1990-njy ýyldan öň öndürilen köne awtoulaglar polisiýa bölümlerinde ýörite hasaba alnyp başlandy

Illýustrasiýa suraty.

Şu günler Lebap welaýatynyň polisiýa bölümleri 1990-njy ýyldan öň öndürilen köne awtoulaglary ýörite bellige alyp başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji oktýabrda sebitden habar berdi.

“Öndürilen ýyly 1990-njy ýyldan aňyrda bolan awtoulaglaryň eýeleri awtomobil ulagyna degişli resminamalar bilen polisiýa bölümlerine çagyrylýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Ýerli polisiýa edaralary kompýuter ulgamynda köne awtoulaglaryň ýörite hasabyny ýöredýärler we birnäçe ýyl bäri guratlyk barlagyndan geçirilmedik awtoulaglary seljerýärler.

Hususan-da, soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýetler köne awtoulaglary ulanyşdan aýyrmaga gönükdirilen çärelerini ýygjamlaşdyrdy.

Degişli maglumat Aşgabatlylar 20 ýyldan köne ulaglaryny diňe beýleki sebitde ýazga duranlara satyp bilýärler

Geçen ýylyň noýabr aýynda habarçylarymyz paýtagt Aşgabatda Polisiýanyň Ýol gözegçiligi gullugynyň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasynda 20 ýyly dolan awtoulaglaryň guratlyk barlagyna goýberilmeýändigini habar berdiler.

Munuň yz ýany, şeýle çäreler şu ýylyň aprelinde Balkan welaýatynda hem durmuşa geçirildi we häkimiýetler 2000-nji ýyldan öň öndürilen awtoulaglary “tehniki gözegçilikden” geçirmekden ýüz öwrüp başladylar. Şonda awtoulaglary hasaba alyş edarasynyň işgärleri häkimiýetleriň şeýle çäreler bilen sebiti “köne” ulaglardan arassalamagy maksat edinýändiklerini aýtdylar.

Lebapdaky habarçymyz 33 ýyllyk ýa-da has köne awtoulgalaryň etraplarda we oba ýerlerinde heniz hem ulanylýandygyny habar berýär. Ýerli ýaşaýjylar mallara ot daşamakda, ýa-da oba hojalyk önümlerini merkezlerdäki bazarlara äkidip satmakda köne ulaglaryň hyzmatlaryndan heniz hem peýdalanylýandygyny aýdýarlar. Hatda etraplarda we oba ýerlerinde käbir sürüjiler köne ulaglarda "taksiçilik" edýärler, adam gatnadýarlar.

Türkmenistanyň gündogar sebitinde polisiýa işgärleri hojalyklarda hasaba alnan köne awtoulaglaryň işläp-işlemeýändigini kähalatlarda hut özleri barlap görýärler.

“Soňra awtoulagyň sürüjisini ulagyň gapdalynda goýup, surata-da düşürýärler” diýip, bir lebaply ýaşaýjy aýdýar.

Mälim bolşuna görä, bu sebitde häzirki pursatda köne awtoulaglar boýunça diňe maglumat toplanýar. Ýerli häkimiýetler 1990-njy ýyldan aňyrda öndürilen ulaglar boýunça heniz resmi görnüşde hiç hili bildiriş ýa-da beýanat çap etmedi.

Şeýle-de, köne awtoulaglaryň ýörite hasabynyň ýöredilmeginiň mümkin bolan sebäpleri aýdylmaýar.

Degişli maglumat Balkanda 2000-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglar tehniki barlagdan geçirilmeýär

Ulag eýeleri polisiýa edaralaryna baranlarynda olaryň özleriniň we ulaglarynyň resminamalarynyň göçürmeleri alnyp galynýar. Ulag eýesiniň ady we familiýasy kompýutere girizilýär.

Habarçylarymyz ulaglaryň we ulag eýeleriniň ähli maglumatlarynyň kompýuterleşdirilen ýeke-täk maglumat bazasynda toplanylýandygyny habar berýärler.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda häkimiýetler soňky wagtlarda ulaglaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirleri boýunça hem käbir tejribeleri durmuşa geçirip başladylar.

Ýatlasak, ýol howpsuzlygyna bagyşlanan sentýabr aýynda ýurduň paýtagtynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň işgärleri köçelerde käbir ulaglary saklap, awtoulaglaryň tüsse çykarlaryndan howa zyňylýan kömürturşy gazynyň möçberlerini ölçediler.

Lebapda polisiýa işgärleri köp ýyl bäri guratlyk barlagyndan geçirilmedik ulaglaryň eýelerinden düşündiriş alýarlar we näme sebäpden öz ulaglaryny wagtly-wagtynda tehniki gözegçilikden geçirmeýändiklerini anyklaýarlar.

Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynda köne awtoulaglaryň ýörite hasabynyň ýöredilmegi boýunça ýerli resmilerden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.