Şu günler Aşgabatda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasy 2001-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglaryň “tehniki guratlyk gözegçiliginden geçirilmegine” rugsat bermeýär, diýip paýtagtly sürüjiler aýdýarlar.
Ýeňil awtoulaglaryň guratlyk barlagyna goýberilmezligi Aşgabadyň awtoulag bazarynda 2000-nji we 2001-nji ýyllardan aňyrda öndürilen awtoulaglaryň sanynyň köpelmegine getirdi.
“Aşgabat şäheriniň awtomobil bazary 2001-nji ýylda öndürilen awtoulaglardan dolupdyr” diýip, ulag söwdasy bilen paýtagta baran daşoguzly ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.
Habarçymyz bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan paýtagtly ulag eýeleri bu düzgüniň heniz welaýatlarda ýerleşýän Tehniki anyklaýyş we hasaba alyş edaralaryna degişli däldigini aýdýarlar.
“Welaýatlarda 1990-njy ýylda öndürilen awtoulaglar hem tehniki guratlyk barlagyndan geçirilýär” diýip, ulag söwdagärleri aýdýarlar.
Ulag söwdasy bilen Aşgabada baran raýatlar awtoulag bazarynda, esasan, öndürilen senesi 2001-nji ýyldan aňyrda bolan “Toyota Camry” we “Toyota Corolla” kysymly awtoulaglaryň köpelendigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy Aşgabatda ýeňil ulaglaryň tehniki barlagy bilen bagly iş ýüzünde güýje girizilen täze talaplar barada paýtagtyň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasyndan teswir alyp bilmedi.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabadyň awtoulag bazarynda ulag eýeleriniň sebitlerden hyrydar gözleýändiklerini habar berýär.
“Daşoguz welaýatyndan baran söwdagärler 2000-nji ýylda öndürilen “Toyoto Camry” kysymly ýeňil awtomobili satyn aldylar. Onsoň, birnäçe aşgabatly raýat olaryň daşyna üýşüp, öz ulaglaryny hem satyn almaga hyrydar tapyp bermegi haýyş etdiler” diýip, bazara baran ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.
Täze çäklendirmeleriň arasynda, ulag eýeleri özleriniň köne awtoulagyny satyp, täze ulag satyn almak isleýändiklerini, şeýlelikde öňümizdäki birnäçe ýylyň dowamynda ulaglaryň tehniki barlagy bilen bagly aladalardan azat bolmak isleýändiklerini aýdýarlar.
“Men häzirki awtoulagymy satyp, 2017-nji ýylda öndürilen ulagy satyn aljak. Şeýdip, guratlyk barlagyndan iň bolmanda birnäçe ýyl bir dynsadym!” diýip, paýtagtly ulag eýesi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýöne täze talaplar maşyn bazarynda ulaglaryň bahasyna onçakly täsir etmedi.
“20 ýyly dolan awtoulaglaryň tehniki guratlyk barlagyndan geçirilmegine rugsat berilmeýändigine garamazdan, bahalar gymmat. Ulag satyjylar 2000-nji ýa-da 2001-nji ýyllarda öndürilen “Toyota Camry” we “Toyota Corolla” kysymly awtoulaglaryny 5 müň dollardan, ýa-da 100 müň manatdan aşak satmak islemeýär. 20 ýyllyk gurat awtomobiliň bahasy 5 müň dollar” diýip, bir ulag söwdagäri gürrüň berdi.
Bu aralykda, Türkmenistan serhetden ýurduň çägine goýberilýän awtoulaglaryň öndürilen senesi bilen bagly girizen çäklendirmelerini hem saklap galýar.
Türkmenistanyň Gümrük gullugyna görä, häzirki wagtda öndürilen ýyly hasaba alynmanda 5 ýyly dolan hem-de öndürilen ýylyna garamazdan, zyýan ýetendigi ýa-da zaýalanandygy anyklanan awtoulag serişdeleriniň ýurduň çägine goýberilmegi gadagan edilýär.
Bulardan başga-da, türkmen häkimiýetleri 2021-nji ýylda “Mercedes” kysymly awtoulaglaryň ýurda goýberilmegini doly gadagan etdi. Şol bir wagtda, 2017-nji ýyldan soň öndürilen dürli kysymdaky “BMW”, “Volkswagen”, “GMC”, “Chrysler” we “Tesla” kysymly awtomobil ulaglarynyň dürli görnüşleriniň ýurda girizilmegi gadagan edildi.
Türkmenistanyň içeri işler edaralary paýtagtda awtomobil ulaglarynyň öndürilen senesi bilen bagly girizen täze talaplary we bu talaplaryň sebäpleri barada resmi beýanat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum