Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan demokratiýa görkezijileri barlagynda iň pes bahalaryň birini aldy


Bu görkezijileriň ählisinde Türkmenistan mümkin bolan 7 derejeden 1 dereje alyp,  mümkin bolan iň pes bahalaryň birine eýe boldy.
Bu görkezijileriň ählisinde Türkmenistan mümkin bolan 7 derejeden 1 dereje alyp,  mümkin bolan iň pes bahalaryň birine eýe boldy.

Halkara adam hukuklary guramasy "Freedom House" geçiş ýurtlary diýilýände, Ýewropanyň we Aziýanyň ozalky sosialistik blogynyň bir bölegi bolan döwletlerde geçirilen demokratiýa barlaglarynyň nobatdaky ýyllyk netijelerini çap etdi.

Geçirilen barlaglarda demokratiýanyň derejesi ýokary demokratik dolandyryş, saýlaw prosesi, raýat jemgyýeti, garaşsyz metbugat, ýerli demokratik dolandyryş, kazyýet garaşsyzlygy we korrupsiýa ýaly ýedi kriteriýa esasynda kesgitlenilýär.

Bu görkezijileriň ählisinde Türkmenistan mümkin bolan 7 derejeden 1 dereje alyp, mümkin bolan iň pes bahalaryň birine eýe boldy.

Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Türkmenistanyň sebitdäki goňşy ýurtlary bolan Özbegistan 1,21 dereje, Täjigistan - 1,04, Gazagystan - 1,32, Gyrgyzystan - 1,68 dereje, Russiýa bolsa 1,11 dereje aldy.

XS
SM
MD
LG