Bazarda aýlanyp ýören dürli ýaşdaky çagalary ýurduň hemme ýerinde görüp bolýar. Tomus aýynyň ahyrynda olaryň sany hasam köpelýär. Soňky günlerde bolsa, Türkmenabadyň bazarlarynda täze bir ýagdaý peýda boldy - ýetginjekler köpçülikleýin üzärlik tütedýärler. Ýetginjekler bazaryň ähli ýelerinde aýlanyp, gurak oty tusseledýärler. Azatlygyň ýerli habarçysy çagalaryň edýän bu işi bilen gyzyklandy.
Howanyň kyrk gradusa çeni gyzýan wagtynda yssyda ellerinde tusseleýän üzärligi göterip ýören okuwçylaryň köpüsi 10-14 ýaş aralygyndaky oglan çagalar. Has uly ýaşly çagalar bazaryň girelgesinde durýar.
"Gerekli zatlary satyn almak üçin merkezi bazara gelenimde dessine ellerinde ýanyp tüsseläp duran üzärligi göterip ýören bäş çagany gördüm. Howanyň 40 gradus yssysynda ellerinde tütäp duran üzärligi göterip duran çagalary bazaryň her bir boleginde görmek bolýar. Ýaş oglanlaryň ýüzi, elleri tüsseden gap-gara bolup kirläp gidipdir" - diýip, diýip Azatlygyň habarçysy 14-nji awgustda aýtdy.
Ýetginjekleriň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, olar pul gazanmak üçin, şol sanda okuw esbaplaryny satyn almak üçin üzärligi ýakýarlar.
"Bu oglanlar üzärlik tütedip gazanç edip mekdebe gerekli zatlaryny, egin-eşik satyn aljak bolýarlar. Häzir bazarlarda adam köp bolýar. Mekdep üçin hem haryt satylýar" - diýip, habarçymyz aýdýar.
Türkmenistanda üzärlik tütetmek adaty giňden ýaýran. Hökümet tarapyndan hem öňlanýan bu ösümligiň il içinde dermanlyk we gorag güýjüniň bardygyna ynanylýar. Üzärligiň tüssesiniň dermanlyk peýdasy barada Türkmenistanyň ýolbaşçylary hem öňden bäri öňe sürýärler. Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bir wagt üzärligiň koronawirus ýaly howply kesellere garşy täsir edýändigini öňe sürüpdi.
Türkmenabatdaky habarçylaryň sözlerine görä, çagalaryň bazarlarda alyjylara we satyjylara üzärlik tütetmek ususy şu aýda peýda bolupdyr. Munuň bilen birlikde ozalkysy ýaly dilegçilik edýän adamlar hem köp, olaryň arasynda maýyplar we çagalar bar: "Dilegçilik edýänler barha köpelýär. Biriniň aýagy ýok, beýlekisiniň gözi görmeýär. Ene-atalaryň köpüsinde çagalaryny mekdebe taýýarlamak üçin maddy serişdeleri ýok bolansoň, çagalaryň özleri hiç bolmanda zerur zatlary satyn almak üçin pul ýygnamaga mejbur bolýarlar".
Awgust aýynyň başynda Aşgabatdaky we Türkmenbaşydaky habarçylar okuw ýylyň golaýlamagy bilen dilegçilik edýän çagalaryň sanynyň köpelendigini habar beripdiler.
Bu aralykda, bahalaryň ýokarlanmagynyň fonunda çagany mekdebe taýýarlamak maşgalalaryň köpüsi üçin agyr ýük bolup durýar.
Mekdep eşikleri, okuw esbaplary, portfeller, şeýle hem nagyşly tahýa bularyň hemmesi, iň azyndan alnanda 1800 manada ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça 514 ABŞ dollaryna barabar bolýar we ýurtdaky ortaça aýlyga gabat gelýär. Has ýokary hilli önümler çykdajylaryň umumy bahasyny birnäçe esse artyp bilýär. Mekdep okuwçylary üçin aýakgap has uly çykdajy bolýar.
"Aýakgaplar ýerli hususy öndürijilerden ýa-da import edilýänlerden bolmagyna garamazdan gaty gymmat. Arzan aýakgaplary 220-250 manata satyn alsaňyz, bir aýa-da ýetmän sandan çykýar, ökjesi gopýar ýa-da aşagy gaçýar. Şonuň üçin ene-atalar has uly çykdaja galmajak bolup, gymmatrak aýakgap satyn almaga synanyşýarlar. Bir köwüş azyndan 600-700 manada ýetýär, şeýle köwüş hiç bolmanda bir ýyla golaý wagtlap geýmäge ýaraýar"- diýdi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Şeýle-de, habarçylar ýylsaýyn ilatyň arasyndaky sosial bölünişigiň has köp göze ilýändigini aýdýarlar.
"Häzirki wagtda ähli mekdeplerde synplar okuwçylaryň maddy üpjünçiligine görä bölünýär. Mysal üçin, käbir synplar baý maşgalalaryň çagalaryndan düzülýär, beýlekilerde az girdejili maşgalalaryň çagalary okaýar" -diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Türkmen hökümeti ykdysady kynçylyklar we ilatyň durmuş derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly meseleleri resmi derejede agzamaýar. Häkimiýetler ýurtdaky işsizlik derejesi we kömege mätäç pes girdejili maşgalalaryň sany barada resmi maglumat çap etmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum