Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 1-nji maýda “garaşylmadyk ýagdaýda”, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesine görä, “nobatdaky zähmet rugsadyna” çykdy. Daşary işler ministriniň wezipe borçlary wagtlaýyn birinji orunbasar Wepa Hajiýewiň üstüne ýüklendi.
Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi we hökümet agzalary, adatça, her ýylky esasy zähmet rugsadyna tomus aýlarynda, iýul-awgust aýlarynda çykýarlar. Galyberse-de, ýokary derejeli resmileriň wezipe borçlarynyň wagtlaýyn başga emeldara ynanylmagy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen köpçülige yglan edilmeýär. Döwlet metbugaty, adatça, hökümet agzalarynyň öz ýyllyk dynç alyş günlerini ýurduň çäginde ýerleşýän şypahanalarda we dynç alyş merkezlerinde geçirip bilýändikleri barada hem habar berýär.
Ýöne türkmen syýasatynyň örän az sanly “uzyn ömürli” seýrek emeldarlarynyň biri bolan Raşid Meredow “nobatdaky zähmet rugsadyna” çykmak üçin tomus aýlaryna garaşmady. Üstesine, döwlet metbugaty Meredowyň wezipe borçlarynyň wagtlaýyn onuň orunbasaryna ynanylýandygy barada ýörite habar bermeli boldy.
Tas çärýek asyr töweregi wagt bäri döwlet häkimiýetiniň ýokary basgançaklarynda ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän baş diplomat şu aýyň ahyrynda, has takygy 29-njy maýda 63 ýaşyny, türkmen däp-dessurlarynda möhüm sepgit hasaplanýan “pygamber ýaşyny” doldurýar.
Meredowyň nobatdaky zähmet rugsadynyň möhleti aýdylmady. Adatça, Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümleri her ýyl bir aý möhlet bilen dynç alýar.
Degişli maglumat Çeşmeler: Serdar Berdimuhamedow eýýäm täze daşary işler ministrini gözleýärAzatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri, şol sanda Daşary işler ministrligine ýakyn çeşmeler 2022-nji ýylyň martynda, entek Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine getirilmänkä, Türkmenistanyň daşary işler ministrini täzelemegiň ugruna çykylandygyny habar beripdiler.
“[...]Gaty güýçli şahsyýet hasaplanýan we Serdaryň kakasy [öňki] prezident [Gurbanguly] Berdimuhamedowdan has uzak wagtlap häkimiýetiň iň ýokary derejelerinde işleýän Meredowy daşary işler ministri ýaly möhüm wezipede saklamak abraý meselesini döredip biler” diýip, çeşmämiz şonda gürrüň berdi.
Raşid Meredow 1999-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary, şol ýylyň dekabrynda Mejlisiň başlygynyň orunbasary wezipelerine bellenildi. Ol 2001-nji ýylyň maýynda ilki Mejlisiň başlygy, soňra, iýun aýynda Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipelerine bellenildi. Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowdan hem has ir döwlet häkimiýetiniň ýokary basgançaklarynda dürli wezipeleri eýelän Meredow, bir döwür, hökümet agzalarynyň arasynda daşary ýurtda bilim alan ýeke-täk emeldar hökmünde tanaldy. Ol 1988-nji ýylda Moskwanyň M. W. Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň Hukuk fakultetinden uçurym boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň martynda 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedowa prezident wezipesini geçirýän gabatlary, Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri Berdimuhamedowlaryň baryp, 2021-nji ýylyň güýz aýlaryndan bäri täze daşary işler ministriniň gözlegine çykandyklaryny habar berdiler.
Degişli maglumat Berdimuhamedow ozalky wise-premýerleri, şol sanda Meredowy gaýtadan wezipelerine bellediÝöne 2022-nji ýylyň 19-njy martynda kasam kabul edip, prezident wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedow, daşary işler ministrliginde meýilleşdirilen kadr çalşygy bilen bagly habarlaryň Azatlyk Radiosynda çap edilmeginiň yz ýany, Raşid Meredowy täze düzen hökümetinde saklap galdy.
Munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri daşary işler ministrliginde meýilleşdirilen kadr çalşygy bilen bagly habarlaryň hut Azatlyk Radiosynda aýan edilmegi zerarly, Meredowyň ýokary wezipede saklanyp galandygyny habar berdi.
Meredowyň “garaşylmadyk zähmet rugsady” türkmen resmileriniň 23-24-nji aprelde Birleşen Ştatlara sapar edip, Döwlet departamentinde türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyryny geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Raşid Meredow Birleşen Ştatlara amala aşyran saparynyň çäklerinde ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken bilen duşuşdy.
Degişli maglumat Blinken Meredow bilen howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdyTürkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) türkmen wekiliýetiniň 23-24-nji aprelde Birleşen Ştatlara amala aşyran sapary barada 1-nji maýda giň göwrümli makala çap etdi.
“Waşingtonda geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk hem işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk teklipler işlenip taýýarlanyldy. 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” taýýarlamak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek we dürli derejedäki özara saparlary guramak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak ýaly ugurlar bar” diýip, TDH ýazýar.
Meredow Waşington saparynyň yz ýany näbelli möhlete çenli zähmet rugsadyna çykdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.