Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gowaça meýdanlarynda pagtanyň galan hasylyny zaýasyz ýygnap almak bilen baglanyşykly işleriň pes derejede alnyp barylýandygyny aýdyp, käbir welaýat häkimlerine öz nägileligini bildirdi.
Ýatladyp geçsek, şu ýylyň 21-nji oktýabrynda prezident Berdimuhamedow ýurtda pagta planynyň dolandygyny we daýhanlaryň döwlet harmanyna 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny tabşyrandygyny mälim edipdi.
Duşenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda, türkmen lideri ýurduň käbir welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda, galan hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak meselesinde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýtdy.
Resmi metbugatyň habarynda aýdylmagyna görä, şol sebitleriň arasynda Ahal welaýatynyň Kaka, Akbugdaý, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky, Boldumsaz we başga-da käbir etraplary, Lebap welaýatynyň Hojambaz, Köýtendag, Atamyrat, Döwletli, Beýik Türkmenbaşy, Birata, Mary welaýatynyň Murgap, Mary, Wekilbazar, Tagtabazar we beýleki käbir etraplar bar.
“Sebäplerini seljerip, ony güýçlendirmeli”
Türkmen lideri agzalýan etraplaryň gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny ýygyp almakdaky haýal-ýagallyk bilen bagly kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça ýörite çäreleri görmek barada görkezme berip, degişli ýolbaşçylardan munuň “sebäplerini seljerip, ony güýçlendirmegi berk talap etdi”.
Prezidentiň bu tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin, nähili çäreleriň amal ediljekdigi barada, halk köpçüligine anyk maglumat berilmeýär. Şeýle-de, bu işleri güýçlendirmek meselesinde mekdep okuwçylaryny pagta ýygymyna gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýarmy ýa-da ýok – bu aýdyňlaşdyrylmaýar.
Emma Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerinden we okyjylaryndan gelip gowuşýan maglumatlarda, Türkmenistanda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň we mekdep okuwçylarynyň köpçülikleýin ýagdaýda pagta ýygymyna mejbury çekilýändigi, bu çäräniň esasan-da Daşoguz we Lebap welaýatlarynda has köp göze ilýändigi aýdylýar.
Halkara jemgyýetçiligi
Ýurtda pagta ýygym möwsüminiň başlanmagy bilen, Daşoguzyň etrapdyr obalarynyň arasyndaky ýeke-täk jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslaryň ençemesiniň – öz gatnaw ugruny üýtgedip, ýygymçylary gowaça meýdanlaryna gatnatmak bilen meşgullanýandygy barada hem habarlar gelip gowuşdy.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2005, 2008-nji ýyllarda ýurtda çaga zähmetini doly gadagan edýän ýörite kanunlara gol goýulsa-da, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistany pagta ýygymy döwründe mejbury zähmetden peýdalanýanlygy sebäpli ýiti tankyt etdi.
Şeýle-de, dünýä belli IKEA kompaniýasy Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet ýa-da adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly ýagdaýlar ýüze çyksa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini aýtdy.
Sözümiziň ahyrynda aýtsak, pagta Türkmenistanyň esasy eksport harytlarynyň biri bolup, ol Hytaýa, Russiýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Eýrana, Indoneziýa we käbir beýleki ýurtlara eksport edilýär.