Balkanyň iki şäherinde ilat arasynda “Gul bazar” atlandyrylýan erkin zähmet bazarlary emele geldi. Bu ýerlere günlük işiň gözleginde günde 100-e golaý adam ýygnanýar. Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, bu ýer olar üçin gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesi bolup durýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji martda sebitden maglumat berdi.
“Gul bazarynda üýşen adamlaryň deňinde bir awtoulag dursa, olar ylgaşyp baryp, ‘meni alyp git, men islendik işi başarýaryn’ diýip, özaralarynda bäsleşip, biri-birinden öň boljak bolýarlar. Olaryň özlerini alyp barşy, hamana, aç tilkiniň öňüne bir bölek et taşlanda edýän hereketlerine meňzeýär. Adamlaryň bu ýagdaýlaryna haýpyň gelýär” diýip, ýakynda bu ýerlere baryp gören habarçymyz gürrüň berdi.
Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki erkin zähmet bazarlary fewralyň ortalarynda emele gelip başlady. Mundan ozal, görnüşinden, diňe Aşgabatda bolan bu bazaryň günbatar welaýatda hem döremegi ýurduň garaşsyzlyk taryhynda ilkinji gezek ýüze çykýana meňzeýär.
Habarçymyz bu ýerlere ýygnanan adamlara iş berýänleriň azdygyna garamazdan, Türkmenbaşynyň demirýol we awto wokzalynyň golaýynda ýerleşýän erkin zähmet bazaryna her gün 100-e golaý adamyň üýşýändigini aýdýar.
“Balkanabadyň daýhan bazarynyň demirgazyk derwezesiniň golaýyndaky boş meýdanda hem, onlarça adamy görse bolýar. Bu ýere üýşen adamlar günüň dowamynda 30-50 manat öwezine islendik işi etmäge kaýyl bolup, öz zähmetlerini hödürleýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.
Bu ýere ýygnanan raýatlaryň arasynda dürli ýaşdaky adamlar, gelinler bilen bir hatarda ýaşy 60-dan aşan aýallar hem bar. Olar günlük öý tämizlemek hyzmatlaryny hödürleýärler.
“Bu aýallaryň käbiri pensiýalarynyň maşgalasyny eklemäge ýetmeýändigini aýdyp, günlükçilik etmegä mejbur bolýandygyny aýdýar. Adamlar esasan uly ýük ulaglaryndan ýük düşürmek, gurluşyk we öý hojalyk işlerine çekilýärler” diýip, habarçymyz belledi.
Bazardaky adamlar deňiz portuna gelen gämilerden ýükleri düşürmek ýa-da gämilere ýük ýüklemek işlerine hem alnyp gidilýär. Olar dükanlara ýa-da ammarlara azyk ýerleşdirmek işlerine hem çekilýärler.
“Adamlar gündelik gurluşyk zibillerini, dykylan lagym ulgamlaryny hem arassalap berýärler. Bu ýerdäki adamlar hatda Türkmenbaşyda lagym ulgamlary ýok jaýlardaky umumy hajathanalary arassalamak ýaly işlere hem kaýyl bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenbaşyly bir ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlyk ýurduň günbatar welaýatynda emel gelen erkin zähmet bazarlary barada ýerli häkimiýetlerden teswir alyp bilmedi.
Ýöne bu habar, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, harytlaryň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagynyň arasynda, ilat arasynda işsizligiň güýçlenendigi baradaky maglumatlar bilen utgaşýar.
Munuň bilen bagly, habarçylarymyz ýurtda köp maşgalanyň durmuş ýagdaýynyň peselýändigi, dilegçilik etmäge we zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlaryň köpelýändigi barada yzygiderli habar berýärler.
Balkandaky habarçymyz soňky ýyllarda iri nebit-gaz we himiýa kärhanalarynyň ýerleşýän sebitinde iş orunlarynyň köpçülikleýin kemeldilmegi bilen bagly wakalaryň yzygiderli bolandygyny hem aýdýar
"Balkandaky daşary ýurt nebit-gaz, himiýa zawoddyr kärhanalarynda iş orunlarynyň kemeldilýändigi hiç kime syr däl. Bu kärhanalarda diňe öz aýlygynyň hasabyna tutuş maşgalany ekleýän işgärler, işçiler köpdi. bu ýagdaýlar, köp maşgalanyň durmuş şertleriniň ýaramazlaşmagyna goşant goşdy" diýip, ýagdaýlardan habarly balkanly ýaşaýjy belledi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, iş orunlarynyň kemeldilmegi, giň ýaýran işsizlik we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan mesele gozgamaýarlar. Bu ýagdaýlar barada döwlet metbugatynda hem maglumat berilmeýär.
Ilat arasynda “Gul bazar” atlandyrylýan erkin zähmet bazary häzire çenli, görnüşinden, diňe Aşgabatda bardy we bu barada Azatlyk ilkinji gezek 2012-nji ýylda habar beripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum