'Unudylan' Gazawat urşy 150 'ýaşady'

Aman Amangeldiniň "Darkaş" eseri

7-24-nji iýul aralygynda müňlerçe türkmeniň rus goşunlary tarapyndan bilkastdan we rehimsiz gyrlanyna 150 ýyl bolýar, emma Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty, şol sanda garaşsyz neşirler we blogçylar ahyrynda türkmenleriň uzak ýyllar tabynlykda we erksiz, gorky astynda ýaşamagyna getiren gyrgynçylyklaryň biri hakynda esasan dymmagy saýlap alana meňzeýär. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen türkmen taryhçysynyň pikirine görä, Gazawat söweşinde ýowuz duşmana garşy duran erkekler we aýallar ýatlanmaga mynasyp we metbugatda Gazawat wakalary barada gepleşikler, söhbetdeşlikler taýýarlanylsa, ol adamlaryň erkinlik ugrunda alyp baran göreşi şu günki nesillere-de, geljekki nesillere-de öz mertebäňi goramagyň beýik nusgalarynyň biri bolup hyzmat ederdi. Emma, Azatlygyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, bu söweşler hakynda tasdan hiç zat bilmeýän nesiller kemala gelýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran taryhçynyň pikiriçe, türkmenleriň erkinlik ugrundaky göreşleri taryhyň sahypalaryna deň bolmadyk söweşlerde dökülen gan bilen ýazyldy we ol ýazgylary öçürmek hiç kime başartmaz.

Sowet ýyllarynda bilim alan türkmen alymlarynyň köpüsi, taryhçy Myrat Annanepesowyň soň sowet ideologiýasy esasynda ýazan işlerinde goýberen ýalňyşlaryny düzetmäge çalşyşy ýaly, ozal dogruçyl öwrenmek mümkinçiligi bolmadyk taryhy wakalara, hususan-da türkmenleriň öz azatlyklary ugrunda alyp baran göreşlerine, şol sanda basmaçylyk hereketi diýilýäne täzeçe garap, öz borçlaryny ýerine ýetirmek isleýär, emma ýurtdaky syýasy şertler muňa ýol bermeýär diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Şol bir wagtda ol taryha täzeçe, has ylmy esasda ýüzlenmek mümkinçiliniň garaşsyzlygyň başky ýyllarynda häzirkiden has gowy bolandygyny, muny A.Nuryýew, M.Moşew ýaly taryhçylaryň orta mekdepleriň IX synpy üçin taýýarlan synag okuw kitabynyň döwlet neşirýatynda çap edilmeginiň hem subut edýändigini aýtdy.

Türkmen taryhçylarynyň işlerinden görnüşine görä, XIX asyryň ortalarynda Hywa hanlygynda 35-40 müň öýli türkmen ýaşap, olar hanlykda ýaşaýan ähli ilatyň 24-26 %-ini düzüpdir.

Degişli maglumat Taryhçy Gazawat söweşiniň ýatlanmazlygynyň döwletlilik pozisiýasyny gowşadýandygyny aýdýar

Uzak gürrüňi gysgaldyp, Gazawat gyrgynçylygyna gelsek, Hywa hanlygyny basyp alan goşunlaryň jeza beriji toparlarynyň türkmenleriň kastyna çykmagy esasan olaryň basybalyjylara görkezen garşylygy bilen bagly.

Türkmen taryhçylary öz işlerinde hywa taryhçysy Muhammet Ýusup Beýanynyň, amerikan žurnalsiti Artur Ýanuarius Mak Gahanyň işlerine salgylanýarlar.

Türkmenleriň başyna uruşdan soň gelen gowga patyşa goşunlarynyň baştutany K.P. Kaufmanyň türkmenlere salan azyk salgydyndan başlanýar. Talap edilýän mukdardaky ätiýaçlyk gallalary bolmansoň, türkmenler bu buýrugy ýerine ýetirip bilmeýär. Netijede, rus generaly olara iki hepde wagt berip, 610 müň rus rubly möçberinde harby salgyt salýar.

Okuw kitabynyň awtorlary K.P. Kaufmanyň salgyt barada gürleşmek üçin çagyran 17 kethudasynyň bäşisini goýberip, galan 12-sini zamun almagynyň, olaryň salgydy tölemek üçin soran wagtynyň berilmezliginiň türkmenleri uruşmaga, basybalyjylara ýene bir gezek gaýtawul bermäge mejbur edendigini aýdýarlar.

Şeýlelikde, salgyt tölemegiň bellenen möhletiniň dolmagyna hem garaşmadyk general iki sany jeza beriji topar düzüp, olaryň birine özi ýolbaşçylyk edýär.

Taryhy maglumatlar general Golowaçýowyň ýolbaşçylyk eden jeza beriji toparynyň düzümindäki pyýda we atly goşunyň 10 sany topunyň hem bolandygyny, olaryň Gazawat kanalynyň boýunda (häzirki Görogly etrabynda) ýaşaýan türkmenlere, general Kaufmanyň öz toparynyň Ýylanly etrabynyň töwereklerinde ýaşaýan türkmenlere agyr we öz döwründe hem gören-eşideni haýran galdyran rehimsiz jeza berendigini görkezýär.

Gazawat gyrgynçylygyny gözi bilen gören amerikan žurnalisti Mak Gahan “Men henize çenli munuň ýaly urşy görmändim” diýip diýip ýazypdyr. Onuň bu uruş barada 1874-nji ýylda ýazan kitaby soň, 1992-nji ýylda türkmençe, Aşgabatda hem çap edildi. Emma Azatlyk bu kitabyň näçe nusgasynyň satylandygyny, oňa bolan okyjy gyzyklanmasynyň derejesini anyklap bilmedi.

Degişli maglumat Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'

Şol döwürde Russiýada bolan amerikan ilçisi hem 1876-njy ýylda, Gazawat gyrgynçylygynyň yz ýanyndan özüniň Türküstan belliklerini çap etdirýär. (Schuyler E. Turkistan. Notes of a Journey in Russan Turkistan, Khokand, Bukhara, and Kuldia. London 1876.) Ýöne soň dekolonizasiýa prosesiniň saklanylmagy bu wakalar hakynda ýazylan, çap edilen işleriň öwrenilmegini we türkmen diline terjime edilmegini togtatdy diýip, radionyň taryhçy söhbetdeşi aýtdy.

Taryhçynyň tassyklamagyna görä, sowet döwründe rus patyşasynyň kolonial hüjümleri netijesinde rehimsiz gyrlan türkmenler baradaky habaryň günbatarda döreden täsirleri bölekleýin, marksizimi esaslandyryjylaryň biri bolan F. Engelsiň “Anti-Dýuring” atly belli eseriniň türkmençä terjime edilmegi bilen, kommunistleriň ýolbaşçylygynda sosializm gurmaga gatnaşýan türkmenistanlylara baryp 1970-nji ýylda belli boldy.

Emma, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň ýazmagyna görä, sowet döwrüniň filosoflarynyň we syýasy ykdysatçylarynyň arasynda bu kitaby eline almadyk az bolsa-da, F. Engelsiň “Anti-Dýuring” eserinde Gazawat gyrgynçylygy barada aýdylýan faktlara üns beren tapylmady we bu işi terjime eden türkmen filosofy H. Bekmyradow ahyry, ýanamalar sebäpli, öz dogduk ýurdundan gitmeli boldy.

F. Engelse dolanyp gelsek, ol Gazawat gyrgynçylygyna buržuaz ahlagynyň ýeten derejelerini düşündirmek synanyşygynyň çäginde ýüzlenipdir.

Sitatanyň başy (Terjimeden bölegi bolşy ýaly getirýäris):

“Diýmek, iki erkiň “doly deňligini” ýok etmek üçin we siwilizlenen talaňçy döwletleriň yzda galak halklar barasynda edýän hemme masgaraçylykly işlerini, tä ruslaryň Türküstanda eden wagşylyklary ýaly işlerine çenli-de, aklamaga mümkinçilik berýän ahlagy tassyk etmek üçin, diňe bir ahlak taýdan däl, belki akyl taýdan hem deňsizlik ýeterliklidir. General Kaufman 1873-nji ýylyň tomsunda tatarlaryň ýomut taýpasynyň üstüne çozup, olaryň çadyrlaryny ýakyp, buýrukda aýdylyşy ýaly, “köneki oňat Kawkaz däbine laýyklykda” aýallaryny we çagalaryny çapym-çapym etmegi buýran wagtynda, ol hem, ýomutlar azan adamlar bolany sebäpli, olaryň erki duşmançylykly erkdir, şoňa görä-de olaryň erkini jemgyýetçilik ýaşaýşynyň çäklerine salmak maksady bilen boýun egdirmek gutulgysyz zerurlyga öwrüldi we meniň ulanan serişdelerim maksada has laýyk serişdelerdir diýip tassyklaýardy…” Sitatnyň soňňy. (F.Engels, Anti-Dýuring, Aşgabat, 1970. 112- sah.)

1970-nji ýyllardakydan tapawutlylykda, türkmen taryhçylary 1980-nji ýyllaryň ortalaryndan başlap has kän erkinlige, soňy bilen internet mümkinçiliklerine eýe boldular. Bu olara general Golowaçýowyň jeza beriji topary bilen gaýta-gaýta söweşen we agyr ýitgi çeken türkmenler, olaryň obalarynyň, emläkleriniň, gallalarynyň, üsti ýükli arabalarynyň ot-ýalna berlişi, gaçyp barýarka yzyndan ýetilip öldürilen bosgunlar barada has köp adama habar bermek mümkinçiligini döretdi.

Degişli maglumat Gökdepe, Gazawat pajygalaryny ýatlamazlyk kime peýda, nämä zyýan?

Netijede, Zeýkeş kölüniň ýanynda bolan söweşde bir elleri çagaly, beýleki elleri gylyçly, duşmana garşy gahrymanlarça urşan aýallar, deň bolmadyk söweşde öldürilen, köle gark bolan, onuň töweregindäki batgalykda batyp galan türkmenler hakynda, hywaly taryhçy Beýanynyň, amerikaly žurnalisti Mak Gahanyň galdyran ýazgylary esasynda, türkmen taryhynyň uzak waglap ak galan tegmilleriniň anyk gürrüňi, uzaga çeken agyr dymyşlykdan soň, ahyrynda edilip başlandy.

Internetde ýerleşdirilen okuw kitabynda aýdylmagyna görä, 1873-nji ýylyň 15-nji iýulynda Ýylanlynyň golaýyndaky Çendir obasynda rus goşunlary bilen türkmenleriň arasynda bolan uly söweşe 10 müňe golaý watan goragçysy gatnaşypdyr.

Maglumat üçin aýdylsa, jeza beriji toparlar bilen bolan çaknyşylarkda birnäçe müň adam ýitiren türkmenler ahyrynda gelin-gyzlarynyň altyn-kümüş şaý-seplerini, öýlerindäki halylaryny, işiklerindäki atlaryny we beýleki mallaryny ýörite döredilen salgyt ýygnaýjy topara tabşyrmaly bolýarlar. Emma olar näçe köp zat tabşyrsalar-da, harby salgydy bellenilen möhletde üzüp bilmändirler. Netijede, türkmenleriň başga ýerlere göçüp gitmeginden ätiýaç eden Kaufman harby salgydyň möhletini bir ýyl yza çekipdir.

Gazawat wakalary barada adamlar näme pikir edýär?

Eýsem, 150 ýyl mundan öň bolan uruş, bir eline çagasyny, beýleki eline gylyç alyp söweşen, öz ýurduny goran aýallar, deň bolmadyk söweşde baş goýan erkekler barada ýurduň dürli sebitlerinde ýaşaýan ýönekeý raýatlar näme bilýär we näme pikir edýär?

Azatlygyň ýerli habarçylary bu soraga “gadymy taryh bilen gyzyklanýan adam gaty az, bu wakalary esasan taryhçylar bilýär” diýip jogap berdiler. Ýöne il içinde, taryhçy bolmasa-da, Gazawat urşuny bilýän, bu agyr waka, rus basybalyşlygyndan öňki durmuş barada dilden-dile geçen gürrüňleri ýüreginde, aňynda göterip, olar hakynda töwerekleýin gürrüň edilmegini, bolan wakalaryň halkdan gizlenilmezligini isleýän ýaşaýjylar hem bar eken.

"Meniň atam 1904-nji ýylda doglup, 1999-njy ýylda aradan çykdy. Ol öz kakasyndan we ejesinden bu döwürler barada eşidenlerini bizlere aýdyp bererdi” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy. Onuň sözlerine görä, ruslar ýurdy basyp almazyndan öňki döwri bilýän, gören adamlar türkmenler ozal, hatda Jüneýit hanyň döwürlerinde hem has gowy ýaşaýardy diýen pikire gol ýapypdyrlar.

Degişli maglumat Syýasy repressiýalar we 'uzaga çeken üzňeligiň özleşdirilmedik' sapaklary

Sowet döwrüniň propagandasyna goşulan türkmen taryhçylary we ýazyjy-şahyrlary türkmenleriň Russiýanyň düzümine girmek bilen, Eýran, Hywa, Buhara sütemlerinden dynandygyny, SSSR döwründe bolsa, öz döwletlerini döretmek we ösdürmek mümkinçiligine eýe bolandyklaryny öňe sürýärler. Şol bir wagtda, Azatlygyň söhbetdeşiniň sözlerine görä, sowet döwründe türkmenleriň basybalyjylara görkezen garşylygy barada esasan dymyldy we, Ukrainada barýan urşuň fonunda, adamlaryň öz taryhlaryny gowy bilmelidigi, öz ýurduny goramaga taýýar bolmalydygy ýene bir gezek belli boldy.

“Atamyň biziň aňymyza guýan pikirlerine görä, türkmenler Hywa hanlygy ruslaryň eline geçmänkä has gowy ýaşapdyr. Öňki durmuşa şaýat bolan ýa-da ol döwür barada ata-babalarynyň beren gürrüňlerini diňlän adamlaryň köpüsi tä ömürleriniň soňuna çenli ruslaryň ýa sowetleriň döwrüni ýazgaryp geçdi” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň pikiriçe, 1924-nji ýylda döredilen SSSR Amyderýanyň suwuny içýän halklara kän zulum etdi.

“Atam öňki döwürleri öwüp, SSSR we garaşsyzlyk döwründäki hökümetleri ‘halkyň hakyny iýýän hökümet’ diýip atlandyrardy. Ol adamlaryň baýlar, dindarlar diýlip, Sibire sürgün edilişini, atylyp öndürilişini ýatlardy” diýip, radionyň söhbetdeşi metbugatyň bu bolan zatlar hakynda dymmaly däldigini aýtdy.

Eýsem, türkmen metbugatynyň basybalyjylara garşy durup, öz ýurduny goran türkmenler barada dymmagynyň sebäbi ýa-da sebäpleri näme?

Azatlygyň habarçysynyň özüni Häkimow diýip atlandyran söhbetdeşiniň pikirine görä, türkmen metbugaty garaşsyz däl we onuň köp mesele barada eýeleýän dymmak pozisiýasy hökümetiň pozisiýasy bolup durýar.

Galyberse, taryhçynyň sözlerine görä, türkmen emeldarlarynyň Gazawat urşy barada gürrüň edilmeginden çekinmegi, birinjiden, Türkmenistanyň häzirki toprak bitewiligi bilen bagly bolup, soňky 30 ýylda ýurt dolandyrýan adamlar bu taryhy açmagy halamaýarlar.

“2-nji sebäp - garaşsyz Türkmenistanyň hökümeti heniz hem ruslardan gorkýar...” diýip, Häkimow bu gorkynyň diňe Gazawat urşy hakyndaky faktlaryň öwrenilmegine däl, Gökdepe urşy hakynda başlanan uly gürrüňleriň hem ýatyp galmagyna getirendigini we dürli soraglara sebäp bolýandygyny aýtdy.

“3-nji sebäp – käbir pikirlere görä, Bitaraplyk statusy bilen bagly bolup biler, ýöne bitaraplyak statusy taryhymyzy bilmäge gadagançylyk girizmeýär... Ýa-da [bu dymyşlyk] goňşy Özbegistan bilen täze, territoriýa konfliktleriniň döremek wehimi, içerki etniki özbekleriň köp bolmagy bilen bagly...” diýip, Häkimow pikir edýär.

Azatlygyň habarçylary bilen biri-birinden habarsyz, dürli ýerlerde söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň pikirlerine görä, “bu biziň taryhymyz, bu gyrgynçylyklar hakynda hökman ýaşlara aýtmaly, ...bu gyrgynçylyklar hakda çeper filmleri, dokumental filmleri döretmeli”.

Degişli maglumat Gazawat gyrgynçylygy

“Adamlar bu hili filmleriň döredilmegini isleýär, halk bu taryhy bilmek isleýär” diýip, Häkimow bu sözüni adamlaryň birnäçe ýyl ozal döredilen “Men Jelaleddin” atly filme bolan gyzyklanmasy bilen delillendirdi.

“Men Jelaleddin” atly filme diňe bir Daşoguzdaky ilat däl, Türkmenistanyň ähli halky tomaşa etdi diýsem, ýalňyş bolmasa gerek, adamlar arasynda alşylan pikirlere, edilen söhbetlere şaýat bolup göz ýetirdim, adamlar taryhy bilmeli, muňa haklary bar” diýip, Häkimow aýtdy.

Horezm şasynyň ogly Jelaleddiniň mongol basybalyjylaryna garşy alyp baran söweşleri baradaky taryh türkmenlere sowet ýyllarynda öz dillerinde esasan Kiýewde doglan rus ýazyjysy Wasiliý Ýanyň “Çingiz han” romany we gürji ýazyjysy Grigol Abaşidzäniň “Uzaga çeken tümlük” romany esasynda belli boldy. Ýöne soň, daşary ýurt dillerini gowy bilýän, şol sanda iňlis, fransuz dillerindäki taryhy maglumatlary halka ýetirip biljek adamlaryň köpelendigine garamazdan, türkmenler öz taryhlaryny, şol sanda türki halklaryň başdan geçiren gowgalaryny öwrenmek mümkinçiligini elden giderýärler, bu ugra beýleki ýurtlardaky ýaly ýeterlik maýa ýatyrylmaýar diýip, synçylar aýdýar.

Häkimowyň pikiriçe, döwlet metbugatynyň taryha hem gadagançylyk girizmegi ýaş nesilleriň başga ýurtlaryň arzan işçi güýjüne öwrülmegine hyzmat edýär, taryhy faktlar barada açyk gürrüň edilse, bu Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolmak pozisiýasynyň diňe peýdasyna bolardy.

“Bu zatlaryň aýdylmazlygy adamlaryň rus imperiýasy döwründe we SSSR döwründe bolan zatlary bilmezligine sebäp bolýar. Dilden-dile geçip gelýän gürrüňler ýeterlik däl. Men 40 ýaşymda, bagtyma atam uzak ýaşady. Emma meniň deň-duşlarymyň arasynda Gazawat gyrgyny hakda bilmeýänler köp, soňky ýaşlar, häzir 18-20 ýaşlaryndaky nesiller bu wakalary düýbünden bilmeýär. SSSR döwründe arak-şerap içip ýaşan adamlaryň ol döwür baradaky öwgüli gürrüňlerine ynanýan ...adamlar bilen garaşsyzlyk pozisiýasyny berkidip bolmaz” diýip, radio bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.