Lebabyň ÝOJ-larynda soralýan paranyň möçberi ‘400 müň manada ýetdi’

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna giriş synaglaryny tabşyrmaga gelen raýatlar. Arhiw suraty

Türkmenistanda dalaşgärleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine (ÝOJ) okuwa kabul etmegi guramak hem-de giriş synaglaryny geçirmek işi tamamlandy. Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy we çeşmesi şu ýyl sebitiň ÝOJ-laryna okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden soralan paranyň möçberini anyklamagy başardylar. Bu aralykda, okuwa kabul edilen ýaşlaryň birnäçesi özlerinden talap edilýän täze egin-eşikler üçin azyndan 10 müň manat çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdýar.

Ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi guramak hem-de giriş synaglaryny geçirmek işi şu ýyl 11-nji iýul we 26-njy awgust aralygynda alnyp baryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky buýruga Ministrler kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen mejlisinde gol çekdi.

“Şu ýyl Türkmenabadaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna okuw girjek dalaşgärlerden soralan paranyň möçberi 300-400 müň manat aralygynda boldy. Paranyň möçberi fakultete görä üýtgeýär. Meselem, Taryh fakultetine okuwa giren ýaşlaryň arasynda 400 müň manat para berenler bar. Fizika we matematika ýaly fakultetlere girenleriň arasynda 300 müň manat para berenler bar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz aýtdy.

Degişli maglumat "Dalaşgärler iki topara bölündi: Para berenler we bermedikler"

Bu serişde ýurduň Merkezi bankynyň kursunda 85000-114000 ABŞ dollaryna we gara bazaryň nyrhynda 15000-20000 ABŞ dollaryna barabardyr.

“Bu instituta giren raýatlaryň, hususan-da oglanlaryň köpüsi okuwy gutaransoň, Içeri işler ministrligine, şol sanda polisiýa işe girýär. Şol sebäpli paranyň möçberi örän ýokary” diýip, instituty tamamlan türkmenistanly aýtdy.

Agzalýan institutda paranyň möçberiniň 400 müň manada ýetendigi barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem habar berdi. Neşir 23-nji awgustda çap eden maglumatynda Aşgabatdaky Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna girmek isleýänlerden 10 müň dollaryň soralýandygyny hem belledi.

Çeşmämiz şu ýyl Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebine we Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine girmek isleýänlerden soralýan paranyň möçberiniň ýokarlanandygyny hem aýtdy.

“Bu mekdeplerde paranyň möçberi 140-180 müň manat aralygynda boldy. Bu gara bazaryň nyrhynda 7000-9000 ABŞ dollaryna barabardyr. Lukmançylyk orta okuw mekdebine para berip girenleriň köpüsi ‘Tölegli esasda’ okarlar. Olaryň ýyllyk okuw tölegi 8 müň manada ýetýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan bilim edaralaryndan we sebitiň Bilim bölüminden kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 29-njy awgustda telefon arkaly eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Bu aralykda, okuwa kabul edilen gyzlaryň ençemesi özlerinden talyp egin-eşikleriniň birnäçe görnüşini satyn almagyň talap edilýändigini aýdýar.

Degişli maglumat Türkmenistanyň ÝOJ-larynda talyplaryň biometrik pasportlary, sürüjilik şahadatnamalary ýygnalýar

“Üç sany milli köýnek tikdirmeli. Olar gök, gyzyl we ýaşyl reňklerde bolmaly. Okuwa gyzyl we ýaşyl reňkdäki köýnekleri geýip barmaly. Gök reňkdäki köýnek bolsa, diňe çäre-dabaralar üçin niýetlenendir. Şeýle-de, ak reňkdäki sport eginbaşyny satyn almaly. Bulary saglyk we sport çärelerinde geýmeli. Tahýa hem satyn almaly. Onuň bahasy 250-280 manat aralygynda üýtgeýär. Gyzlar bir görnüşde, oglanlar başga bir görnüşdäki portfeli satyn almaly. Bularyň umumy bahasy 10000-12000 manat aralygynda üýtgeýär” diýip, okuwa kabul edilen türkmenabatly ýaşlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ýurduň kanunçylygynda orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň aglabasynda bilim almagyň mugtdygyna kepil geçilýär. Şeýle-de, olara ýurduň umumy orta biliminden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlaryň giriş synaglarynyň we söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýändigi hem bellenilýär.

Muňa garamazdan, habarçylarymyz ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin dalaşgärlerden alynýan paranyň onlarça ýyl bäri saklanyp galýandygyny aýdýarlar. Olar ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady krizise hem-de giň ýaýran işsizlige garamazdan, onuň möçberiniň ýyl-ýyldan artýandygyny hem belleýärler.

Köp ene-ata bu parany bermek üçin awtoulaglaryny, hojalygyndaky mal-garalaryny we mellek ýerlerini satýar. Şu ýylyň martynda Lebap welaýatyndaky habarçymyz ÝOJ-larda ‘para möwsüminiň' başlanandygyny we ene-atalaryň öz ulaglaryny howlukmaç satýandygyny habar berdi.

Bu ýyl ýurt boýunça 82 müň töweregi okuwçy umumybilim berýän orta mekdeplerden uçurym boldy we olardan 20 müňden gowragy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýär.

Degişli maglumat Türkmenistanda ýokary bilim almak has kynlaşýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.