Türkiýe ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän migrantlara garşy görýän çärelerini güýçlendirdi. Soňky hepdelerde türk polisiýasy ýurduň dürli sebitlerindäki edara-kärhanalara giň gerimli reýdleri geçirip, bikanun migrantlaryň müňlerçesini saklady. Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýede azyndan alty türkmen raýaty saklandy, başga-da ençemesi deport edildi. Bu barada türk metbugat serişdeleri we türkmenistanly migrantlar habar berýärler.
“Ahaber” kanalynyň 16-njy iýuldaky habaryna görä, soňky bir aýyň dowamynda türk polisiýasy Türkiýedäki bikanun migrantlary gözlemek boýunça geçirýän reýdleriniň sanyny artdyrdy. Bu reýdlerde esasan Türkiýäniň Stambul şäheri we syýahatçylyk sebitleri nyşana alynýar.
“Soňky iki günüň dowamynda geçirilen reýdlerde ýurtda bikanun ýaşaýan 18 sany migrant saklandy. Soňky bir aýyň dowamynda bolsa, 15 müňden gowrak bikanun migrant tutuldy we 6 müňden gowragy deport edildi. Galan 9 müň çemesi bikanun migranty hem deport etmek boýunça resmi proseduralar dowam edýär” diýip, habarda aýdylýar.
Bu çäreler, türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň bikanun migrantlar bilen bagly meselede ep-esli üýtgeşmeleriň boljakdygyny we türk raýatlarynyň muny tiz wagtda görjekdigini aýdan mahalyna gabat geldi. Ol bu barada NATO agza ýurtlaryň liderleriniň geçen hepde Litwanyň paýtgaty Wilniusda geçirilen sammitinden gaýdyp gelensoň eden çykyşynda aýtdy.
Stambulda bikanun işleýän türkmenistanlylaryň dördüsiniň aýry-aýrylykda Azatlyga gürrüň bermegine görä, reýdlerde azyndan alty türkmen raýaty saklanyp, Stambulyň Tuzla sebitindäki deportasiýa merkezine ýerleşdirildi.
Olaryň sözlerine görä, türkmenistanlylar aýrybaşga ýerlerde we aýrybaşga günlerde tutuldy. Olaryň biri dokuz gün öň, galan bäşisi soňky bir hepdäniň dowamynda saklandy.
Azatlyk bu barada Tuzladaky deportasiýa merkezi bilen habarlaşdy. 17-nji iýulda telefona jogap beren türk resmisi bu ýagdaýlar barada diňe degişli raýatlaryň aklawçylaryna ýa-da resmi hossarlaryna maglumat berip bilýändigini aýtdy.
Bu aralykda, Türkiýeden deportasiýa edilýän türkmen migrantlary Türkmenistana dolanyp başladylar. Habarçylarymyz soňky bir hepdäniň dowamynda deportasiýa edilip, watanyna dolanan raýatlaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini aýdýarlar.
“Deportasiýa edilenleriň we biz bilen bir uçarda gelenleriň köpüsi Stambulda saklandy. Şeýle-de, Stambulyň migrasiýa edarasynda başga-da türkmen raýatlary köp. Olara-da ýakyn wagtda Türkmenistana deportasiýa ediljekdigi aýdylypdyr” diýip, geçen hepde Türkmenistana dolanan türkmen raýaty gürrüň berdi.
Türkmenistana dolanan raýatlaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, mundan ozal türk polisiýasy köçelerde bikanun migrantlary gözleýärdi. Ýöne soňky hepdelerde olar edara-kärhanalara, zawoddyr fabriklere reýd geçirip, migrant işçileriň resminamalaryny barlaýarlar.
“Soňky hepdelerde bu reýdleriň gerimi juda güýçlenipdi. Galyberse-de, soňky aýlarda türk häkimiýetleri daşary ýurtlulara, şol sanda türkmenistanlylara işlemäge ygtyýarnamany bermegi juda kynlaşdyrdy. Olar tas bermeýärdiler diýsek hem bolar. Türkmenistandan baranlaryň aglabasy ilkibada alan üç aýlyk ýa-da bir ýyllyk wizasy gutaransoň, bikanun işleýärler” diýip, türkmen raýaty aýtdy.
Bu aralykda, Türkiýäniň bikanun migrantlara garşy göreşi güýçlendirendigi barada geçen hepde garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” hem habar berdi.
Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 gün wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe henizem türkmen raýatlary üçin özüne çekiji ugur bolmagynda galýar.
Türk Migrasiýa edarasynyň 13-nji iýulda çap eden täze sanlaryna görä, 209 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, bu görkeziji 15-nji iýunda 213 müňe golaýdy. Bu sanlar, soňky bir aýdan hem az wagtyň dowamynda, Türkiýede kanuny esasda ýaşamaga ygtyýarnama alan türkmenistanlylaryň sanynyň 4 müň adama çenli azalandygyny görkezýär.
Şol bir wagtda, hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň türk häkimiýetleriniň berýän sanyndan ençeme esse köpdügini we olaryň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny aýdýarlar.
Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany barada maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum