Açlyk gozgalaňlarymy? Türkmenistanda azyk ýetmezçiligi we nägilelikler artýar

Döwlet telekanallary iýmit önümlerini şeýle hem bezegli geýnen adamlary we şatlykly dabaralary yzygiderli görkezýär.

Maryda aýlyk un paýlarynyň satuwy ýene gijikdirilýär. Ujypsyz un paýynyň subsidirlenen bahadan satylmagyna köpden bäri garaşýan ýerli ýaşaýjylar döwlet dükanlaryna ýygnanýarlar. Emma un köplenç satylmaýar.

Marynyň dürli etraplarynda un satuwy ep-esli azaldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň magumatlaryna görä, Maryda we Sakarçäge, Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten etraplarynda ýaşaýjylar soňky birnäçe aýyň un paýlaryny satyn alyp bilmeýärler.

Käbir obalarda un subsidirlenen bahadan iň soňky gezek bahar aýlarynda satylydyr. Hususan-da, maý aýynda ýerli ýaşaýjylar geçen ýylyň noýabr we dekabr aýlarynyň hasabyna un paýlaryny satyn alyp bilipdir.

Subsidirlenen bahalardan unuň satylmagynyň bes edilmegi, sany yzygiderli artýan pes girdejili maşgalalara uly maddy basyş edýär.

Degişli maglumat Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykdy

"Un satylmasa, ony täjirçilik nyrhlaryndan satyn almaly bolýarys. Döwlet dükanlarynda unuň hili pes bolsa-da, biz muňa razy, sebäbi haltasyna 300 manatdan töläp un satyn alyp bilmeýäris" diýip, Marynyň ýaşaýjysy aýdýar.

Bir haltasy için 300 manatdan ýa-da bir kilogram üçin 6 manatdan ybarat baha Türkmenistanda unuň ortaça täjirçilik nyrhydyr. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça, bu haltasyna 85,7 ABŞ dollaryna ýa-da bir kilogramyna 1,7 dollara barabar.

Döwlet dükanlarynda unuň subsidirlenen bahasy bir kilogramy 1,5 manat ýa-da resmi kurs boýunça 42 sent. Düzgüne görä, aýda bir adama 5 kilogram un satylmaly.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy soňky aýlarda Marynyň ýaşaýjylarynyň un satuwynyň uzak wagtlap yza çekilmegi meselesini çözmek haýyşy bilen ýerli häkimiýetlere ýygy-ýygydan ýüz tutup başlandyklaryny habar berdi. "Ýaşaýjylar ýerli häkimliklere yzly-yzyna ýüz tutýarlar, ýöne hiç zat üýtgemeýär" - diýip habarçy belleýär.

Ýurduň dürli künjeklerinde azyk krizisiniň ýene-de agyrlaşmagynyň fonunda ilat nägile bolup, protest bildirýär. 7-nji awgustda ýüzlerçe adam Türkmenbaşyda azyk ýetmezçiliginden nägile bolup, häkimlige bardy. Ondan öň iýun aýynyň başynda Türkmenbaşyda nägilelikler ýüze çykdy. Ýagdaýlaryň birinde ýerli ýaşaýjylar alty aý gijikdirilip satylan fewral aýynyň azyk paýyny alyp bilmänsoň, hökümet dükanyna hüjüm etdiler.

Maý aýynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda iki daýhan birleşiginde subsidirlenen önümleriň birnäçe aý bäri satylmaýandygyna garşy çykan ýaşaýjylar protest bildirdiler.

Çörek we subsidirlenen iýmit üçin nobatlar soňky 6 ýyl bäri dowam edip gelýär, nobatlar käte köpelýär, basa-baslyk, ýakalaşyk döreýär. Heläkçilikli ýagdaýlar ýüze çykýar. Käwagt şeýle kynçylyklar bilen satyn alynan azyk önümleri hiliniň aşa erbetligi zerarly iýmäge ýaramaýar.

Degişli maglumat Hökümetçi neşir azyk gytçylygyny inkär edip, “bolçulygyň” suratlaryny paýlaşdy

Häkimiýetler krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler we protestleri kommentirlemeýärler. Döwlet telewideniýesinde görkezilýän habarlarda azyk önümleriniň, şol sanda çöregiň bolçulygy wasp edilýär we şatlyk, minnetdarlyk bildirýän bezemen mähelle görkezilýär.

Azyk ýetmezçiligi gymmatbaha desgalara görlüp-eşidilmedik mukdarda çykdajy edilýän we öňki prezidentiň şahsyýet kultynyň ösýän wagtynda ýüze çykýar.

2022-nji ýylyň fewralynda döwlet başyndan çekilýändigini yglan eden Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň "ýadandygyny" we "ýaşlara ýol bermek" isleýändigini aýtsa-da, ýurduň esasy kanun çykaryjy organyna ýolbaşçy boldy we öz täsirini artdyrmagyny dowam etdirdi.

Onuň ogly prezident Serdar Berdimuhamedow geçmişde nobatlaryň 15 ýyllap prezident bolan öz kakasynyň abraýyna ýaramaz täsir edýändigini aýdyp, nobatlary gadagan edipdi. Ol bu tejribesini özi döwlet başyna geçenden soň hem dowam etdirdi. Şu ýylyň ýazynda we tomsunda türkmen häkimiýetleri nobatlaryň döwletiň "gülläp ösýän" imijine ters gelýändigi sebäpli subsidirlenen önümleriň söwdasyny ýatyrmaga ýene bir gezek synanyşdylar. Munuň bilen birlikde, türkmen häkimiýetleri ilatyň abadançylygynyň we ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanýandygyny öňe sürýärler.

Degişli maglumat Gijeki çörek, çüýrük ýumurtga, wada berlen un. Ykrar edilmedik krizisdäki durmuş

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.