Türkmen reallyklaryny ýakyndan synlaýan synçylar medeniýet işgärleri bilen ýönekeý halkyň, şeýle-de durmuş hakykaty bilen döredijilik wekilleriniň arasyndaky boşlugyň barha ulalýandygyny, sebäbi döredilýän eserleriň adamlaryň soňky onýyllyklarda ýüzbe-ýüz bolýan agyr meselelerine meselelerine ýüzlenmän, ýeňil-ýelpaý meseleler ýa-da geçmiş bilen güýmenýändiklerini aýdýarlar. Ýöne, synçylaryň käbiriniň pikirine görä, döredijilik işgärleri geçmiş wakalaryna ýa halk rowaýatlaryna käte öz döwürlerinde aýtmaga rugsat berilmeýän zatlary aýtmak üçin hem ýüzlenip bilýärler. Anonimlik şertinde gürleşen bilermeniň pikiriçe, Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gününde halka hödürlenen “Arkaç” operasynyň hakykatda XVIII asyr wakasyndan söz açmagyna, o diýen uly täzelik bolmazlygyna garamazdan, onuň awtorlarynyň soňky onýyllyklarda ýurdundan aýrylan ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň, olaryň yzynda galan hossarlarynyň şu günki hasratyna ünsi çekjek bolan bolmagy gaty mümkin.
Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, 22-nji iýunda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkezilen “Arkaç” operasynyň librettosy “Aýna” atly meşhur halk dessanynyň esasynda ýazylypdyr. Bilermen bu operanyň özüne şahyr Gara Seýitliýew bilen dramaturg Guseýin Muhtarowyň librettosy esasynda döredilen “Aýna” operasyny hem ýatladandygyny aýtdy.
“Aýna” operasy türkmen saz sungatynda türkmen kompozitory tarapyndan döredilen ilkinji operady, beýleki operalar başga ýerli kompozitorlaryň gatnaşmagynda döredilýärdi. Bu operany Daňatar Öwezowyň diňe özi döretdi. Obadan çykyp, haly arteline gelen we halyçy bolan gyz barada gürrüň berýän eser 1960-njy ýyllarda örän meşhur boldy” diýip bilermen aýtdy. Şeýle-de ol Ýusup Berdiýewiň sowet ýyllarynda Aýna rowaýaty esasynda döreden radiooýnunyň, bagşy Baýram Ylýasowyň aýdan “Arkaç galdy, Aýnam-how” aýdymynyň örän meşhur bolandygyny belledi.
Degişli maglumat Çeşme: Soňky 10 ýylda 1,9 milliona golaý adam Türkmenistany terk etdi“Sözüň, sungatyň güýjüni tonnalar bilen ölçäp bolmaýar. Döredijilik adamlarynyň bu rowaýata ýene bir gezek ýüzlenmegi, oňa şu günki günüň zerurlyklary esasynda çemeleşmegi, belki, üstünlikli bolandyr. Men ony görmedim. Ýöne bu eser ýurtdaky migrasiýa meselelerine, ýurdundan aýrylan adamlaryň, olaryň yzynda galanlaryň çekýän agyr hasratyna ünsi çekip biler” diýip, bilermen aýtdy.
Medeniýet hepdeligimi ýa-da mejbury hepdelik?
Medeniýet hepdeligi, her ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem adamlara goşmaça iş, alada baryny döretdi diýip, habarçylarymyz habar berýär.
“Bu ýyl Medeniýet hepdeligi has ir, 16-njy iýunda başlandy. Türkmenabatdaky Ak öýde geçirilýän çärelere, medeniýet öýlerinde, Seýitnaza Seýdi adyndaky teatrda guralýan konsertlere edara-kärhanalara salnan 'salgyt' esasynda, 10-15 adamdan gatnaşmaly edildi. Olaryň ählisi milli eşikleri geýip geldi, konserte çagyrylan býujet işgärleri 10 manatdan bilet satyn almaly boldy” diýip, habarçymyz aýtdy.
Geçen ýyl maryda geçirilen Medeniýet hepdeligi, dili duzly medeniýet işgäriniň aýtmagyna görä, wagtyny ýitirenine gynanýan adamlaryň arasynda “Medeniýetsizlik hepdeligi” diýip atlandyrylýar.
Azatlygyň habarçylarynyň gürrüňdeş bolan adamlarynyň bir-birinden habarsyz ýagdaýda tassyklamagyna görä, metbugatda türkmen medeniýeti hökmünde wagyz edilýän zatlar köplenç milli geýim-eşikler, halylar, saçak medeniýeti, aýdym-saz, el senedi, atlar, itler... barada bolup, hudožnikleriň çeken suratlary, täze döredilen sahna eserleri, kinolar, täze kitaplar, goşgy, kyssa eserleri barada örän az, ýüzleý gürrüň edilýär. Şu sebäpden, soňky onýyllyklarda edebiýata, sungata gelip, ol ýa-da beýleki işi bilen gowy tanalan, eserleri barada töwerekleýin gürrüň edilýän tanymal ýazyjy-şahyrlar, kinoçylar, dramaturglar, aktýorlar, hudožnikler kän bilinmeýär.
Don, telpek, tahýa, tans...
“Türkmen medeniýeti diýlende, don-telpekli ýaşulular, ak gyňaçly eneler, milli lybas geýen gyz-gelinler, ýigitler, toý dabaralary has kän öňe çykýar, emma halk döredijiliginde, ady belli şahyrlarymyzyň eserlerinde wagyz edilen ruhy gymmatlyklar, dogruçyllyk, mertlik, ejize ganym bolmazlyk, entäni goldamak, myhmansöýerlik ýaly gylyklarymyz kän ýatlanylmaýar” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Degişli maglumat Türkmen metbugatynyň 'gara gulpy' açylmaýarOnuň pikiriçe, soňky ýyllarda göz-görtele ýalan sözlemek, açyk ýaranjaňlyk etmek köp türkmeniň ganyna ornaşdy, häzirki türkmenleriň köpüsi gylyk-häsiýetleri taýdan Ikinji jahan urşy ýyllaryndaky türkmenlere, hatda 1980-nji ýyllardaky türkmenlere hem kän meňzemeýär.
“Bu medeniýetlik däl, nirä baksaň ýaranjaňlyk, ýönekeý işgärler başlyklara, başlyklar özlerinden ýokardaky ýolbaşçylara ýaranjaňlyk edýär. Bar bolan meseleler barada açyk gürrüň etmekden geçen, olaryň üstüni ýalan söz bilen ýapmak, bassyr-ýussur etmek, problemalary boýun almazlyk indi türkmen medeniýetiniň esasyny düzýär diýsek hem bolar. Indi türkmen diýlende, prezidente eglip salam berýän ministrler, häkimler göz öňüne gelýär” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Habarçylarymyz bilen gürleşen ýasaýjylaryň biri il içinde hakykatdan hem medeniýetli, sahawatly, mätäç adamlara kömek edesi gelýän telekeçileriň hem az däldigini, ýöne soňky ýyllarda mümkinçiligiň bolup, goly ýuka maşgalalara kömek etmegiň hem gaty kynlaşandygyny gürrüň berdi.
“Garyplara kömek edýän türkmen telekeçileri bar, ýöne olar öz atlarynyň bilinmeginden gorkýarlar. Sebäbi sadaka berip başlasaň, ‘seniň puluň kän ýaly-la’ diýip, derrew soraga çekip, çagyryp başlaýarlar. Onsoň, mätäç adamlara berjek haýyr-sahawat kömegiňi organ işgärlerine bermeli bolýarsyň” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran raýat aýtdy. Onuň pikiriçe, Türkmenistanda bolýan zatlary bilmek, olaryň sebäplerine düşünmek gaty kyn, ýöne daşary ýurt mediasynda çykýan zatlar adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny belli bir derejede görkezýär.
“Bu ýalançylaryň, ýallakylaryň döwri, ol indi Türkmenistanda birnäçe ýyl dowam edýär” diýip, bir-birinden habarsyz söhbetdeşlerimiz jemgyýetde emele gelen ýagdaý barada şol bir pikir-netijeleri öňe sürdüler.
Şeýle-de, söhbetdeşlerimiz parahorlugyň türkmen jemgyýetinde uly orun tutýandygyny, munuň hemmelere, hatda çagalara çenli bellidigini, emma edebiýatda, sungatda bu problemanyň kän gozgalmaýandygyny, adaaltsyz döwrüň adamlaryň gylyk-häsiýetlerine, ahlagyna girizien 'düzedişleri' barada esasan dymylýandygyny aýtdylar.
"Berim gökden ýol ýasar"
“Parahorluk türkmen jemgyýetine eşekli ýa atly däl, daşary ýurt maşynlaryny münüp girdi” diýip, söhbetdeşlerimiziň biri alym-berimiň hemişe bolandygyny, emma onuň häzir jemgyýetiň medeni derejesini, ahlak gymmatlyklaryny barha kän peseltmeginden alada galýandygyny aýtdy.
Degişli maglumat Çeşme: 7 müň dollara goşun gullugy üçin ýer saýlap bolýar“Sowet döwründe milisiýa, saglyk işgärlerine para berlerdi, uly okuwa girmek üçin para berlerdi, käbir düşewüntli işleriň parasy bar diýip eşiderdik. Emma indi çaga doglanyndan tä ölýänçä diýen ýaly, ähli ýerde para, berim-peşgeş meselesi bar... Hassahana, çagalar bagy, orta mekdepler, ýokary okuw jaýy, ol ýa-da beýleki işe girmek, işlemek üçin para bermek türkmeniň däp-dessuryna öwrülen ýaly boldy. Gynansak-da, bir wagtlar türkmende bolandygy aýdylýan dogruçyllyk, gönümellik, merdanalyk, garyba kömek etmek ýaly häsiýetler indi ýat bolup barýar” diýip, habarçymyz bilen gürleşen raýat aýtdy.
Azatlyk bilen pikirini paýlaşan medeniýet wekilleri we býujet işgärleri öz boýunlaryna dakylýan mejbury-meýletin çärelerden halys ýadandyklaryny, munuň haçan soňy geler, öz-özüňi aldamagyň, bagtsyz halyňa bagtly bolup oýnamagyň çen-çaky ýokmuka diýýärler.
Soňy gelmeýän kösençlikler
Sebit paýtagtlarynda we Aşgabatda gezekleşdirilip geçirilýän Medeniýet hepdeligi, haýsy ýerde geçirilse hökman barmaly, gatnaşmaly bolansoňlar, aýdylmagyna görä, bu pudagyň işgärleriniň arasynda ‘medeniýet sürgüni’ diýlip atlandyrylýar. Adamlaryň görýän görgülerini epgekli howa bilen birlikde, çärelere ýolbaşçylyk edýän adamlaryň gödekligi, ellerine gelen pursady çäresiz raýatlary kemsitmek üçin ulanýan häkimiýet wekilleri has-da agraldýar diýip, bolýan zatlary gözi bilen gören şaýatlar gürrüň berýärler.
“Bu hili ýalan, ýasama we mejbury medeniýet diňe häkimiýetlere, döwlet propagandasyna gerek, olar hakyky medeniýet işgärlerine-de, ýönekeý adamlara hem gerek däl, bu çäreler diňe adamlaryň wagtyny ogurlaýar, goşmaça dert bolýar, millete ruhy goldaw, medeni hörek bermeýär” diýip, Türkmenbaşynyň folklor toparynyň tansçysy Azatlygyň ýerli habarçysyna aýtdy.
“Medeniýet hepdeligi diýilýän durşuna gözboýagçylyk. Çäreler diňe telewideniýe üçin geçirilýär, olara ýönekeý raýatlar tomaşaçy hem bolup bilmeýär. Bellenen çärelere ýokardan edilýän berk talap esasynda geýnen zenanlar we erkekler gatnaşdyrylýar, aýaklary şypbykly, egnine ýele-güne solan köne eşiklerini geýen adamlar, hakyky halk köpçüligi medeni çäreleriň geçirilýän ýerleriniň, TW üçin ýazgy edilýän ýerleriň 1 kilometr golaýyna hem getirilmeýär” diýip, tansçy söhbetdeşimiz aýtdy.
Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysynyň Türkmenbaşy şäherinde gürleşen 20 çemesi ýaşaýjysynyň hiç hiç biri, 18-35 ýaş aralygyndaky ýaş adamlar “Medeniýet näme?” diýen soraga idili jogap berip bilmedi.
Meniň gürleşen adamlarymyň aglabasy döwletiň sahnalaşdyrýan dabaraly çärelerine medeniýet diýip düşünýär diýip, habarçy aýtdy.
Ýaşaýjylaryň käbiri medeniýet sözüniň manysyny şäheriň medeniýet öýi we ruhyýet köşgi bilen baglanyşdyrsa, ýene bir bölegi eger adam baý ýaşasa, çörek puly problema bolmasa, işiginde gowy maşyny, öýünde uly telewizory, elinde gymmat telefony bolsa, ol medeniýetli adam diýip düşünýändigini aýtdy.
Degişli maglumat Marynyň obalarynda zibil çelekleri hepdede bir gezek-de arassalanmaýarÝerli synçylaryň käbiri bu hili dar garaýyşlara türkmen telewideniýesinde efire berilýän çäre geleşikleriniň sebäp bolýandygyny aýdýar.
“Şol bir adamlary öňe çykarýarlar, täze, talantly adamlar döräbermeýär. Bu ýagdaý halky türkmen telewideniýesinden sowatdy” diýip, ýerli synçy aýtdy.
Radionyň bir söhbetdeşi sowet döwründen soň täze, ideologiýadan azat, adamzat gymmatlyklaryna eýerýän medeniýet dörär, has erkin ýazyjylar, şahyrlar, kinoçylar peýda bolar diýip garaşandygyny, emma medenieýtdäki ýalançylygyň sowet döwründäkiden hem beter örç alandygyny aýtdy.
“Halkyň hakyky durmuşy ne teatrlardaky sahna eserlerinde, ne metbugatda görkezilýär. Ilki Nyýazowyň ‘altyn asyry’ döwründe, soň galkynyş atlandyrylan döwürde adamlar ýalan sözden, bir adamyň magtalmagyndan bizar boldular” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Alaçsyzlyk medeniýeti
Azatlyk ýurtdaky çärelere yzygiderli gatnaşýan medeniýet işgärleriniň birnäçesi bilen habarlaşyp, olaryň halk köpçüligi bilen medeniýet wekilleriniň arasynda dörän boşluk baradaky pikirlerini soramaga çalyşdy. Emma olar bu söhbetdeşlikden boýun gaçyrdylar. “Ýagdaýy sizem bilýärsiňiz, bizem bilýäris, başga alaç bolsa, bu işi etjek ýok” diýip, olaryň biri ýakyn tanşynyň üsti bilen ýagdaýyny aýtdy.
Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň gürleşýän medeniýet wekilleri hem özleriniň başga alaçlarynyň ýokduryny aýdypdyrlar.
“Olar alaçsyzlygy bahana edinýärler. Ýöne umuman durmuşda alaçsyz, çäresiz zat ýok. Hemme zadyň bir ýagdaýy, çäresi bar. Şonuň üçin, bu ýerde esasy çäre, şol gowşak medeniýeti döretmäge gatnaşmazlygyň esasy gaçybatalgasy oňa goşulmazlyk, döretmezlik, ýa öz döredijiligiňi saklamaly, ýa-da bir düýpli zat döretmeli” diýip, ýazyjy bu hili ýagdaýlaryň hemişe bolýandygyny, emma öz senedine berlen adamlaryň hökman çäre tapýandygyny, çäre tapmalydygyny nygtady.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmen diliniň sözlüginde medeniýet “Adamzadyň önümçilik, jemgyýetçilik we aň-düşünjelilik bilen gazanan üstünlikleriniň jemi” diýlip düşündirilýär. “Medeniýetleşmek” bolsa, “birneme medeniýetli bolmak, medeniýetliräk bolmak” hökmünde düşündirilýär.
Sözlükde aýdylmagyna görä, “medeniýetsiz” diýen söz “medeni derejesi pes bolan, medeniýeti ýok” diýen manyny berýär.
Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, görnetin ýalan sözlemek, wezipeli adamlara ýaranjaňlyk etmek, ýalan şaýat bolmak, ikiýüzlülik ýaly ýaramaz gylyklar hem medeniýetsizlige girýär.
Degişli maglumat Mary prezidentiň saparyna taýýarlanýar, 'ýaş we owadan' zenanlar çärelere çekilýärTürkmen medeniýeti diýlende, radio bilen anonimlik şertinde gürleşen medeniýet işgäriniň düşündirmegine görä, diňe geýim-eşiklere, el işlerine, haly-palaslara, keçelere, şaý-seplere, toý däplerine, bişirilýän tagamlara däl, eýsem halk döredijiliginde, nakyllarda, dilden-dile, elden-ele geçip gelen aýdym-sazlarda öwüt-ündew, wagyz-nesihat edilýän durmuş ýörelgelerine, milletiň asyrlyk ahlak tejribelerine, ruhy gymmatlyklara nazar aýlamaly.
Bu pikiri internetde “Göroglynyň edebi” atly belligini paýlaşan, emma adyny aýtmadyk türkmen hem tassyklaýar. Ol ilki “Şeýle ösen, kompýuterleriň zamanasynda ýaşap ýörkäk, entek tüpeňem atyp görmedik, peýkam atyp, bili egri gylyçly gezen Görogludan edep almak mümkinmi?” diýip soraýar. Ýöne ol soň, gözi oýulan Jygalybegiň “ýurduňy terk etmezlik, özüňden gaýry namardyň minnetini çekmezlik” ýaly pendi-nesihatlaryny aň eleginden geçirip, iliň “Göroglusy” bilen, “Görogly” ýaly edebi miraslary bilen il bolandygyny aýdýar.
Jygalybegiň agtygyna aýdan zatlary, “ähli il bilen oturmak, ...bedasyl bilen mähriban bolmazlyk”, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen medeniýet işgäriniň sözüne görä, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän ahlak gymmatlyklaryndan, özboluşly medeniýetinden habar berýär.
Jygalybeg agtygyna: “Tagam berseň, bergin aja,//Daýangyn egri gylyja,//Emma duran gury agaja//Nähak gan çalyjy bolma...//...Bir garyp aglap duranda,//Ýanynda gülüji bolma” diýýär.
Türkmen medeniýetini düzýän gowy gylyk-häsiýetler bize diňe halk döredijiligi arkaly däl, eýsem Magtymguly, Mollanepes, Kemine ýaly şahyrlaryň eserleri arkaly hem gelip ýetipdir. Aýdaly, Jygalybegden biraz tapawutlylykda, Magtymguly Pyragy hem, aňyrdan gelýän ruhy gymmatlyklary ykrar edip, “Watany terk edip, gidiji bolma!//Özüňden egsik bir gaýry namardyň//Hyzmatynda gulluk ediji bolma!” diýip ýazypdyr.
Şeýle-de Magtymguly kişini kemsitmezligi, adama at dakyp, gaty söz aýtmazlygy, ýüwrügi çamana, ýagşyny ýamana satmazlygy pent edipdir. Onuň iň uly pendi ýalandan, ýalan sözi aýtmakdan, bilip ýalan sözlemekden saklanmak bilen bagly. Şahyr üçin mertlik ile saçak ýazmak we dogry söz üstünde şirin janyňy bermek, köňülde men-menlikden, mazluma sütem etmekden saklanmak...
Emma synçylar, radionyň söhbetdeşleri Medeniýet günlerinde-de, beýleki günlerde-de Magtymgulyny, ata-aba gelýän akyl-paýhas gymmatlyklaryny ýatlaýan adamlaryň barha azalýandygyny aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.