Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde gapyma-gapy aýlanyp, raýatlardan çagalarynyň köne okuw esbaplaryny we eşiklerini bermegi soraýan ene-atalaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar.
Lebabyň Türkmenabat şäherinde mugallymlar ene-atalara bu ýyl mekdebe başlajak çagalara okuw esbaplarynyň sowgat berilmejekdigini duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 29-njy iýulda Balkandan we Lebapdan maglumat berdiler.
“Geçen hepde meniň gapym dynuwsyz kakyldy. Gapymy açanymda “agam, çagalaryňdan geçen ýyldan galan mekdep eşikleri, torbasy, gutarmadyk galam, ruçka bolsa beräý” diýip ýalbarýarlar” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy başdan geçiren ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.
Ol özüniň öýlenmändigini, çagalarynyň hem ýokdugyny aýdanda, onda ene-atalaryň özünden pul kömegini soraýandygyny hem sözüne goşdy.
“Meniň gaty rehimim gelip, ýagdaýym çatdygyndan kömek edýärin ýa-da ýagdaýymy düşündirip ugradýaryn” diýip, ýaşaýjy belledi.
Ene-atalaryň öýlere aýlanyp, raýatlardan kömek soramagy bilen bagly ýagdaýlaryň köpelmegi, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde täze 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galan mahalyna gabat geldi.
Habarçymyz çagany 1-nji sentýabrda başlajak täze okuw ýylyna taýýarlamagyň takmynan 2 müň manada düşýändigini aýdýar.
“Bu serişde orta girdejili hojalyklar üçin hem uly maddy çykdajy, ýöne güzeran eklenji ýylsaýyn agyrlaşýan maşgalalar üçin has-da ýiti urgy bolýar. Gapyny kakýan ene-atalar köplenç özleriniň zähmet biržasynda dört-bäş ýyl bäri iş sorap nobata durandyklaryny, ýöne iş bilen üpjün edilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, türkmenbaşyly başga bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Şu günler çagalaryna okuw esbaplaryny satyn almak meselesi lebaply ene-atalaryň hem öňünde keserip durýar.
Türkmenabatda mugallymlar ene-atalara bu ýyl mekdebe başlajak çagalara okuw esbaplarynyň sowgat berilmejekdigini duýdurýarlar.
“Mugallymlar çagasyny mekdebe ýazdyran ene-atalara bu ýyl şu tejribäniň goýbolsun edilendigini, bu barada welaýatyň Bilim müdirligi tarapyndan maglumatyň gelip gowşandygyny aýdýarlar” diýip, çagasy şu ýyl mekdebe başlaýan türkmenabatly ene anonim şertde aýtdy.
Ol özlerine ýörite sanawyň hem gowşurylandygyny, onda çagalaryň haýsy okuw esbaplary bilen üpjün edilmelidiginiň görkezilendigini hem sözüne goşdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada ýerli bilim resmilerinden teswir alyp bilmedi.
Soňky 10 ýyl çemesi wagtyň dowamynda Türkmenistanda birinji synpa başlaýan çagalara döwlet tarapyndan depder, ruçka, galam ýaly käbir okuw esbaplary sowgat berilýärdi.
Şeýle-de, olar noutbuklar bilen üpjün edilýärdi. Azatlygyň habarçylary bu ýyl çagalara noutbuklaryň berlip-berilmejekdigini häzirlikçe anyklap bilmedi.
Ýöne geçen ýyllarda habarçylarymyz okuwçylara sowgat berlen noutbuklaryň mugallymlar tarapyndan ýygnalyp alnandygy, Azatlygyň bu baradaky maglumatyndan soň, olaryň gaýtadan çagalara gowşurlandygy barada habar beripdi.
Türkmenistanda ýedi ýyl çemesi wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatlamagynyň arasynda, çagany okuw esbaplary bilen üpjün etmek meselesi köp ene-atany surnukdyrýar. Habarçylarymyz bu meseläniň soňky ýyllarda has-da ýitileşýändigini aýdyp gelýärler.
Geçen ýyllarda okuw esbaplaryny satyn almak üçin dürli işlerde zähmet çekýän, bazarlarda araba sürýän, mellekleri arassalaýan we dilegçilik edýän çagalaryň köpelýändigi barada ýurduň dürli welaýatlaryndan maglumatlar gelip gowşupdy.
Türkmen häkimiýetleri we mediasy “çagalaryň bagtyýar zamanada ýaşaýandygyny” yzly-yzyna tekrarlaýarlar, ýöne ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada mesele gozgmaýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum