Aşgabadyň polisiýasy “köpelýän” köçe söwdagärlerini nyşana alýar

Aşgabadyň bazarlarynyň birinde ýerde oturyp, el hünäri bilen öndürilen harytlary satýan söwdagärler. (Illýustrasiýa suraty)

Şu günler Aşgabatda el hünäri bilen öndürilen önümlerini bazarlaryň töwereklerinde satyp, gazanç etmäge çalyşýan raýatlaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar.

Bu tendensiýanyň möwjemegi, häkimiýetleriň erkin söwdanyň bu görnüşine garşy göreşini gaýtadan güýçlendirmegine, köçe söwdagärlerini bazarlaryň töwereginden köpçülikleýin kowup başlamagyna getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 21-nji martda paýtagtdan maglumat berdiler.

“Ilat arasynda işsizligiň howply derejelere ýetmegi we işsizlere, maddy kömege mätäç maşgalalara hökümet tarapyndan kömek pulunyň berilmezligi, raýatlary aman galmak üçin özleriçe gazanç çeşmelerini oýlap tapmaga iterýär. Olaryň bir topary gurply hojalyklarda kömekçi bolup işlese, beýleki bir topary özüniň el hünäri bilen gazanç etmäge çalyşýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Aşgabadyň häkimiýetleri telekeçilere jerime salyp, zibil dörýän çagalara garşy ‘göreşýär’

Hojalyklarynda öndürilen harytlary satýan raýatlary şu günler bazarlaryň howlusynda ýa-da olaryň töwereginde, pyýadalar üçin niýetlenen ýerasty geçelgelerde köp görse bolýar.

Olar ýere kagyz böleklerini düşäp, elde dokalan, tikilen, örülen ýa-da bişirilen harytlary bazar bahasyndan arzan satyp, gazanç etmäge çalyşýarlar.

“Öňler bu ýerlerde diňe gaýnadylan mekgejöwen, çörek, süýt-gatyk önümleri satylardy. Häzir raýatlaryň satýan harytlarynyň arasynda joraplar, aýallaryň köýnegi üçin niýetlenen taýyn oturtmalyk ýakalar, alaja ýüpler we şuňa meňzeşler bar. Käbir raýatlar bolsa, öýde bişirilen somsadyr gutaplary satyp, gazanç etmäge çalyşýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy şaýat bolýan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Ilat arasynda erkin söwdanyň bu görnüşiniň ýaýramagy bilen, häkimiýetler raýatlary bu gazanç çeşmesinden hem mahrum edip başladylar.

“Şu günler bazarlaryň howlusynda we töwereginde polisiýa işgärleriniň bu söwdagärleri kowalap barýan pursatlaryna köp adam şaýat bolýar. Polisiýanyň eline düşenleriň satmak üçin niýetlenen, ýanyndaky barja harydy yzyna gaýdyp bermesiz görnüşde ellerinden alynýar. Köp adam şaýat bolýan bu ajy pursatlara lapykeç bolup, hem satyjylaryň, hem-de alyjylaryň zyýanyna bolýan bu gadagançylyklaryň soňy haçan gelerkä diýýär” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäheriň Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli sebitlerinde onlarça ýyl bäri bölek-büçek dowam etdirilýän köçe söwdagärlerine garşy wagtal-wagtal reýd geçirýärler.

Häkimiýetler söwdanyň bu görnüşiniň gadagan edilmeginiň sebäbini harytlaryň döwlet arassaçylyk barlagyndan geçmeýändigi, söwdagärleriň salgyt tölemeýändigi bilen düşündirýärler.

Degişli maglumat Balkanda ilat arasynda “Gul bazar” atlandyrylýan erkin zähmet bazary döredi

Şeýle-de, olar bu söwdagärleriň köçäniň gelşigini gaçyrýandygyny we halkyň “bagtyýar durmuşynyň” keşbine zyýan ýetirýändigini hem aýdýarlar.

Eli ýuka köçe söwdagärleri bazarlardaky söwda nokatlary üçin soralýan kireý bahalarynyň aşa ýokarydygyny aýdyp gelýärler.

“Köçe söwdagärleriniň aglabasy üçin söwdanyň bu görnüşi gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesi bolup durýar. Olar günde ujypsyz möçberde peýda görüp, gündelik iýjek çöregini gazanýarlar” diýip, aşgabatly köçe söwdagäri anonim şertde aýtdy.

Bu aralykda, paýtagtdaky beýleki bir habarçymyz gapy-gapy aýlanyp, ýaşaýjylardan sadaka soraýan adamlaryň sanynyň hem köp bolmagynda galýandygyny aýdýar.

“Bu raýatlaryň köpüsi hojalygynda hiç kimiň işlemeýändigini, kömek sorap barýan döwlet edaralarynyň, şol sanda zähmet biržasynyň öz arzlaryny kanagatlandyrmaýandygyny, şol sebäpli “öz gamyny özleri iýmeli” bolýandygyny aýdýar. Olaryň käbirleri çagasynyň hassadygyny, derman almaga pulunyň ýokdugyny aýdyp, sadaka soraýarlar” diýip, habarçymyz belledi.

Alty ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurtda garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan, dilegçilik edýän we zibil dörýän raýatlar köpelýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.

Degişli maglumat Türkmenbaşynyň polisiýasy köçe söwdagärlerine garşy reýd geçirýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.