Nyýazowyň adyny göterýän şäher hassahanasy ilat tarapyndan köp barylýan lukmançylyk edarasy bolmagyna galýar. Şol bir wagtyň özünde hassahananyň şertleri barha ýaramazlaşýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu lukmançylyk edarasynyň şertleri barada habar berýärler.
Bir wagtlar, onlarça ýyl mundan ozal abraýly hasaplanýan bu lukmançylyk edarasy indi hatda aşa sada şertlere öwrenişen hassalary-da gorkuzýar.
Oguzhan adyndaky merkezi köçede ýerleşýän hassahananyň daşy goňşy binalardan kän bir tapawutlanmaýar. Fasadlar boýalan, howlusy tertipli, ýöne içerde hassalar başdan geçirenlerini “elhenç” diýip häsiýetlendirýärler.
"Ysdan ýaňa otaglarda bolar ýaly däl. Gireniňde peşewiň ysy burnuňa urýar, gözüňi ýarardýar" - diýip, habarçymyz gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, düşeklere peşewiň ysy siňipdir, düşekler tagtabitden doly we otaglaryň içinde saçakçy köp. Düşekler, ýorganlar we ýassyklar ençeme ýyl bäri täzelenmändir.
Degişli maglumat Nyýazow adyndaky hassahanada ýokanç keseller bölümi döredildi, Daşoguz keselhanalary hassalardan boşadylýarKeselhanada düşürilen wideoýazgylarda könelip, ýükalyp giden düşekler bilen örtülen, köne krowatlary, golaýda reňklenmedik diwarlary we çat açan pol plitalaryny görmek mümkin.
"Palatalardaky penjireler şeýle bir köne we çagşan welin, olar açylmaýar. Käbirleri bolsa açyk we ýapylmaýar, penjirelerde tutawaç ýok. Käbir palatalarda hassalar arassa howasyz ýatýarlar, beýlekilerde bolsa şemal urýar. Keselhananyň içindäki gapylar ýapylmaýar, ýapylsa-da, açylmaýar" - diýup, habarçy aýtdy.
Otaglaryň arassaçylygy hem kadaly däl. Arassaçylyk işgärlerine gaty çäkli serişde berilýär. Olar otaglary, hajathanalary üç prosentlik hlor ergini bilen ýuwmaly bolýarlar.
"Olar şol suwuklyk bilen hassahananyň otaglaryny mata bölegini batyryp ýuwýarlar, syrýarlar" diýip, habarçy aýtdy.
Keselhananyň işgärleri anonim gürrüňdeşlikde bu ýagdaýy döwlet tarapyndan maddy goldawyň gowşaklygy bilen düşündirýärler. Olar abatlaýyş, arassaçylyk we beýleki zerurlyklar üçin ýeterlik pul berilmeýär diýýärler.
Habarçynyň sözlerine görä, hajathanalarda kagyz hem el ýuwmak üçin sabyn ýok. Antiseptikler asla göz öňünde tutulmandyr.
Bu şertlerde näsaglar däri-dermanlardan başlap, arassaçylyk we beýleki zerurlyklaryny hem-de azygyny öz hasabyna üpjün etmäge mejbur bolýarlar.
Keselhanadaky iýmit adatça suwa gaýnadylan bugdaý ýa-da başga däneden edilen bulamakdan ybarat.
Azatlyk Radiosynyň hassahanaky ýagdaý barada bu lukmançylyk edarasynyň resmileri bilen gürleşmek synanyşygy netije bermedi.
Nyýazow adyndaky keselhanadaky şertler we hyzmatlar ýyllaryň dowamynda, esasanam soňky birnäçe ýylda hasam erbetleşdi. 2019-njy ýylyň noýabr aýynda keselhananyň gyssagly kömek bölüminde lift bozuldy we adam heläkçiligine getirdi. Bozulan liftler birnäçe aýlap bejerilmedi we lukmançylyk işgärleri hassalary basgançaklarda göterip düşürmäge mejbur bolupdy.
Degişli maglumat Çoganlynyň hassahanasynda näsaglary 'gorkuzyp, olardan para alýarlar'Nyýazow keselhanasynda bejergi alan näsaglarynyň aýdyşy ýaly, olaryň arz-şikaýatlary netije bermeýär, lukmanlar şikaýat edýän näsaglara täze lukmançylyk merkezlerine ýüz tutuň diýýärler.
Habarçylaryň sözlerine görä, köpçüligiň Nyýazow keselhanasyna barmagynyň sebäbi pes girdejili adamlar üçin beýleki şäher hassahanalarynyň hasam erbet hasaplanýandygy bilen baglanyşykly. Täze gurlan häzirki zaman lukmançylyk merkezlerindäki we klinikalardaky hyzmatlaryň bahalary köpler üçin elýeterli däl. Mundan başga-da, bejergi üçin töleg diňe resmi nyrhlar bilen çäklenmeýär, köplenç üstüne para hem bermeli bolýar, onuň mukdary käwagt bejerginiň resmi bahasyndan hem ýokary bolýar.
Hususan-da, Aşgabatdaky newrologiki klinika ýerleşdirmek üçin ortaça 10 müň manat möçberinde para soralýar, bu Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça 2 857 ABŞ dollaryna barabar bolýar.
Soňky on ýylda Türkmenistanda onlarça lukmançylyk merkezi guruldy, olaryň köpüsi paýtagtda ýerleşýär.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygyny ýurduň saglygy saklaýyş pudagynda gazanylan üstünlik hökmünde görkezýärler.
10-njy oktýabrda Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belledi. Ýurtda 30 ýyl çemesi Milli saglyk programmasy hereket edýär. Türkmen resmileriniň sözlerine görä, bu zatlar saglyk pudagynyň üstünliklerinden habar berýär. Halk maslahatynyň başlygy öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň saglyk pudagynyň esasynda duranlaryň biri hasaplanýar. Ol prezident bolmazdan ozal, 10 ýyllap saglyk pudagyna baştutanlyk etdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.