Diňle: Türkiýede bikanun migrantlara garşy reýdler: 'Özümi tikeniň üstünde oturan ýaly duýýaryn'
Türk häkimiýetleriniň ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän migrantlara garşy güýçlendirilen göreşi dowam edýär. Göreşiň çäginde türk polisiýasy ýaşaýyş jaýlaryna, edara-kärhanalara reýdleri geçirýär. Bu aralykda, Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýeden bir türkmen raýaty deport edildi. Bu barada türk metbugat serişdeleri we türkmenistanly migrantlar habar berýärler.