Howa gyzýar. Pukara ýaşulular, garry eneler 'tomusdan sag-aman çykmagy' gaýgy edýär

Bezeg suraty

Türkmenistanda bu ýyl howa öňki ýyllara garanda hem ir gyzyp başlady we, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýaşuly adamlaryň birnäçesi ýurtdaky ykdysady şertleriň gowulanmazlygy bilen, bu tomusda hem özüne, agzyna we saglygyna gowy seredip bilmeýän gartaşan adamlara garaşýan synaglardan alada bildirdi. Emma ýurtdaky ýaşuly adamlaryň tomus aýlarynda, ýetde-gütde durmuş, yssy howa bilen bagly görýän kynçylyklary türkmen metbugatynda-da, hökümet mejlislerinde-de agzalmaýar. Şu aralykda, ýerli žurnalistiň Azatlyga iberen hatynda aýdylmagyna görä, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 20-nji aprelde täze saýlanan deputatlaryň öňünde sözlän sözüni diňlän ýaşulularyň käbiri has-da lapykeç boldy. "Adamlar ýurtda ömrüň ortaça uzaklygynyň resmi görkezijilere garanda has peselen bolmagyndan alada galýarlar" diýip, bu aladany radionyň 60 ýaşyndaky anonim söhbetdeşi hem tassyk etdi. "Ozal adamlar gyşdan sag-aman çykmagyň aladasyny ederdiler, indi tomusdan çykmagyň gaýgysyny edýärler" diýip, ol aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, BMG-niň maglumatyna görä, Türkmenistanda ömrüň garaşylýan ortaça uzaklygy 69 ýaşa golaý (68,63 ýyl). BSG-niň 2020-nji ýylda çap eden soňky maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ömrüň dowamlylygy ýa-da ortaça uzaklygy 2000-nji ýylda 63,3 bolan bolsa, 2019-njy ýylda 69,7 boldy.

"2018-nji ýylda Türkmenistanda Adam ösüşiniň indeksi (AÖI) 0,710 deň boldy. ...Soňky ýigrimi ýylda ...ömrüň garaşylýan ortaça uzaklygy 5,3 ýyl, ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki girdeji (JIG) bolsa iki esse ýokarlandy" diýip, resmi görkezijilerde aýdylýar. Emma synçylar bu sanlaryň ýurtdaky reallyklara gabat gelmeýändigini, Türkmenistandaky durmuş şertleriniň barha agyrlaşýandygyny, ilatyň ýyl-ýyldan garyp düşýändigini öňe sürýärler.

Ýatlatsak, Lancet toparynyň mundan on ýyl öň taýýarlanan hasabatynda aýdylmagyna görä, 1990-njy ýyllarda GDA döwletlerinde ömrüň ortaça uzaklygy göz-görtele pese gaçyp, käbir ýurtlar Sowet Soýuzy synmazyndan öňki derejäni saklamak tagallasyny etmeli boldy. Synçylaryň käbiri Türkmenistanda ýaşuly adamlaryň saglygyna seretdirmek mümkinçiliginiň sowet ýyllaryndakydan hem azalandygyny öňe sürýär.

Degişli maglumat Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme köpelýär

Azatlyga hat ýazan ýerli žurnalist hem, daşary ýurtlara çykan türkmenistanly hünärmenler hem Aşgabadyň halkara guramalaryna berýän sanlaryny uly sorag astyna alýarlar. Şu aralykda twitterde Aşgabadyň halkara guramalaryna berýän sanlaryna görä, Türkmenistanda ýaş üstünden ölýän eneleriň sanynyň Şwesiýadaky (100 müň enäniň içinde bäşisi) ýaly azdygyny, türkmen lukmanlarynyň enelere kömek etmekde Şweýsariýa, Täze Zelandiýa, Lýuksemburg ýaly juda ösen saglyk ulgamy bolan ýurtlaryň lukmanlaryndan hem öňe geçendigini ‘bellänler’ hem boldy.

Şeýle-de, synçylar Türkmenistanyň, Demirgazyk Koreýadan hem ozduryp, häli-häzire çenli hem COVID-19 näsaglygyndan ýogalan adamlary resmi taýdan tassyklamadyk ýurt bolup galandygyny belleýärler.

Halk maslahatynyň başlygynyň deputatlaryň öňünde sözlän sözüni diňlän ýerli žurnalist “G.Berdimuhamedowyň eden çykyşyndan soň bir täzelik bolar ýa-da ýakyn geljekde Türkmenistanda ýaşaýyş, durmuş şertleri gowulanar” diýip ynanmaýandygyny aýdýar. Ol öz ynamsyzlygynyň sebäbini bu sözlenen sözi bäş ýyl mundan öňem diňländigi, şondan bäri ýaşaýyş, durmuş şertleriniň gowulaşmandygy, şol bir ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, parahorlugyň we korrupsiýanyň dowam edýändigi bilen düşündirýär.

Ýerli žurnalistiň bu delili bilen beýleki synçylar, şol sanda ýaşuly syýasatçy, Türkmenistandaky, Türkiýedäki we Ýewropa ýurtlaryndaky durmuş şertlerini gören we deňeşdirmek mümkinçiligi bolan ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamow hem ylalaşýar.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanda ýokary ýolbaşçy derejesinde edilýän çykyşlarda, berilýän wadalarda aýdylýan gowy zatlaryň 5%-i hem amala aşmaýar.

“Bu edilýän çykyşlar bimany, şol bir zatlar gaýtalanýar. Prezident wagtynda-da şu gepleri aýdýardy, Halk maslahatynyň başlygy bolanyndan soňam şol bir gepi aýdýar” diýip, ýerli žurnalist Berdimuhamedowyň şol bir sözleri ýat tutup, boş wadalary gaýtalap ýörmegine ýaşuly adamlaryň gaty geň galýandygyny belleýär.

Degişli maglumat Aşgabatda Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi

1990-njy ýyllaryň başynda garaşsyz ýurt bolan Türkmenistanda durmuş, ýaşaýyş şertleriniň sowet döwründäkä garanda has ösmegine, durmuş goraglylygynyň, hususan-da çagalaryň, eneleriň we gartaşan adamlaryň saglyk üpjünçiliginiň has gowulanmagyna umyt baglandy. Emma ýurduň şol wagtky prezidenti dilde Türkmenistany ikinji Kuweýte öwürmek wadasyny berip, iş ýüzünde saglyk edaralaryna goýberilýän çykdajylary kemeltmegiň, lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň iş orunlaryny azaltmagyň aladasyny etdi.

Şol döwürde saglyk ministri bolan we guş dümewini getirjek guşlaryň ýurda gelmegine ýol berilmejekdigini wada beren Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, saglyk desgalaryna we enjamlaryna milliardlarça dollar döwlet serişdelerini harçlamak bilen bir hatarda, COVID-19 pandemiýasyndan öň Türkmenistandan daşary ýurtlara gidýän saglyk syýahatçylarynyň iň köpelen döwrüniň prezidenti boldy diýip, synçylar aýdýar.

Azatlygyň habarçylarynyň özlerine elýeterli bolan statistiki maglumatlara salgylanyp ýazmaklaryna görä, Türkmenistanda adam ömrüniň uzaklygy ýurt garaşsyzlygy alnaly bäri, resmi maglumatlara görä, 69 ýaşa golaý bolmagynda galýar we bu çyn bolanda hem ömür dowamlylygynyň uzalmagy üçin hakykatda, iş ýüzünde hiç bir netijeli işiň edilmeýändigini ýa-da edilýän işlerden garaşylýan netijäniň alynmaýandygyny aňladýar.

Habarçymyz Türkmenistanda erkekleriň aýallara garanda az ýaşaýandygyny belleýär we, onuň söhbetdeş bolan bir ýaşulusynyň pikiriçe, erkekleriň öz aýallaryndan az ýaşamagynyň, ir ýogalmagynyň sebäbi durmuşdaky kynçylyklar we erkek adamyň gerdenine düşýän agyr ýük bilen bagly.

Degişli maglumat Iýmelimi ýa-da derman almaly? Türkmen pensionerleri krizisde gün görmäge synanyşýarlar

“Maşgalada näme problema bolsa, erkek şol problemany çözjek bolup alada edýär, nerwniçit edýär, nerw adam saglygyna uly zyýan ýetirýär” diýip, Azatlygyň habarçysynyň söhbetdeşi aýtdy.

Ýöne Türkmenistanda durmuş, ýaşaýyş kynçylyklarynyň erkeklere garanda, aýal adamlaryň saglygyna has kän zyýan ýetirýändigini, ýurtdaky syýasy-ykdysady kynçylyklaryň, sosial meseleleriň ozaly aýallara we gyzlara agyr ruhy we fiziki zarba urýandygyny aýdýanlar hem bar.

Şeýle-de, habarçylarymyz bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan iki ýaşaýjy, goňşy ýurt bilen deňeşdirilende, nebit-gaz baýlygynyň we beýleki mümkinçilikleriniň has köpdügine, ilatynyň ençeme esse azdygyna garamazdan, Türkmenistandaky ömür dowamlylygynyň Özbegistandaka garanda pesdigini we munuň sebäbini özbek häkimiýetleriniň öz ilatynyň saglyk ýagdaýy, iş şertleri barada türkmen häkimiýetlerine garanda gowy alada etmegi bilen düşündirdi.

Anonimlik şertinde gürleşen ýasaýjylaryň köpüsiniň pikiriçe, Türkmenistanda adamlaryň az ýaşamagynyň sebäpleri birnäçe faktora bagly bolup, olaryň birinjisi ilata edilýän saglyk hyzmatlarynyň derejesiniň pes bolmagy bilen bagly.

“Türkmenistanda ilkinji nobatda medisina has pes derejede, ýaşuly adamlara gowy we doly derejede medisina hyzmatlary edilmeýär” diýip, habarçy bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen ýaşuly aýtdy. “Eger ýaşyly näsag hassahana barsa, oňa ýaş näsaga garanda has az üns berilýär, ‘Ýaşajak ýaşyny ýaşapdyr’ diýip, lukmanlar ýaşuly hassa sowuk-sala seredýärler” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistanda adamlaryň gowy we uzak ýaşap bilmezliginiň ikinji faktory, söhbetdeşlerimiziň köpüsiniň pikiriçe, maşgaladaky şertler we medeniýet bilen bagly.

“Köp maşgalada ýaşyly adamlara, garran enelere, atalara, babalara, mamalara az üns berilýär. Eger maşgala uly bolsa, maşgaladaky çagalaryň problemalary ýetik bolup, maşgalabaşynyň gartaşan ene-atasyna kän eli ýetmeýär” diýip, söhbetdeşlerimiziň biri bu ýagdaýyň köplenç maşgalanyň ululygyna ýa kiçiligine baglydygyny aýtdy.

Emma beýleki bir söhbetdeşimiz türkmen maşgalasynda umuman adam garrap başlasa, oňa berilýän ünsüň has azalýandygyny öňe sürdi.

“O pahyrlar pensiýa pullary bilen gün görýärler, çagalary gowy seretmeýär, bu göwni ýukalan gartaň adamlara ýokuş degýär” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Degişli maglumat Hindistanda ýogalan türkmen saglyk syýahatçylarynyň jesetlerini watanyna getirmek 'kyn'

Türkmenistanly ýaşulularyň, gartaşan adamlaryň ýagdaýyny kynlaşdyrýan ýene bir faktor bolsa ykdysady kynçylyklar bilen bagly diýip, Azatlygyň habarçylary aýdýar.

“Saglyk agyzdan” diýilýär, ýaşy bir çene baran adamlaryň saglygyna, ýagny agzyna seretmegi gerek” diýip, sebitleriň birindäki habarçymyz etraplarda we oba ýerlerinde ýaşaýan ýaşuly adamlaryň, maşgalasy gurply bolmasa, gowy naharlanyp, özüne seredip bilmeýändigini, bu ýagdaýlaryň olaryň 80-90 ýaşa ýetmeginiň öňüni alýandygyny belledi.

Türkmenistanda ýaşaýan ilatyň sany, çagalaryň arasyndaky ölüm derejesi, eneleriň ýaş üstünden ölmegi we ömrüň ortaça uzaklygy, biwagt ölüme sebäp bolýan ýagdaýlar barada garaşsyz barlag geçirmek ýa-da ygtybarly diýip boljak resmi maglumat almak mümkinçiligi ýok. Şol bir wagtda, ýurtdaky howa şertleriniň ýaramazlaşmagy, howanyň öňki ýyllara garanda hem gyzmagy we tot-tozanly günleriň köpelmegi 50-60 ýaşyna ýetip-ýetmän saglyk meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan adamlary gaty alada goýýar diýip, habarçylar aýdýar.

Tomus aýlarynda diňe ýaşulular däl, ýaşlar hem sowadyjy gurallaryň hyzmatyna mätäç bolýar, ýöne mesele diňe sowadyjy edinmekde hem däl diýip, ýasaýjylar tomusda toguň peselýändigini we bu ýagdaýyň käte adam ölümine hem sebäp bolýandygyny habar berýärler.

Azatlygyň habarçysy Türkmenistanda iýun, iýul we awgust aýlarynda ölýän adamlaryň sanynyň beýleki aýlar bilen deňeşdirilende has kän bolýandygyny aýdýar.

“Bu aýlar has yssy bolýar, gartaşan, üstesine saglyk meselesi bolan adamlar kondisoneriň aşagyndan çykman ýatmaly, emma tok peselse ýa kesilse, sowadyjy işlemeýär” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ýaşuly adamlaryň köpüsi gan basyşy ýokarlanyp, ‘insultdan’ ölýär, süýji keselinden kösenýän hem kän, emma köp adam wagtynda lukmalara ýüz tutmaýar, munuň bir sebäbi bir tarapdan ‘milli ýaýdanjaňlyk’ bolsa, ikinji tarapdan, saglyk hyzmatlarynyň bahasy bilen bagly.

“Zerur saglyk hyzmatlaryny almak üçin köp pul gerek. Dermanlar gymmat. Bir kurs bejergi almak üçin azyndan 2 müň manat harajat çykarmaly, 1 müň manat pensiýaňy iýjek-içjegiňe ýetirjekmi ýa hassahana çykdajylaryna, dermanlara berjekmi? Özüňden bolan çagalaryň hem saňa seretmeýär” diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen pensioner bu ýagdaýyň adamlary “Eý boldy, ýaşajagymy ýaşadym, ölsem-de öýde öleýin” diýen netijä getirýändigini gürrüň berdi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

N.Hanamow: Türkmen ýasulularynyn ýagdaýy kyn