Türkmenistan üç ýyldan soň, saglyk syýahatçylygy babatynda türkmenleriň arasynda uly meşgurlyga eýe bolan, Hindistan ugry boýunça dowamly uçar gatnawlaryny dikeltdi. Şol bir wagtda, çäklendirmeler wagty Hindistanda ýogalan türkmenleriň garyndaşlary merhumlaryny watanyna getirmekde henizem kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Türkmenistanyň hökümeti koronawirus pandemiýasynyň arasynda 2020-nji ýylda ýatyran halkara uçar gatnawlaryny tapgyrlaýyn dikeldip, martyň aýagynda Deli ugry boýunça hem yzygiderli uçar gatnawlaryny ýola goýdy. Hepdäniň dowamynda bir gezek, ýekşenbe güni amala aşyrylýan uçaryň biletiniň bahasy 5532.7 manat möçberinde kesgitlendi.
“Saglyk bejergisini almak üçin Hindistana gitmäge synanyşýan raýatlar bu günorta-gündogar aziýa döwletine dowamly uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagyna köpden bäri garaşýardylar. Olaryň arasynda esasan düwnük we bagyr näsazlyklaryndan ejir çekýänler agdyklyk edýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz gürrüň berdi.
Ol Hindistanyň saglyk syýahatçylygy babatynda türkmenleriň arasyndaky meşhurlygyny bu ýurtda saglyk hyzmatlarynyň bahalarynyň Türkmenistandaky bahalar bilen deňeşdirilende pes bolmagy we saglyk bejergisiniň hiliniň ýokary bolmagy bilen düşündirdi.
Galyberse-de, pandemiýa çäklendirmeleri wagty hem zerur bejergä mätäç türkmenistanlylaryň ençemesi goňşy döwletleriň, hususanda Özbegistanyň üsti bilen Hindistana aşmagy başarypdy. Şol pursat, bu usul bilen Delä aşmak üçin ýol çykdajylarynyň 600 dollara çenli golaýlaýandygy bellenipdi.
Bu aralykda, pandemiýa çäklendirmeleri wagty Hindistanda ýogalan türkmenistanlylaryň garyndaşlary, yzygiderli uçar gatnawlary ýola goýulsa-da, merhumlaryny watanyna getirip bilmän kösenýärler.
“Tanyşymyň ýakyn hossarlarynyň biri geçen ýyl Daşkendiň üsti bilen Delä geldi. Ýöne bejergi kömek etmedi we ol ýogaldy. Şol pursat, Türkmenistan bilen göni gatnawyň bolmandygy sebäpli, ony watanyna ugradyp bolmady. Netijede, ýerli düzgünlere görä, onuň jesedi ýakyldy. Merhumyň Delidäki hossarlary ‘soňra dogduk obasynda ýere bereris diýip’ onuň külüni toplap aldylar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.
Emma merhumyň ýakyny Delide “Türkmenistan” awia kompaniýasynyň uçaryna münjek bolanda, oňa içerki düzgünlere salgylanyp, jesediň külüni uçaryň bortuna geçirmäge rugsat berilmedi.
Mundan soň, ol Hindistandan Türkiýä uçup, şol ýerden hem ýük daşaýan kargo kärhanalary arkaly jesediň külüni Türkmenistana ibermek kararyna geldi.
“[Deliden] Stambula çenli çykdajylar 850 dollar çemesine golaýlady. Emma öňünden habarlaşylan kargo şirketleriniň hiç biri adamyň külüni kabul edip bilmejekdiklerini aýtdylar. Şol sebäpli, tanyşymyň ýogalan hossarynyň küli hem ýat ýurtda galmaly boldy. Ol bu ýagdaýlara duçar bolan özi ýaly başga-da ençeme türkmenistanlyny bilýändigini hem sözüne goşdy” diýip, çeşmämiz belledi.
Türkmenistanda soňky onýyllyklaryň dowamynda lukmançylyk hyzmatlarynyň gymmatlygy we hyzmatlaryň hiliniň pesligi ýurduň raýatlaryny saglygyny bejertmek üçin Hindistan, Türkiýe we Russiýa ýaly beýleki ýurtlara gitmäge mejbur etdi.
2020-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň hökümeti koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly daşarky dünýä bilen ýolagçy uçar gatnawyny düýbünden kesdi. Ýurduň müňlerçe raýaty, şol sanda ýurt daşynda bejergi alýanlar, öýlerine dolanmak mümkinçiligi doly ýitirip, ýat ýurtda galdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum