Türk häkimiýetleriniň ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän migrantlara garşy güýçlendirilen göreşi dowam edýär. Göreşiň çäginde türk polisiýasy ýaşaýyş jaýlaryna, edara-kärhanalara reýdleri geçirýär. Bu aralykda, Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýeden bir türkmen raýaty deport edildi. Bu barada türk metbugat serişdeleri we türkmenistanly migrantlar habar berýärler.
“Nigde welaýat polisiýa bölüminiň geçiren reýdlerinde 729 adam sorag edildi, şeýle-de 83 ulag we 38 kafe barlandy. Barlaglarda tussag edilen 4 daşary ýurt raýaty Nigdäniň deportasiýa merkezine gowşuryldy” diýlip, “Sondakika” neşiriniň 18-nji iýulda çap eden habarynda aýdylýar.
Türkiýäniň esasy şäherleriniň köçelerinde polisiýanyň ýaşaýjylaryň resminamasyny barlamagy bilen bagly ýagdaýlar hem ýygjamlaşdy.
“Demokrat Kocaeli” neşiriniň 19-njy iýulda çap eden habarynda sebitde geçilen reýdleriň dowamynda saklanan we Kojaeli migrasiýa edarasyna iberilen sekiz bikanun migrantyň deport edilendigi mälim edilýär.
Degişli maglumat Türkiýe bikanun migrantlara garşy göreşini güýçlendirdi. Alty türkmenistanly saklandy, başga-da ençemesi deport edildiTürk mediasy saklananlaryň we deport edilenleriň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygyny anyklaşdyrmaýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky ynamdar çeşmesi şu hepdäniň başynda bir türkmen raýatynyň Türkmenistana deport edilendigini aýtdy.
“Deport edilen türkmen raýaty Stambulyň awtoýuwalgalarynyň birinde işleýärdi. Ol geçen aý türk polisiýasy tarapyndan tussag edilip, deportasiýa merkezine ýerleşdirilipdi. Onuň Türkiýä işlemäge gelenine dokuz ýyl bolupdy we ol üç ýyldan gowrak wagt bäri bikanun ýaşaýardy we işleýärdi” diýip, türkmen migranty 19-njy iýulda Stambuldan gürrüň berdi.
Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 gün wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, Türkiýe henizem türkmen raýatlary üçin özüne çekiji ugur bolmagynda galýar.
Şu günler türk polisiýasy daşary ýurtlularyň, şol sanda türkmenleriň ýaşaýan jaýlaryna duýdansyz reýdleri hem geçirýär. Olar öýlere aýlanyp, daşary ýurtlularyň resminamalaryny barlaýarlar. Bu reýdler türk edara-kärhanalaryna hem gurnalýar.
“18-nji iýulda meniň işleýän kärhanama iki polisiýa işgäri duýdansyz gelip, daşary ýurtly işgärleriň resminamalaryny barlady. Meniň bilen başga-da 12 sany daşary ýurtly, şol sanda bir türkmenistanly we iki gazagystanly işleýär. Polisiýa işgärleri, biziň ählimiziň işlemäge rugsatnamamyz bolandygy sebäpli, resminamalarymyzy barlap gitdiler” diýip, Stambuldaky tekstil kärhanalarynyň birinde işleýän türkmenistanly aýtdy.
Degişli maglumat Türkiýedäki wakadan soň, häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurda gitmegini çäklendirmäge ‘çalyşýar’Aýrybaşga üç türk kärhanasynda bikanun, ýagny işlemäge ygtyýarnamasy bolmazdan zähmet çekýän türkmen migrantlarynyň ýene üçüsi bolsa, öz işleýän ýerlerinde heniz polisiýa barlaglarynyň geçirilmändigini aýtdy. Ýöne olar bu barlaglaryň özlerini juda alada goýýandygyny bellediler.
“Barlaglaryň gerimi güýçleneli bäri, her gün işde özümi tiken üstünde oturan ýaly duýýaryn. Bu ýagdaý, psihikama juda ýaramaz täsir edýär” diýip, türkmenistanly Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň biometriki pasportunyň möhletini uzaldyp bermeýändigi sebäpli ne ýaşamaga, ne-de işlemäge ygtyýarnama alyp bilýändigini aýtdy.
Türk Migrasiýa edarasynyň 13-nji iýulda çap eden sanlaryna görä, 209 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini we olaryň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny aýdýarlar.
Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.