Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýatlarynyň ençemesi Aşgabatdan Moskwa uçýan uçara goýberilmedi


Aşgabadyň aeroportundaky zallaryň birinde garaşýan ýolagçylar. (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň aeroportundaky zallaryň birinde garaşýan ýolagçylar. (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanly raýatlaryň ençemesi 25-nji martda Aşgabatdan Moskwa uçýan uçara goýberilmedi. Aşgabadyň aeroportundaky kanun goraýjy we migrasiýa resmileri ýolagçylara dilden beren düşündirişlerinde munuň “Moskwa hüjümi” bilen baglanyşyklydygyny aýtdylar.

Bu waka, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda, 22-nji martda Moskwada bolan ýaragly hüjümden soň, Russiýada okaýan we işleýän çagalary, dogan-garyndaşlary bilen bagly aladalaryň artýan mahalyna gabat gelýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 26-njy martda Aşgabatdan we Lebapdan maglumat berdiler.

“Moskwadaky hadysadan soň, Russiýa işlemäge gitmeklik ýatyryldy diýen ýaly. 25-nji martda Aşgabat-Moskwa uçaryna bilet alan we ähli resminamalary düzüw bolan türkmen raýatlarynyň ençemesi uçara goýberilmedi” diýip, ýagdaýlardan habarly ýolagçy anonim şertde Lebapdaky habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk uçara goýberilmedik ýolagçylaryň takyk sanyny häzirlikçe anyklap bilmedi. Ýöne bu maglumaty paýtagtdaky habarçymyz hem tassyklap, uçara goýberilmedikleriň aglabasynyň Russiýa işlemäge barýan türkmen raýatlarydygyny aýtdy.

“Aeroportdaky resmiler Moskwa hüjümi bilen baglanyşyklydygyny aýdyp, birnäçe adamy uçara goýbermediler. Uçara goýberilmedik aýal we erkek ýolagçylar howa ýollarynyň indi haçan açyljakdygyny bilmeýändiklerini aýdýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir aşgabatly ýaşaýjy paýtagtdaky habarçymyza gürrüň berdi.

Lebapdaky habarçymyz Aşgabat-Moskwa ugry boýunça T5707 belgili uçar reýsine goýberilmedik türkmenleriň biletleriniň köýendigini, häkimiýetleriň olaryň öwezini dolmandygyny hem aýtdy.

“Türkmenistandan Russiýa gidip bilmedik ýolagçylar ýurtdan çykmak üçin bir topar maddy çykdajy edendiklerini aýdýarlar” diýip, habarçymyz öňümizdäki hepdelerde Russiýa gitmek üçin bilet satyn alan raýatlaryň köpüsiniň biletlerini yzyna tabşyrýandygyny hem belledi.

Azatlygyň bu ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Aşgabadyň aeroportunyň resmilerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Azatlyk 15-nji martda türkmen häkimiýetleriniň Russiýadaky howpsuzlyk şertleriniň mundan beýläk hem ýaramazlaşmagyna alada bildirip, bu ýurt bilen aradaky howa gatnawlaryny wagtlaýyn ýatyrmak, Russiýada okaýan türkmenistanly ýaşlaryň okuwlaryny howpsuz ýurtlara geçirmekleri barada tagalla edýändigini habar beripdi.

Rus resmileri 22-nji martda Moskwanyň Krasnogorsk şäheriniň “Krokus siti holl” konsert zalyna edilen hüjüm bilen baglanyşykly 11 adamyň, şol sanda dört erkegiň tussag edilendigini habar berdiler. Soňky maglumata görä, Moskwanyň eteginde asuda adamlara garşy guralan ýaragly hüjümde azyndan 137 adam ölüp, 180 adam ýaralandy.

Türkmen ýolbaşçylarynyň, ataly-ogul Berdimuhamedowlaryň bu hadysa bilen bagly rus halkyna bildiren gynançlary "Türkmenistan Altyn asyr" saýtynda çap edildi. Emma ýurduň metbugaty ölenler we ýaralananlar baradaky habarlary, şol sanda hüjümde aýyplanyp tutulan adamlaryň gynalyşy hakda berilýän maglumatlary ile ýetirmeýär.

Bu aralykda, lebaply ýaşaýjylaryň arasynda, Moskwadaky ýaragly hüjümden soň, özleriniň Russiýada okaýan we işleýän çagalary, dogan-garyndaşlary bilen bagly aladalar artýar.

“Soňky günlerde adamlar Russiýada işläp, okap ýören garyndaşlaryna jaň edip, ýagdaýlaryny sorap, biynjalyk bolýarlar. Hususan-da, ene-atalar Moskwada okaýan çagalaryna diňe okuwlaryna gidip-gelmegi, konsert ýa-da köpçülik ýerlerine gitmezligi ündeýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

25-nji martda habarçymyz hukuk edarasyndaky çeşmä salgylanyp, Lebap sebitiniň polisiýa, MHM edaralaryna býujet işgärleri, mugallymlar, talyplar bilen martyň soňky hepdesinde we apreliň başynda ýörite ýygnaklar tapgyryny geçirmek barada "ýokardan buýruk" gelendigini habar berdi.

“Bu ýygnaklaryň esasy temasynyň terrorçylyga garşy göreşmek, Russiýada okaýan türkmen talyplaryny okuwlaryny gutaran dessine Türkmenistana çagyrmak hakynda boljakdygy duýduryldy” diýip, çeşme aýdypdy.

Bu habarlaryň arasynda, Russiýa işlemäge giden we rus wizasynyň möhleti gutaran türkmenistanlylaryň ençemesi köçä çykmaga gorkýandyklaryny aýdýar.

Olar munuň sebäbiniň ýerli polisiýanyň migrantlara garşy reýdleriniň köpelendigi we saklananlaryň Russiýadan Türkmenistana deport edilýändigi bilen düşündirýärler.

“Işlänimizde gizlenip işlemeli bolýarys. Daşaryk çykyp bilmeýäris, iýmitimizi brigadirlerimiz getirip berýärler” diýip, Russiýadaky türkmen migranty Lebapdaky habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz soňky wakalardan soň, raýatlaryň Russiýa gitmek mümkinçiliginiň kynlaşandygyny hem aýdýar.

“Adamlar syýahatçylyk edaralarynyň işgärlerine $2000 berip, ýurtdan çykarmagy soraýarlar. Ýöne edil şu günler hiç bir işgär ýa-da araçy Russiýa alyp gitmegi boýun almaýar. Moskwa hüjüminden soňra Türkmenistandan Russiýa uçar gatnawlarynyň doly ýatyrylmak ähtimallygynyň bardygy barada gürrüňler ýaýraýar” diýip, habarçymyz belledi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, soňky ýyllarda Russiýa işlemäge gidýän türkmenleriň köpelendigi barada ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz yzygiderli maglumat berýärler.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy raýatlaryň daşary ýurtlara zähmet migrasiýasy we onuň sebäpleri barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG