Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşmeler: Serdar Berdimuhamedow eýýäm täze daşary işler ministrini gözleýär


Raşid Meredow 2001-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipesinde işleýär.
Raşid Meredow 2001-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistanyň daşary işler ministri wezipesinde işleýär.

Serdar Berdimuhamedow eýýämden täze hökümeti düzýär. Ýakynda geçiriljek irki saýlawlarda aýdyň "faworit" we ýeňşi praktiki taýdan öňünden kesgitlenen, häzirki prezidentiň ogly geljekki hökümetdäki möhüm wezipelere dalaşgärleri baryp geçen ýylyň güýzünde gözläp başlady. Çeşmelerimiziň maglumatlaryna görä, kiçi Berdimuhamedowyň Ministrler kabinetinde esasanam häzirki daşary işler ministri Raşid Meredow eýeleýän wezipesini ýitirer. Bu wezipäni Serdaryň halypasy hasaplaýan Esen Aýdogdyýewiň aljakdygy çak edilýär. S.Berdimuhamedowyň ýene-de birnäçe möhüm ministrleri çalyşmagy meýilleşdirýändigi hem aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň birnäçe çeşmesiniň, şol sanda ýurduň Daşary işler ministrligine ýakyn çeşmeleriniň habar bermegine görä,Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze Ministrler kabinetiniň agzalary barada konsultasiýalary irki prezident saýlawlary yglan edilmezden has öň, baryp geçen ýylyň güýzünde geçirip başlady. Ýatlatsak, ýurtda 12-nji martda saýlawlaryň geçiriljekdigi barada 12-nji fewralda yglan edildi.

“Meredowyň ýerine ýewropa ýurtlarynda işlän ýa-da işleýän ilçilerden biri bellener. Eýýäm birnäçe ilçi Aşgabat şäherine çagyryldy we häzir olary barlagdan geçirmek işleri dowam edýär. Ýöne esasy dalaşgär, soňky sekiz ýyl bäri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinde işleýän Esen Aýdogdyýewdir. Kadr diplomaty Aýdogdyýew 2011-2014-nji ýyllarda Şweýsariýada ilçi bolup işledi we şol döwür Serdar Ženewadady hem-de ol ilçiniň geňeşçisi hökmünde hasaba alnypdy" diýip, Azatlygyň çeşmesi aýdýar.

Açyk çeşmelerdäki maglumata görä, Esen Aýdogdyýew 2014-nji ýylda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenmezden ozal, Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçisi wezipesinden başga-da, BMG-niň Ženewadaky agentliklerinde Türkmenistanyň hemişelik wekili bolup hem işleýärdi. Edil şol döwürde, 2011-2013-nji ýyllar aralygynda Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýada Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekiliniň geňeşçisi wezipesinde işledi.

Çeşmämiziň aýtmagyna görä, şol wagt 30 ýaşyndaky kiçi Berdimuhamedow Aýdogdyýew bilen ýakyn gatnaşyk gurdy.

“Serdar ony (Aýdogdyýewi) halypasy hasaplaýar. MGIMO-nyň (Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar instituty - red.) türkmen hyzmatdaşy hasaplanýan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti onuň gol astynda döredildi . 2014-nji ýylda bolsa, ol Türkmenistana gaýdyp gelip, dessine onuň rektory boldy " diýip, çeşmämiz belleýär.

Onuň sözlerine görä, Serdar Berdimuhamedowyň Raşid Meredowy täze hökümetiň düzümine goşmazlyk karary, hökümetdäki esasy rollarda şeýle möhüm şahsyýetiň saklanmagynyň onuň öz täsirine kölege salmagynyň mümkindigi bilen baglanyşyklydyr.

“Serdar Aýdogdyýewi öz adamy, halypasy hasaplaýar. Umuman aýdylanda, ol hökümetde täze şahsyýet bolar. Gaty güýçli şahsyýet hasaplanýan we Serdaryň kakasy prezident Berdimuhamedowdan has uzak wagtlap häkimiýetiň iň ýokary derejelerinde işleýän Meredowy daşary işler ministri ýaly möhüm wezipede saklamak abraý meselesini döredip biler" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Bellesek, ýurtda irki prezident saýlawlary yglan edilenden 10 gün soň, Meredow Russiýa sapar etdi. Çeşmelerimiz bu saparyň türkmen DIM-niň başlygynyň karýerasyndaky üýtgeşmeler bilen näderejede baglanyşyklydygy barada maglumat berip bilmediler.

Azatlyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen yzly-yzyna birnäçe gün habarlaşmaga we Meredowyň wezipesinden aýrylmak ähtimallygy barada çeşmelerimiziň beren maglumatlary hakda haýsydyr bir kommentariýa almaga synanyşdy. Emma ministrligiň bize mälim telefon belgileri arkaly habarlaşyp bolmady.

Şol bir wagtda, Meredowyň täze Ministrler kabinetiniň düzüminde bolmajakdygy baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýakyn çeşmeler tarapyndan hem tassyklandy. Olaryň sözlerine görä, Aýdogdyýew ýurduň daşary işler edarasynyň başlygy wezipesine ýeke-täk dalaşgär däl.

“Ýewropa ýurtlaryndan birnäçe ilçini çagyrdylar. [Bu wezipe üçin ministriň orunbasary Wepa] Hajyýew hem göz öňünde tutulýar. Ýöne ol özüniň mugallymy hasaplaýan Meredowyň ornuny eýelemäge çalyşmaýar. Ol Aziýa ugrunda - Owganystan, Özbegistan we Täjigistan - işleýär, üstesine-de, ol Pakistan we Hindistan bilen gowy aragatnaşyk saklaýar we bu TOPH taslamasy [diýmegi aňladýar]" diýip, çeşmelerimiziň biri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Serdaryň Türkmenistanyň täze lideri hökmünde Ýewropadaky abraýyny artdyrmak üçin "PR kampaniýasyň" strategiýasy işlenip düzülýär.

“Daşary syýasatda düýpli üýtgeşmelere garaşylmaýar. Şol bir bitaraplyk [statusy], diňe, esasanam Ýewropada - Ženewada ýerleşýän gurluşlarda we Ýewropa Bileleşiginiň Brýusseldäki guramalarynda - propaganda ugrunyň güýçlendirilmegi [göz öňünde tutulýar]" diýip, çeşmämiz belledi.

Ýeri gelende aýtsak, S.Berdimuhamedow geçen ýyl wise-premýer wezipesini alandan soň, ýurduň daşary işler edarasynyň başlygynyň käbir ygtyýarlyklaryny alyp, türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara gurluşlarda egindeş başlyk wezipelerini eýeläp, Raşid Meredowy eýýäm bir gyra itdi.

Çeşmelerimize görä, Meredowyň geljekdäki roly barada aýdylanda bolsa, ony Türkmenistanyň parlamentiniň aşaky palatasy, Mejlisiň başlygy ýa-da Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine bellemek göz öňünde tutulýar. Ýatlatsak, häzirki wagtda bu uniwersitetiň rektory wezipesini, çeşmelerimiziň aýtmagyna görä, ýurduň Daşary işler ministrliginiň başlygy wezipesine esasy dalaşgär Aýdogdyýew eýeleýär.

Bellesek, 61 ýaşly Raşid Meredow öz syýasy karýerasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy hökmünde başlady we bu wezipede 2001-nji ýylyň maý aýyndan iýul aýyna çenli aralykda, bir aýdan gowrak wagt işledi. Mundan başga-da, ol 1996-njy ýyldan 1999-njy ýyla çenli Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutyň müdiriniň orunbasary wezipesinde hem işledi.

Şeýlelik-de, Meredow ýurtdaky islendik ministrden has uzak wagt öz wezipesini saklamak bilen, türkmen syýasatynyň "uzyn ömürli" agzasy hasaplanýar.

Hünäri boýunça aklawçy Meredow ýurduň häzirki hökümetiniň Türkmenistanyň daşynda bilim alan ýeke-täk agzasydyr.

Azatlygyň çeşmeleri Serdaryň hökümetinde başga-da birnäçe möhüm ministriň çalşyljakdygyny aýdýarlar. Emma Azatlyga muny başga çeşmelere tassyklatmak başartmansoň, redaksiýa bu maglumatlary çap etmekden saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG