Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri geçirilýän mahaly, häkimiýetler ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagy dowam etdirýärler. Mary welaýatynyň býujet işgärleri bu işleri amal etmäge ýa-da özlerine derek hakyna adam tutup ibermäge mejbur edilýärler. Bu waka, Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti bes etmek baradaky borçnamasyny berjaý edişine syn eden mahalyna gabat gelýär.
“Marynyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi we ýekelemek işlerini ýerine ýetirmek ýene býujetçileriň üstüne ýüklenýär. Olardan gowaça meýdanlaryna gitmek talap edilýär. Köp edarada işgärlerden pul toplanýar we bu pula hakyna işçiler tutulýar” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 13-nji iýunda aýtdy.
Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary her gün irden sagat 7:00-da 15 töweregi işçini awtobusa mündürip, gowaça meýdanlaryna iberýärler. Awtobus gatnawlary welaýat häkimligi tarapyndan gurnalýar.
Degişli maglumat HZG Türkmenistan boýunça synyna başlan mahaly, garaşsyz hukuk toparlary täze hasabat ýaýratdyHer bir işgär hakyna tutma işçiler üçin edara ýolbaşçysyna 50 manady nagt tabşyrýar. Işgärden bir aýyň dowamynda üç gezek pagta meýdanyna adam ugratmak talap edilýär. Bu, işgäriň bir aýda 150 manady edara ýolbaşçysyna tabşyrmaly bolýandygyny aňladýar.
“Hakyna tutma işçilere gündelik 30 manat tölenýär. Edara ýolbaşçylary we häkimlik işgärleri býujet işgärleriniň berýän 50 manadyndan 20 manady öz jübülerine urýarlar” diýip, maryly býujet işgäri aýtdy.
Býujet işgärleri özlerinden ýygnalýan puluň möçberiniň aýdan-aýa köpelmese azalmaýandygyny aýdyp, ykdysady kynçylyklaryň, azyklaryň we hyzmatlaryň gymmatçylygynyň arasynda, alýan zähmet haklarynyň aýyň ýarysyna çenli-de ýetmeýändigini belleýärler.
“Başlyklar näçe alsalar-da doýmaýarlar. Pul bermeýän işgärleri dürli bahanalar bilen işden çykar ýaly edýärler. Işgärler ýygnalýan pullary bermäge mejbur bolýarlar. Ýöne işgärler sesini çykarmaýandygy sebäpli ýygnalýan pullaryň möçberi aýdan-aýa artýar” diýip, býujet işgäri belledi.
Bu aralykda, Maryda howanyň temperaturasy 40 gradusdan aşýan şu günlerde gowaça ýekelemek işlerini geçirýän işçileriň we daýhanlaryň iş şertleri hem öwerlikli däl. Tutuş gününi aşa yssy howada, Günüň aşagynda geçirýän işçileriň, daýhanlaryň, şeýle-de çagalaryň arasynda saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýanlar hem bolýar.
“Köp kärendeçi çagalary bilen zähmet çekýär. Çagalaryň ençemesiniň içinden ýalyn, kellesinden gün geçip, hassahana ýüz tutýanlar hem bolýar” diýip, ýerli daýhan aýtdy.
Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýat häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.
Degişli maglumat ‘Gowaçanyň otag işleri üçin’ býujet işgärlerinden pul ýygnalýarTürkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň oba hojalyk pudagynda, şol sanda gowaça, şugundyr, ýeralma, pile önümçiliginde býujet işgärleriniň mejbury zähmetinden peýdalanmagy we munuň üçin olardan pul ýygnamagy ýyllarboýy dowam etdirýärler. Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylary bu barada yzygiderli maglumat berýärler.
Soňky ýyllarda hukuk toparlarynyň ençemesi Türkmenistany özüniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt etse-de, türkmen häkimiýetleri ýurtda mejbury zähmetiň bardygyny ret edip gelýärler.
Häkimiýetleriň ýurduň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanýandygy baradaky soňky maglumatlar, Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti bes etmek baradaky borçnamasyny berjaý edişine syn edýän mahalyna gabat geldi.
HZG 5-16-njy iýun aralygynda Ženewada 111-nji ýyllyk konferensiýasyny geçirýär. Guramanyň Ülňüleri ulanmak baradaky komiteti (CAS) 12-nji iýunda Türkmenistanyň mejbury zähmeti ýatyrmak baradaky konwensiýany (No.105) berjaý edişine syn etdi. Synyň netijeleri heniz köpçülige elýeterli edilmedi.
Bu aralykda, dünýäde mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy göreşýän bileleşik bolan Pagta kampaniýasy we garaşsyz türkmen hukuk toparlary bu waka gabatlap, 12-nji iýunda Türkmenistanyň pagta hasyly wagtynda giňden ýaýran mejbury zähmeti dokumentleşdirýän täze hasabaty köpçülige ýaýratdy. Hasabatda hökümetler, kompaniýalar we işçiler guramalary esasy zähmet hukuklaryny goramak üçin Türkmenistana basyş etmäge çagyrylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.