, suduň kararlaryndan we ýerine ýetirilişinden nägilelik, migrasiýa meseleleri, zähmet kanuny, ýer kanunlary, bilim hukugy, hossarlyk hukugy, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň nädogry hereketlerinden nägilelikler, günä geçişler, sosial üpjünçilik, saglyk hukugy, bank meseleleri, propiska - hasaba alyş we gaz, elektrik hem suw bilen baglanyşykly meselelere degişli bolupdyr.
Türkmenistan ýyllarboýy adam hukuklarynyň bozulýandygy we raýatlaryň kanuny hukuklaryny goramak üçin ýurtda iş ýüzünde mehanizmleriň we mümkinçilikleriň ýoklugy üçin tankyt edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.