Lebabyň Türkmenabat şäherinde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Polisiýa işgärleriniň birnäçesi munuň Moskwanyň eteginde bolup geçen ýaragly hüjüm bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji martda sebitden maglumat berdi.
Bu aralykda, rus polisiýasynyň hüjümden soň geçirip başlan reýdlerinde Türkmenistanyň 12 raýatynyň tussag edilendigi habar berilýär.
“Gijelerine şäheriň köçelerinde aýlanýan polisiýa gulluk awtoulaglarynyň we polisiýa işgärleriniň sany artdy. Türkmenabadyň baş baýdak seýilgähinde polisiýa işgärleri agşam sagat 8:30-dan soň gezelenç edýän raýatlary öýlerine dargadýarlar. Adamlaryň erkin hereket etmegi göz-görtele çäklendirilýär” diýip, şäher ýaşaýjysy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Degişli maglumat Orsýetdäki pajygaly hüjümden soň türkmen polisiýasy dinçileri gysýarÝerli ýaşaýjylaryň ençemesi Moskwadaky hüjümden soň, şäheriň metjitlerine gözegçiligiň güýçlendirilendigini hem aýdýar.
“Musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýynyň dowam edýän günlerinde köp adam tarawa namazyny okamak üçin metjitlere barýar. Soňky birnäçe günüň dowamynda bu ýerlerde raýat eşigindäki kanun goraýjylaryň sany göz-görtele köpeldi” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Ol bu kanun goraýjylaryň MHM-niň ýa-da polisiýanyň işgärlerimi ýa däldiginiň anyk belli däldigini, ýöne olaryň metjitlere barýan köçelerden başlap, her birnäçe metr aralykda iki-üç adam bolup durýandyklaryny belleýär.
“Metjitleriň içindäki kanun goraýjylaryň sany has köp. Olaryň sanyny 10 töweregi diýip bolar. Olar tarawa namazy gutaran badyna, dessine adamlary kowup başlaýarlar. Namazdan soň, adamlar biri-birini gujaklap, gutlaýardylar. Indi raýat eşikli kanun goraýjylar muňa rugsat bermeýärler we adamlary tizden-tiz dargadýarlar” diýip, türkmenabatly başga bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Metjitlere baran ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi sakgaly has ösgün raýatlaryň kanun goraýjylar tarapyndan gyra çekilip, soraga çekilýändiklerine şaýat bolandyklaryny hem aýdýar.
“Bu raýatlaryň soňky ykbalynyň näme bolandygyny bilmeýäris” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Şäheriň köçelerinde, seýilgählerinde we metjitlerinde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmeginiň sebäpleri barada häkimiýetler tarapyndan ilat köpçüligine aç-açan düşündiriş ýa maglumat berilmeýär.
Degişli maglumat Aşgabat, Moskwa hüjüminden soň, RF-da okaýan türkmenleri yzyna getirmek pikirini çynyrgadýarAzatlygyň bu barada Lebabyň Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Ýöne ýerli polisiýa işgärleriniň birnäçesi howpsuzlygyň güýçlendirilmeginiň Moskwanyň eteginde bolup geçen ýaragly hüjüm bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
“Hüjümden soňra polisiýa işgärleri güýçlendirilen iş tertibinde işlemeli edildi” diýip, ýerli polisiýa işgäri aýtdy.
Soňky maglumata görä, 22-nji martda Moskwanyň Krasnogorsk şäheriniň “Krokus siti holl” konsert zalynda asuda adamlara garşy guralan ýaragly hüjümde azyndan 137 adam ölüp, 180 adam ýaralandy. Rus resmileri hüjüm bilen baglanyşykly 11 adamyň, şol sanda dört erkegiň tussag edilendigini habar berdiler.
Türkmen häkimiýetleri hüjümiň yzysüre, ýurtda howpsuzlyk çärelerini, raýatlara gözegçiligini güýçlendirip başladylar.
Degişli maglumat Türkmen raýatlarynyň ençemesi Aşgabatdan Moskwa uçýan uçara goýberilmedi25-nji martda Balkandaky habarçylarymyz Türkmenbaşyda, Balkanabatda we Çelekende howpsuzlyk gulluklarynyň namaza barýan ýaşlary saklap, soraga çekip başlandygyny aýtdylar. 26-njy martda habarçylarymyz türkmen raýatlarynyň ençemesiniň Aşgabatdan Moskwa uçýan uçara goýberilmändigi barada maglumat berdiler.
Bu aralykda, rus polisiýasynyň hüjümden soň geçirip başlan reýdlerinde Türkmenistanyň 12 raýatynyň tussag edilendigini, garaşsyz neşir “Turkmen.news” habar berýär.
Moskwa sebitiniň Domodedowo şäheriniň Belyýe Stolby etrapçasyndaky umumy ýaşaýyş jaýyndan alnyp gidilen türkmenler bir gije-gündizden gowrak wagt bäri şäher migrasiýa edarasynda saklanýar. Olardan 26-njy martyň öýläninden bäri habar alyp bolmaýar diýip, neşir öz çeşmelerine salgylanyp, 27-nji martda ýazýar.
Maglumatda bu türkmenleriň Russiýada bikanun ýagdaýda ýaşaýandygy we işleýändigi bellenip, tussag edilenleriň garyndaşlarynyň olaryň zorlugyň pidasy bolmagyndan aladalanýandygy hem aýdylýar.
Bellesek bu maglumat, Russiýa işlemäge giden we rus wizasynyň möhleti gutaran türkmenistanlylaryň ençemesiniň şu günler köçä çykmaga gorkýandygy barada Azatlygyň çap eden habaryndan bir gün soňa gabat geldi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we mediasy Moskwa hüjüminden soňra ýurtda görülýän howpsuzlyk çäreleri barada aç-açan maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.