Maryda mekdep okuwçylary we işgärleri 'haýyr-sahawata' mejbur edilýär

Mekdep ýygnagy. Türkmenistan

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda bilim işgärlerinden, mekdep okuwçylaryndan we çagalar baglarynyň işgärlerinden her aýda haýyr sahawat üçin pul tabşyrmak talap edildi.

Orta mekdep mugallymlary we beýleki işgärleri, ýokary klas okuwçylar, çagalar baglarynyň işgärleri hem-de garawullary her aýda haýyr-sahawat üçin 20 manatdan pul tabşyrmaly edilipdir.

Azatlygyň Marydaky habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatyna görä, Baýramaly şäherindäki mekdepleriň okuwçylarynyň ene-atalary bu nobatdaky pul tutumyndan nägile bolýarlar.

"Biz her aýda 20 manatdan puly nämäniň haýyr-sahawatyna bermeli. Häzir biziň özümiz haýyr-sahawata mätäç. Kiçi klasda hem bir çagamyz okaýar, depderine, dürli reňkli kagyz-galamyna pul tapamyzok. Howa salkynlady, gyşyna geýdirmäge ýyly eşigi, aýakgaby ýok. Biz çagalarymyzyň iýjegini we geýjegini alada edip ýaşaýarys" diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Degişli maglumat Maryda sowuk howada mekdebe ýuka geýimli we şypbykly gatnaýan çagalar köpelýär

Azatlyk bilen gürleşen ene-atalar soralýan puluň nähili maksatlar üçin sarp ediljegi barada özlerine düşündiriş berilmändigini aýdýarlar.

"Bular her aýda 20 manat talap edýärler, käşgä orta mekdebe gatnaýan we gyş eşigi bolmadyk kiçi okuwçy çagalara eşik alyp berjek diýseler, ol başga gürrüň bolardy. Emma bize hiç bir zat düşündirmän diňe sahawata 20 manat getir diýýärler" diýip, ene janygýar.

Käbir çagalaryň ene-atasy agyr güzerany sebäpli hojalygyny zordan aýlaýandygyny aýdyp, pul bermekden ýüz öwürýärler. Emma mekdep işgärleri özleriniň hem pul tabşyrmaga mejbur edilendigini aýdyp, pul tabşyrmakdan ýüz öwürýän ene-atalara duýduryş berýärler we öz çagalaryna zyýan ýetirmezlige ündeýärler.

"Mugallymlar ene-atalara 20 manat bermekden boýun gaçyryp, uly synplarda okaýan çagalaryna zyýan ýetirip biljekdigini çärýek jemlenende we atestat alnanda ýaramaz bahalaryň ýokary okuw jaýyna girmekde uly böwet bolup biljekdigini duýdurýarlar. Şeýle-de, uly hepdelik lineýkalarda mekdep direktorynyň pul berip bilmedik okuwçylaryň atlaryny okajakdygyny çagalara aýdyp, 'şol puly nireden tapsaň tap' diýip, çagalary okuwçylaryň arasynda kemsidýärler" diýip, ýene bir maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Mekdep okuwçylaryndan dürli maksatlar üçin ýyllarboýy pul ýygnalýar. Mundan öň döwletiň garamagyndaky mekdepleri abatlamak, agaç ekmek, okuw üçin esbaplary edinmek, mugallymlara sowgat almak, prezidentiň portretlerini çalyşmak we kitaplaryny satyn almak ýaly zatlara okuwçylardan pul alnypdy.

Soňky iki ýyl bäri käbir býujet edaralarynyň işgärlerinden Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat fondunyň hasabyna pul tabşyrmagy talap etmek tejribesi ýola goýuldy.

Maryda şu günler bilim edaralarynda ýygnalýan we maksady anyklaşdyrylmadyk 20 manatlyk haýyr-sahawat goşandy işgärlere hem agram salýar.

"Alýan aýlygym onsuz hem hojalygymy eklemäge däl, özüme-de ýetenok. Pagta ýygymyna pul tabşyrmaly, ine şugundyr köwlemäne pul tabşyrmaly, indem sahawat diýip bir zat tapdylar. Oňa-da aýda 20 manat tabşyrmaly. Iň gowusy işden çykmaly, daşary ýurtlara gidip zähmet çekip hojalygymy eklemeli" diýip, Marynyň çagalar bagynyň garawuly aýdýar.

Degişli maglumat Balkanda öýlere aýlanyp, köne okuw esbaplaryny soraýan ene-atalar köpelýär

Döwlet edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýyllarboýy yzygiderli görnüşde pul ýygnalýar. Býujetçiler oba hojalyk işleri üçin öz aýlyklaryndan pul tabşyrmaly bolýarlar, şeýle-de prezidentiň portretlerini, döwlet baýdaklaryny we her ýyl üýtgäp durýan resmi propaganda şygarlaryny satyn alyp asmak üçin maliýe goşant goşmaga mejbur edilýärler.

Soňky ýyllarda köçelerde we öýme-öý aýlanyp dilegçilik edýän, köpçülik ýerlerinde hapa çeleklerini dörýän adamlaryň, şol sanda çagalaryň sany köpelýär. Mekdep okuwçylary köplenç azyk we okuw esbaplaryny satyn almak üçin pul dileýärler.

Ýurtdaky garyplygy we halk köpçüliginiň durmuş derejesiniň peselýändigini görmezlige salýan türkmen ýolbaşçylary soňky ýyllarda haýyr-sahawat ritorikasyny artdyrdy.

Degişli maglumat Aşgabatly okuwçylardan täze prezidentiň suratlaryny satyn almak we mekdebi abatlamak üçin pul toplanýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.