Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozan ýagýar


Daşoguz. 18-nji iýul, 2018 ý.
Daşoguz. 18-nji iýul, 2018 ý.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozan ýagýar, ýöne ozalky ýaly güýçli däl diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi 18-nji iýulda habar berdi.

Читайте также на русском

Aýdylmagyna görä, duzly tozan günüň birinji ýarymynda, sagat 11:30 töwereginde ýagyp başlapdyr. “Häzir sagat 16-a golaýlady, emma duzly tozanyň ýagmagy dowam edýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Daşoguz welaýatyna ýagan duz. 18-nji iýul, 2018 ý.
Daşoguz welaýatyna ýagan duz. 18-nji iýul, 2018 ý.

Şeýle-de ol tozanyň 27-nji maýdaky ýaly güýçli däldigini, häzir 250 metr çemesi aralygy görse bolýandygyny habar berdi.

Daşoguzda maý aýynyň aýagynda turan çal tupan 27-nji maýda, gije sagat ikilerde sekuntda 20 metr tizlikdäki ýel bilen başlanyp, bir günden – 28-nji maýa geçilýän gije Aşgabada baryp ýetdi.

Ýurduň paýtagtyny gurşap alan çal duman tutuş bir gün saklandy we 29-njy maýda hem howa doly durlanyp bilmedi.

Ýerli synçylar 1970-80-nji ýyllarda Aşgabady birnäçe gezek sarymtyl tozanyň gurşap alandygyny, emma häzirki çal tupanyň bu golýada ilkinji gezek bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmen mediasy maý aýynda bolan tebigy hadysa barada hiç bir düşündiriş bermedi. Azatlygyň çeşmeleri duzly tupanyň ekerançylyga we maldarçylyga uly zyýan ýetirendigini habar berdiler, emma ýurt ýapyk bolansoň, ol aýdylýan zyýanyň möçberlerini anyklamak başartmady.

Wideo: Daşoguzda maýyň aýagynda duzly tupan turupdy.

Daşogzy duzly apy-tupan gurşap aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

XS
SM
MD
LG