Mekdebe taýýarlyklar ene-atalaryň aladasyny artdyrýar

Mekdep üçin harytlaryň bazary. Aşgabat

Täze okuw ýyly gün-günden ýakynlaşýar. Bu, mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryny çagalaryny mekdebe taýýarlamaga howlukmaga mejbur edýär. Käbirleri täze zatlary satyn almak boýunça soňa galdyran işlerini etmäge gyssanýar, beýlekiler, esasanam puly bolmadyk maşgalalar, ulanylyşda bolan zatlary edinýärler ýa-da köne geýimleri tertibe salýarlar.

Mekdebe täze geýimleri satyn almaga hemme maşgalada mümkinçilik ýok. Habarçylaryň sözlerine görä, köp maşgala täze zatlary satyn alman, ulanylan zatlary edinýärler. Maddy kynçylyklar sebäpleriň diňe biri bolup, beýlekisi maliýe taýdan has elýeterli harytlaryň hiliniň pesligi bilen bagly. Köp adam üçin ýokary hilli eşikler we aýakgaplar elýeterli däl, arzan harytlar bolsa, sarp edilen pula degmeýär.

Habarçylaryň sözlerine görä, döwlet tarapyndan guralan bazarlarda esasan ýurduň içinde öndürilen önümler saylýar, olaryň görnüşleri birmeňzeş bolup, alyjylary hödürlenýän eşikleriň hili hem kanagatlandyrmaýar.

Degişli maglumat 'Käbiri para berip mekdep saýlaýar, käbiri okuw esbaplaryny satyn alyp bilmeýär'.

"Ýarmarkalarda ýerli öndürijileriň önümi bolan eşikler satylýar. Olaryň matasynyň we tikilişiniň hilli pes, köplenç çagalara laýyk gelmýär. Köp adam azyndan bir ýyla bir ýetermikä diýip, olary çykgynsyzlykdan satyn almaly bolýar" - diýip, Türkmenabatdaky bazarda alyjy aýýdýar.

Mekdep üçin harytlary satýan ýöriteleşdirlen ýarmarkalar hemme ýerde gurnalýar. Mekdebe zerur önümler hususy dükanlarda hem satylýar we olar esasan Türkiýede we Özbegistanda öndürilen harytlar.

Satylýan harytlaryň bahalary esli tapawutlanýar. Mysal üçin, döwlet ýarmarkalarynda arzan balaklaryň bahasy 140 manatdan, köýnekler 100 manatdan başlanýar. Hususy dükanlarda has gowy hilli jalbaryň bahasy 300 manatdan başlanýar, Türkiýede öndürlen köýnekleriň bahasy hem şeýleräk.

Okuwça geýimden we aýakgapdan başga-da portfel, ýazuw esbaplary we ýene-de başga dürli zatlar gerek bolýar.

Umuman alnanda, ähli çykdajylary göz öňünde tutup, çagany mekdebe taýýarlamak üçin 1700 we 2000 manat aralygynda pul gerek bolýar bu Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça ortaça 486-570 ABŞ dollaryna barabar.

Ene-atalaryň sözlerine görä, köpçülikde ýeterlik pul bolmansoň, arzan haryt saýlamaga mejbur bolýar. Şol bir wagtyň özünde, iň arzan zatlary saýlanda-da bir çaganyň okuw esbaplary üçin azyndan 1000 manat ýagny 285 dollar çemesi pul gerek bolýar.

Emma käbir maşgalalar hatda iň arzan harytlary hem satyn alyp bilmeýär. Girdejisi az bolan ene-atalar pes hilli täze zatlara pul harçlamazlygy makul bilýärler.

"Iki gezek ýuwlandan soň, şeýle eşikler daşky görnüşini ýitirýär we kiçelip galýar. Ýöne olara-da pul gidýär we biz hemişe täze eşik satyn alyp bilmeýäris" - diýip, türkmenabatly mekdep okuwçylarynyň ejesi aýdýar.

Degişli maglumat Okuw ýylynyň öňüsyrasynda plastmassa gaplary toplaýan çagalar göz-görtele köpeldi

Käbir ene-atalar üçin çagalaryny mekdebe taýýarlamak örän agyr meselä öwrülýär.

Ýurtdaky agyr işsizlik, ilatyň durmuş derjesiniň peselmegi we bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy zerarly käbir maşgalalar çagalaryny zerur zatlar bilen üpjün etmek üçin zerur mukdarda pul ýygnap bilmeýärler, käbir maşgalalarda birnäçe mekdep okuwçysy bar.

Bu ýagdaýda kimdir biri öň ulanylyşda bolan zatlary satyn alýar ýa-da geçen ýyldan galan zatlary timarlap gaýtadan ulamaga çalyşýar, käbirler köne geýimleri garyndaşlaryndan ýa-da tanyşlaryndan soraýar.

Käbir maşgalalarda çagalar mekdebe özbaşdak taýynlyk görmäge mejbur bolýarlar. Çagalaryň bir bölegi dynç alyş möwsüminde işleýär, käbirleri zerur zatlaryny satyn almak üçin hatda dilegçilige baş goşýar.

Türkmen häkimiýetleri we döwletiň gözegçiligindäki habar serişdeleri ýurtdaky sosial-ykdysady kynçylyklary we ilat köpçüliginiň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryny agzamaýar.

Degişli maglumat Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, Aşgabatda we Türkmenbaşyda dilegçilik edýän çagalar köpeldi

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.