Ýylda millionlap bag ekýän ýurt alma importynda ösýär, ýaşaýjylar tot-tozanyň köpelmeginden alada galýar

Bezeg suraty

“Türkmenistan Altyn asyr” saýty 18-nji aprelde, Azatlygyň habarçylarynyň aşa yssydan soň gelen sowuk howanyň miweli agaçlara we beýleki ekinlere ýetiren zyýany barada beren habarlarynyň yz ýanyndan, Türkmenistandaky salkyn howanyň ornuna ýene-de yssy howanyň geljekdigini habar berdi. Emma resmi habar serişdeleri, adatça bolşy ýaly, howanyň birden gyzyp, birden sowamagynyň daýhanlaryň, maldarlaryň işine we durmuşyna, aljak girdejilerine ýetirip biljek täsiri hakynda maglumat bermekden saklandylar. Şu aralykda soňky ýyllarda importy azaldyp, eksport edilýän önümleri köp öndürýändigini aýdýan we ýylda millionlarça düýp agaç nahallaryny, şol sanda miweli baglary oturdýan Türkmenistanyň daşary ýurtlardan alma import etmekde 'gowy' ösüş gazanandygy mälim boldy.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat Türkmenistanda hepdäniň başynda başlanan salkyn howanyň ornuna dynç günlerinde ýene yssy howanyň geljekdigini “buşlady”.

“Şenbede we ýekşenbede howanyň ortaça temperaturasy +35oC derejä ýeter” diýip, “Türkmenistan Altyn asyr” howanyň bu hili kesgin üýtgemeleriniň sebäplerine aralaşmazdan aýtdy.

Türkmenistandaky howa şertleri, soňky ýyllarda gowuşýan maglumatlara görä, maldarlar we daýhanlar üçin barha kän kynçylyk döredýär we, ekerançylyk ýerleriniň onlarça ýyllaryň dowamynda arryklamagy, şorlamagy hasyllylygyň we ot-iým önümçiliginiň peselmegine, pagta, bugdaý hasylyna, miwe, gök-bakja ekinlerinden alynýan hasyllaryň möçberine, et-ýagyň, süýt-gatygyň mukdaryna uly täsir edýär diýip, synçylar aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň howa şertleri soňky ýyllarda kesgin üýtgeýär we muny görmezlik, bilmezlik, üstesine bu barada oýlanmazlyk asla mümkin däl.

Aslynda hem gurak howaly, yssy ýurt bolansoň, ýalynly, epgekli howanyň uzaga çekmegi kä ýyllar obalardaky garry, näsag ýa-da durmuş ýagdaýy pes adamlaryň, şol sanda ýaş çagalaryň, eneleriň ýüzlerçesiniň ölümine sebäp bolýar. Emma bu ýagdaý baradaky statistiki maglumatlar ýa hasaba alynmaýar, ýa-da hasaba alnyp, hiç ýerde açyk çap edilmeýär. Ýöne habarçylar howadaky soňky üýtgemeleriň 2020-nji ýylda has gaty duýlup başlandygyny, raýatlaryň pikir edip bilýän böleginiň bu ýagdaýdan alada galyp, toýda, ýasda özara gürrüň edýändigini belleýärler.

Aýdylmagyna görä, 2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde turan güýçli harasat, 70 ýaşy arka atan aksakgallaryň aýtmaklaryna görä, olaryň ömrüniň dowamynda ilkinji gezek bolupdyr. Emma soňky ýyllarda bu hili ýel-harasatlar has ýygy-ýygydan gaýtalanyp başlady diýip, habarçymyz 13-nji we 14-nji aprel günleri iki sebitde bolan tozanly howanyň hasam geň görlendigini belledi.

Mary we Lebap sebitlerinde turan ýeliň yzyndan howa has ýaramaz boldy. Ýel ýatanyndan soň 12 sagat töweregi wagt howada goýy çaň, tozan saklandy. Adamlaryň ýüz-gözleri, gaşlary we kirpikleri, saçlary tozandan ap-ak bolup, kimiň kimdigini tanar ýaly bolmady. Ýel, tozanyň üstesine, şol günler aprel aýyna mahsus bolmadyk aşa yssy howa boldy. 13-nji aprelde öýlän sagat 16.00 töwereklerinde howanyň derejesi +39 gradusa çenli ýokarlandy diýip, habarçymyz aýtdy.

Degişli maglumat Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozan ýagýar

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen ýaşulular aprel aýynda munuň ýaly yssy howany hiç wagt görmändiklerini aýtdylar. Ýöne mundan öň, 2018-nji ýylyň maý we iýul aýlarynda howany çal duman gaplap, duz hem ýagypdy. Şonda ýurduň paýtagtyny gurşap alan çal duman tutuş bir gün saklandy we 29-njy maýda hem howa doly durlanyp bilmedi.

Ýerli synçylar şonda Aşgabady 1970-80-nji ýyllarda birnäçe gezek örten sarymtyl tozany ýatlap, häzirki ýaly çal tupany bu golaýda ilkinji gezek görýändiklerini aýdypdylar.

Emma, adatça bolşy ýaly, döwlet eýeçiligindäki metbugat maý aýynda bolan tebigy hadysa barada hiç bir düşündiriş bermedi. Azatlygyň çeşmeleriniň bu hadysa zerarly ekerançylyga we maldarçylyga ýeten zyýanlar baradaky maglumatlaryna garamazdan, ýurt ýapyk bolansoň, çekilen zyýanyň möçberlerini anyklamak hem başartmady.

Aşgabatda çal tozanyň we ýagşyň netijeleri arassalanýar

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar soňky tot-tozanyň ozaldan demgysmaly ýa başga bir näsaglygy bolan adamlara-da, sagdyn adamlara hem ýaramaz täsir edendigini aýtdylar. Olaryň pikiriçe, howadaky üýtgemeler sowetler döwründe bu sebitiň ýurtlarynda mümkin boldugyça köp ýere gowaça ekip, has kän pagta hasylyny almak üçin edilen tagallalaryň, suwuň we himiki dökünleriň aşa kän we bisarpa ulanylmagynyň, ýerleriň şorladylmagynyň netijesi bolup görünýär.

“Moskwadan berlen real däl planlary doldurjak bolup, merkezi aziýa döwletleri Amyderýanyň suwuny alan-aldy etdiler, ummasyz uly suw zaýaçylygyna, ýer zaýaçylygyna sebäp bolan Garagum kanaly guruldy, Aral kölüne barýan suw azalyp, tutuş bir köl gurady, häzirki bolýan ýel-harasatlar hem şol öňki ýalňyşyklaryň netijesi” diýip, 60-dan geçen bir ýaşaýjy öz pikirini aýtdy.

1980-nji ýyllaryň başynda Türkmen Döwlet uniwersitetini tamamlap, Özbegistanyň Temez diýen ýerinde, Owganystanyň bilen serhetde üç aýlap harby tälim okuwlaryna gatnaşan türkmenistanly edebiýatçynyň anonimlik şertinde aýtmagyna görä, häzirki ýel-harasat onuň şol wagtlar Termezde gören ýellerini ýatladýar.

“Termezde howa gaty yssy bolýar, günortanlaryna galyň harby çadyrlaryň içindäki demir krowatlaryň demri gyzyp, eliň bilen ellär ýaly bolmaýar, munuň üstesine wagtal-wagtal güýçli ýel turýar, bu ýele ‘afganes’, ýagny owgan ýeli diýýärler” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Radionyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen bir ýaşaýjynyň öz okan ylmy maglumatlaryna salgylanyp aýtmagyna görä, ýylyň dowamynda 365 gün çaň-tozanly howadan dem alyp ýaşan adamyň ömri örän gysga bolup biler. Şeýle-de, eger adam her ýylda 365 günläp arassa howadan dem alyp ýaşasa, onuň has uzak ýaşamak mümikinçiligi bar diýip, Azatlygyň söhbetdeşi öz pikirini paýlaşdy.

Degişli maglumat Ahalda turan harasat ilaty birnäçe sagatlap toksuz, suwsuz we gazsyz goýdy

Ýöne ol uzak ýaşamagyň syrynyň diňe arassa howa bagly däldigini, bu ýerde başga faktorlaryň hem bardygyny aýtdy we köp keseliň nerw bilen baglydygyny öňe sürdi. Söhbetdeşimiziň pikiriçe, Türkmenistanda howanyň hapalygyndan, adamlaryň her gün diýen ýaly tot-tozanly howadan dem almagyndan başga, gün-güzeran aladalary sebäpli, mydama diýen ýaly stresde, galagop ýagdaýda, gaýgy-alada içinde ýaşaýan adamlaryň saglygy tiz gowşaýar.

"Kimi görseň, nerwnçit edip ýörendir, hemme adamda problema bar, problemasyz adam ýok, mysal üçin, meniň özümde-de problema ýetik... Meň ýaly müňlerçe adamda problema bar: kim çagasyny okuwa saljak, pul gerek, kim jaý edinjek, ýene pul gerek, kim normalny işe girjek, pul gerek, bular diňe problemalaryň 5 göterimi” diýip, habarçy bilen gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

“Diňe ýel, ýel we ýel, ýelsiz gün ýok... Owganystan tarapdan, günortadan güýçli şemal ösýär, onuň yzysüre howany çaň, tot-tozan gaplaýar, dem alar ýaly bolmaýar... Soňky aýlarda Gün şöhlesiniň magnit tupany hem güýçli täsir edýär, adamlar kellagyrydan ejir çekip, jöwrenip başlaýarlar” diýip, radio bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň ýene biri aýtdy.

Biri-birinden habarsyz, aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň köpüsi klimatyň görnetin üýtgändigi bilen ylalaşýar, şeýle-de olar soňky döwürdäki gurakçylyklaryň, howanyň aşa yssy ýa gaty sowuk bolmagynyň ilki bilen oba adamlaryna, maldarlara we daýhanlara, olaryň maşgalalaryna agyr zarba urýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistandaky we sebitdäki suw meselelerini ýakyndan synlaýan raýat aktiwisti, ozalky suw gurluşyk hünärmeni Nurmuhammet Hanamowyň Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, türkmen hökümeti “özüni we halky aldamakdan el çekip, howanyň kesgin üýtgemegi bilen baglylykda, ýer, suw we oba adamlarynyň durmuşy bilen bagly meselelere hakykatdanam dünýä tejribeleri esasynda çemeleşip başlamasa, adamlaryň durmuşynyň gelýän on ýylda has agyrlaşmagy hem mümkin”.

Şu aralykda “Eurasianet” neşiriniň dolandyryjy redaktory Deýwid Trilling hem merkezi aziýa ýurtlarynda ýer, toprak bilen bagly emele gelen garyplyga, mätäçlik meselesine nazar aýlady.

Onuň pikiriçe, onlarça ýyllyk monokultura, her ýyl diýen ýaly şol bir ýerlere şol bir ekinleriň ekilmegi zerarly, Merkezi Aziýadaky ekin we öri meýdanlarynyň öndürijiligi, ýagny hasyllylygy we ot-iým mümkinçiligi düýpli peseldi.

Degişli maglumat Aňzakda mallar gyrylýar, dag gerişlerindäki gar göçüşi zerarly müňlerçe goýun-geçi heläk boldy

Merkezi aziýa topraklary şu günki günde birnäçe onýyllyk öň öndürmäge şert döreden et-ýagyndan we süýt-gatygyndan has az azyk öndürmek mümkinçiligini berýär diýip, Trilling bu pikirini täzelikde geçirilen barlaglaryň netijeleri bilen delillendirýär. Ýapyk ýurt bolansoň, bu barlaglarda Türkmenistandaky ýagdaýlar öwrenilmändir.

Bonn uniwersitetiniň ylmy barlagçylary Alişer Mirzabaýew we onuň iki rus kärdeşi Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň öý-hojalyk sowalnamasynyň maglumatlaryny garyplyk bilen daşky gurşawyň erbetleşmeginiň arasyndaky berk arabaglanyşygy öwrenmek üçin ulandylar diýip, Trilling ýazýar.

Mirzabaýewiň hasaplamalaryna görä, ekinleriň hasyllylygynyň peselmegi, mallaryň öndürijiliginiň azalmagy, has kän döküniň we zähmetiň zerurlygy aslynda ýeriň düýpli zaýalanmagynyň alamatlary bolup, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine ýylda $6 milliard zeper ýetirýär.

Makalada aýdylmagyna görä, 1980-nji ýyllaryň başynda ýerleriň öndürijiligi häzirkisinden 4.8 esse köpdi. Arryklan, tapdan düşen ýerler we şorladylan ýerler, ekin ekmezden öň topragyň üst gatlagyndaky duzlary, şoruny ýuwmak üçin has kän suwuň ulanylmagyny talap edýär we bu ýagdaýlar soňky döwürde suwy aşa bisarpa ulanmakda tankytlanýan Türkmenistanyň hem suw hojalygyndaky kynçylyklary belli bir derejede boýun almagyna alyp geldi.

Ýöne bu boýun alyş, ozal Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi bolup işlän we bu ýurtlardaky oba hojalyk tejribelerini öwrenmegi ençeme ýyl bäri teklip edýän Hanamowyň sözleri bilen aýtsak, “öňki oba hojalyk reformalary ýaly, diňe kagyz ýüzünde galsa, oba adamlarynyň ýagdaýy hem, ýer-suw ýagdaýy hem gowulaşmaz”.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň ýolbaşçylary wagtal-wagtal dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky oba hojalyk tejribelerini, şol sanda suwy tygşytly we has netijeli peýdalanmagy öwrenmek meselelerini gozgaýarlar.

Bu 28-nji martda, türkmen prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýylyň ilçisi Ismail Haldiden ynanç hatyny kabul edende hem şeýle boldy. Döwlet baştutany ilçä Türkmenistanyň Ysraýylyň oba hojalyk senagaty bilen tanyşmakçydygyny, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, suwy duzdan saplamak boýunça soňky tehnologiýalar babatynda hyzmatdaşlyk etmekçidigini aýtdy.

Degişli maglumat 2020: Ak bugdaý-Bäherden aralygynda 5 mln, galan dört welaýatda 5 mln düýp bag ekiler

Şu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň “East Fruit” neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, importy azaldyp, eksporty artdyrýandygyny, azyk howpsuzlygyny üpjün edendigini aýdýan Türkmenistan soňky ýyllarda daşary ýurtlardan satyn alýan almasynyň mukdaryny has köpeltdi.

“East Fruit” neşiriniň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, Türkmenistan 2021-nji ýylda 41 tonna golaý alma import etdi, 2022-nji ýylda Aşgabadyň alma importy 20-22% ýokarlanyp, 50 tonna ýetdi.

“Bu Türkmenistany Braziliýa, Nigeriýa, Irlandiýa ýa-da Peru ýaly, almanyň iri regional importçylarynyň hatarynda goýýar” diýip, neşir ýazýar.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz döwründe birnäçe oba hojalyk özgertmesini yglan etdi we daşary ýurtlardan import edilýän, şol bir wagtda ýurtda öndürip boljak gök-bakja ekinleriniň, miweleriň altyn pul harçlap, daşardan getirilmegine berk garşy çykdy. Emma, ýylda millionlap agaç nahallarynyň, şol sanda miweli baglaryň ekilýändigi barada berilýän resmi habarlara garamazdan, ýurtda turýan ýel-tupanlaryň, harasatlaryň ýygjamlaşmagy we daşardan getirilýän almanyň mukdarynyň barha köpeldilmegi Aşgabatdaky hökümetiň yglan edýän özgertmeleriniň durmuşa geçirilişini we netijeliligini uly sorag astyna alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.