Soňky günlerde Aşgabatda plastmassa gaplary toplaýan çagalaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Bu ýagdaý, ýurtda täze okuw ýylynyň başlanmagyna iki hepdeden hem az wagt galan we gaýtadan işlenip bilinýän plastmassa serişdeleriň bahasynyň ýokarlanan döwrüne gabat geldi.
“Türkmenistanda garyplyk barha ýiti duýulýar. 6-7 ýaşly çagalar boş plastik gaplaryň gözleginde gije-gündiz köçelerde aýlanýarlar. Olar esasan hapa zyňylýan zibil çelekleriniň içinden we onuň golaýyndan plastik gaplary ýygnaýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji awgustda paýtagtdan maglumat berdi.
Çagalary “döner” taýýarlaýan nokatlaryň, restoranlaryň, kafeleriň we garbanyşhanalaryň golaýynda hem köp görse bolýar. Sebäbi bu ýerlerden azyk satyn alan raýatlar onuň ýany bilen plastmassa gaplardaky suwy ýa-da beýleki şireli suwlary hem alýarlar.
Degişli maglumat Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, Aşgabatda we Türkmenbaşyda dilegçilik edýän çagalar köpeldi“Raýatlar ýa-da garbanyşhana işgärleri boşan plastik gaplary golaýdaky zibil çeleklerine oklaýarlar. Çagalar hem olary ýygnaýarlar. Çagalar toý mekanlarynyň golaýynda hem köp aýlanýarlar. Sebäbi dabaradan soň, toý mekanyň işgärleri plastik gaplary zibil çeleklerine oklaýarlar” diýip, habarçy belledi.
Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa çenli gyzýan şu günlerde agşamara salkynlamak üçin seýilgählere barýan paýtagtlylaryň artmagynyň fonunda, plastik gaplary ýygnaýan çagalary bu ýerlerde hem köp görse bolýar.
“Ýaşaýjylar salkynlamak üçin ýanlary bilen plastik gaplardaky suwlary, şireli suwlary eltýärler we olaryň boşan gaplaryny zibil çeleklerine oklaýarlar. Çaglar bu çeleklerdäki gaplary ýygnaýarlar. Käte olaryň özleri seýilgählerdäki ýaşaýjylardan boşan gaplary soraýarlar. Käbir ýaşaýjylaryň olara rehimi gelip, olara pul berýärler” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.
Çagalaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, olar pul gazanmak üçin, şol sanda okuw esbaplaryny satyn almak üçin plastik serişdeleri ýygnaýarlar. Olar bulary plastik serişdelerini satyn alýan hususy nokatlara tabşyrýarlar.
“Bu nokatlar köplenç howly jaýlarynda ýerleşýär. Olar biz bilen nagt hasaplaşýarlar. Plastik serişdeleri satyn alýan resmi nokat ýok” diýip, çagalaryň biri aýtdy.
Geçen aýyň ortalaryndan bäri Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ene-atalaryň köpüsinde çagalaryny mekdebe taýýarlamak üçin maddy serişdeleriň ýokdugyny habar berip gelýärler. Çagalaryň özleri zerur okuw esbaplaryny satyn almak üçin gazanç etmäge, dürli işlerde işlemäge, plastik gaplary ýygnamaga ýa-da dilegçilik etmäge mejbur bolýarlar.
Plastik gaplary ýygnaýan çagalaryň köpelmegine täze okuw ýylynyň golaýlamagy bilen bir hatarda, gaýtadan işlenip bilinýän plastmassa serişdeleriň bahasynyň ýokarlanmagy hem sebäp boldy.
“Mundan bir-iki ýyl ozal plastmassa serişdeleriň bir kilogramy 5-7 manatdan satylýardy. Soňra onuň bahasy 20-50 teňňä çenli aşaklady. Şol döwür köçelerde plastmassa gaplaryň üýşmeleňleri hem köp üýşýärdi. Sebäbi olaryň bahasy aşa arzandy. Häzir onuň bahasy ýene 1 manada ýokarlandy” diýip, paýtagtdaky başga bir habarçymyz aýtdy.
Degişli maglumat Okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýetginjekler bazarlarda üzärlik tütedip gazanç edýärlerÇagalar plastik gaplary ýygnamagyň o diýen aňsat däldigini, dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny hem aýdýarlar.
"Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri olary özlerine bäsdeş hasaplap, çagalary zibil çelekleriniň golaýyndan kowýarlar. Sebäbi jemagat işgärleriniň özleri plastik gaplary ýygnap, ýörite nokatlara satýarlar." diýip, paýtagtly çaga belledi.
Galyberse-de, çagalar ýygnan plastik gaplary bilen birlikde jemgyýetçilik transport serişdelerine hem münüp bilmeýärler.
"Sürüjiler plastik serişdeleriniň dürli ýerlerden, şol sanda jemgyýetçilik hajathanalarynyň, hassahanalaryň golaýyndan hem ýygnalýandygyny belläp, olaryň dürli keselçilikleri ýaýradyp biljekdigini aýdýarlar" diýip, çaga sözüni jemledi.
Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar we giň ýaýran işsizlik, munuň bilen bir wagtda harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagy, ýurtda el serýän, zibil dörýän, ogurlyk we talaňçylyk edýän raýatlaryň, şol sanda çagalaryň köpelmegine getirdi.
Häkimiýetler çagalary "kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, ömrümiziň dowamaty” häsiýetlendirip, olaryň “bagtyýar zamanada ýaşaýandygyny” ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Ýöne olar ykdysady kynçylyklary we onuň çagalara ýetirýän täsirlerini boýun alman gelýärler.
Degişli maglumat Balkanda 'prezidentiň abraýyna kölege salýandygy' aýdylyp, dilegçilere we zibil dörýänlere garşy reýd geçirildiGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.